Aşgabatda çagalar babatda gumanitar çäreleriň geçirilmeginiň barşynda milli hyzmatdaşlaryň we ÝUNISEF-ň esasy borçlaryna bagyşlanan tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi. Maslahata ministrlikleriň we guramalaryň, Andrea Jeýmsiň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň giňişleýin wekilleri, ÝUNISEF-ň Merkezi we Gündogar ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebitleýin maksatnamasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
“Çagalar babatda ynsanperwer çäreleriň barşynda esasy borçlar” (ÇBB) ÝUNISEF-ň we onuň hyzmatdaşlarynyň çagalary gyzyklandyrmakda ynsanperwer çäreleriň esasy ýörelgesi bolup durýar. Bu ýörelge adam hukuklary babatda halkara hukuklarynyň kadalaryna, hususanda, çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýanyň kadalaryna (45 madda), çylşyrymly adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda bolsa halkara ynsanperwer hukuklarynyň kadalaryna daýanýar. ÇBB gyssagly derejede ynsanperwer çärelerini amala aşyrmagy reglamentleşdirýän global standartlara we kadalara esaslanýar. ÇBB hem içerki, hem halkara serişdelerini ugrukdurmak maksady bilen, hökümetleriň, ynsanperwer guramalaryň (şol sanda ÝUNISEF hem) we beýleki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýär.
Maslahatyň işiniň dowamynda öňa gatnaşyjylar ynsanperwer hereketlerde halkara ulgamy barada maglumatlar, global ynsanperwer gurluşyň çäklerinde we özgertmeler babatda hem-de klater çemelelşmede ÝUNISEF-ň nähili işleýändigi bilen tanyşdyryldy. Aýratyn mejlisler adatdan daşary ýagdaýlar döränden soňra ilkinji 24-48 sagadyň dowamynda we ilkinji hepdede çäreleri görmegiň esasy hereketler bilen tanyşdyrylmagyna bagyşlandy. Her bir mejlis ÇBB işçi toparlarda praktiki tabşyryklary amala aşyrmagy ara alyp maslahatlaşmagy we ýerine ýetirmegi, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara we ýurt derejesinde bar bolan çäreleri görmegiň we hereket etmegiň esasylaryny öz içine alýar. Maslahata gatnaşyjylar umumy mejlisde edilen işleriň jemini jemlediler. Olar bu maslahatyň Türkmenistanda milli hyzmatdaşlaryň we ÝUNISEF-ň adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan ýagdaýynda çäre görmegi güýçlenidmäge uly goşan goşandygyny bellediler.
- Döwlet guramalarynyň köp ugurly wekilýeti Türkmenistanyň hökümetiniň bu meseläni möhüm meseleleriň hatarynda goýýandygyna şaýatlyk edýär diýip, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilýetiniň ýolbaşçysy Oýunsaýhan Dendewnorow nygtady. – Biz esasy ünsi adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanperwer hereketlere jemledik. Sebäbi ynsanperwer ýörelgeler ÝUNISEF-ň wajyp ugry bolup durýar. Şeýle ýörelgeler adamkärçiligi, adalatlylygy we goşulyşmazlygy öz içine alýar. ÝUNISEF-ň ynsanperwer çäreleriniň barşynda çagalar babatda esasy borçlaryna laýyklykda milli hyzmatdaşlar bilen işleşýär. Biziň hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk hem berkitmek üçin çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine jogapkärçilikli hyzmat etmekden ybaratdyr.