Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 721
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Giorgi Karalaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwiliniň mähirli salamyny ýetirdi we gruzin tarapynyň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Jenap Giorgi Karalaşwili hormatly Prezidentimiziň başyny başlan hem-de ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen, bütin dünýäde döredijilikli daşary syýasy ugry bilen tanalýan Türkmenistanda Gruziýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öz gezeginde Gruziýanyň Prezidentine salam ýollap, jenap Giorgi Karalaşwilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Türkmen halkyny bu ýurduň halky bilen dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady we ulag ulgamlaryny hem-de beýleki pudaklaryň birnäçesini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Şunda gumanitar gatnaşyklary, bilim, ylym we medeniýet babatda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz we Gruziýanyň doly ygtyýarly wekili däbe öwrülen hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, häzirki ýagdaýlary we mümkinçilikleri nazara almak bilen, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli şertleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda gruzin ilçisi mähirli söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek, iki ýurduň we halkyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly aragatnaşyklary berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.