Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde bolgar wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Bu wekiliýet «Bolgariýa-Türkmenistan» dostluk toparynyň başlygy jenap Hamid Hamidiň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza geldi.
Oňyn, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça iki dostlukly ýurduň köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda özara pikir alşyldy.
Türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň durnukly ösýändigini, özara düşünişmek, ynanyşmak we açyklyk bilen häsiýetlenýändigini bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda gatnaşyklary has-da ilerletmegiň, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň derejesinde gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeli boljakdygyny nygtadylar.
Bolgar wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň ugurlary bilen hem tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryna, «Bolgariýa-Türkmenistan» dostluk toparynyň çäklerinde olaryň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda umumy bähbitlere gabat gelýän hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine özara ynam bildirildi.
Bolgar wekiliýeti Aşgabat şäherine saparynyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri bilen tanşarlar.