Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 891
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan wezipeleri we ilkinji nobatda, möhüm oba hojalyk çäreleriniň barşy, ýurdumyzda gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy bilen bagly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna hasabat bermek üçin ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere we binalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Esasan-da, ol Aşgabat şäheriniň etraplarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň häzirki döwrüň ösen talabyna laýyk derejede ösdürmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, esasan-da, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalarynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi.

Paýtagtymyzyň gurluşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek bilen baglanyşykly meseleler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň gurluşygynyň hilini, şeýle hem gurlup gutarylan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Türkmenistanyň Baştutany paýtagtyň dolandyryş düzümleriniň ählisinde işleriň netijeliligini güýçlendirmek barada görkezme berip, Aşgabadyň etraplarynyň häkimlerinden alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak bilen baglanyşykly ýörite işlenip taýýarlanylan meýilnamalaýyn işleri berk ýerine ýetirmegi talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitde galla oragynyň barşy bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şunuň bilen bir hatarda, welaýatda gowaçalara ideg etmek boýunça işler amala aşyrylýar. Hasabatyň çäklerinde welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler, şanly seneler mynasybetli dabaralaryň gerekli derejede taýýarlygynyň barşy, şeýle hem welaýatda bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habarlar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çärelere ünsi çekmek bilen, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek üçin möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesini ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz orakda ulanylýan däne ýygnaýjy kombaýnlaryň ulanylyşyny seljermegi tabşyryp, döwletimiziň mundan beýläk-de oba hojalyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, welaýatyň Derweze etrabynda (häkimi B.Mämmedow), Tejen etrabynda (häkimi O.Amandurdyýew) we Kaka etrabynda (häkimi D.Hezretgulyýew) ýetişdirilen galla hasylyny ýygnamak işleriniň pes depginlerde alnyp barylýandygyny belledi we häkimden bu işleri talabalaýyk guramagy berk talap etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyk derejedäki çäreleriň geçirilmelidigini, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, sebitiň maldarçylyk hojalyklarynyň ýagdaýy, welaýatyň çäklerinde gurulýan möhüm ähmiýetli desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, galla oragy möwsüminde işleýänleriň zähmetini guramak, olar üçin amatly şertleri hem-de gallaçylaryň medeniýetli dynç alşyny üpjün etmek hakynda degişli derejede iş alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Magtymguly etrabynda (häkimi A.Muhammedow) galla oragynyň depgininiň pesdigini aýtdy we bu etrapda orak möwsüminiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Welaýatda medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň käbirinde işleriň pes derejede alnyp barylýandygyny, welaýat häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasarynyň bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriniň guramaçylyk derejesiniň pesdigini belledi we onuň işine nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary B.Söýeşowa berk käýinç yglan edildi hem-de ýol beren kemçiliklerini gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.

Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewi çagyrdy. Ol gözegçilik edýän düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzda kanunçylygyň birkemsiz berjaý edilmegine gözegçiligi alyp barmak boýunça prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň üpjün edilmegine degişli gözegçiligi amala aşyrmak boýunça prokuratura edaralarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Baş prokurora Balkan welaýatynyň çäklerinde gurulýan desgalaryň ýagdaýyny seljermegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowy we «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň başlygy A.Gurbanowy çagyrdy.

Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem maddy-enjamlaýyn binýady berkitmek, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny tehnologik taýdan üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly energiýa serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan Türkmenistan üçin ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde durýan anyk wezipelere degip geçmek bilen, degişli ulgamda iri desgalaryň gurluşygynyň pes depginler bilen alnyp barylýandygyny aýtdy we uglewodorod çig malynyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini has-da artdyrmaga gönükdirilen ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz gurluşyk desgalarynda işleriň ýagdaýy barada durup geçmek bilen, wise-premýeriň gözegçilik edýän Balkan welaýatynda gurluşyk işleriniň depginleriniň pes derejede alnyp barylýandygy üçin tankydy bellikleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň düzümini ösdürmekde gurluşyk ulgamynyň möhüm ornuny belläp, şonuň bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamagy talap etdi.

«Türkmennebitgazgurlyşyk» döwlet konserniniň başlygy A.Gurbanow öz nobatynda ýolbaşçylyk edýän pudaklaýyn edarasynyň düzümine girýän kärhanalarda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet konserniniň garamagynda bolan desgalarda emele gelen ýagdaýa nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň pes depginlerde alnyp barylýandygy sebäpli bu edaranyň ýolbaşçysynyň adyna düýpli bellikleri aýdyp, ýol berlen kemçilikler gysga möhletde düzedilmese, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradow ýurdumyzyň bank edaralarynyň «Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde alyp barýan işleri hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň durnuklylygynyň we ösüşiniň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynyň netijeli işlemegine, şeýle hem halkara bazarynda eýeleýän ornunyň berkidilmegine bagly bolup durýandygyny belläp, bankyň ýolbaşçysynyň ünsüni bank edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine çekdi. Hususan-da, berlen karzlaryň maksatlaýyn ulanylmagyna, öz wagtynda gaýtarylmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz maliýe serişdeleriniň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmek, ýurdumyzyň edaralarynda we guramalarynda maliýe düzgün-tertibini berjaý etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim öz hasabatyny welaýatyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, esasan-da, obasenagat toplumynda wajyp möwsüm bolan galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada aýtmak bilen, häkim welaýatda desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleriň ýerine ýetirilişi hakynda hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, ýokary netijeleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belläp, welaýatyň zähmetkeşlerini zähmet ýeňşi bilen gutlady. Welaýatda galla oragyna girişilmegi bilen möwsümde ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň netijeli işledilmelidigini, şeýle hem gallaçylaryň önjeýli işlemegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady.

Welaýaty sazlaşykly ösdürmek, sebitde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi kemala getirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz bu ugurda bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda 23-nji iýunda Daşoguz welaýatynda badalga beriljek Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin göni aragatnaşyga welaýatyň häkimi bilen birlikde, şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Ýazmuhammedowany we A.Goçyýewi çagyrdy.

Ilki bilen Daşoguz welaýatynyň häkimi Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa ýurdumyzda giňden belleniljek Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp, Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny giňden wagyz edýän meýilleşdirilen çäreler hakynda habar berildi.

Soňra wise-premýer A.Goçyýew ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň işleri, şeýle hem gözegçilik edýän Daşoguz welaýatynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, wise-premýerleriň hem-de welaýat häkiminiň ünsüni bu medeni çäräniň ýurdumyzyň durmuşynda örän wajyp ähmiýetiniň bardygyna çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli çäre sebitiň we dürli yklymlaryň döwletleri bilen Türkmenistanyň medeni gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Umuman, Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň wekillerine sungatyň dürli görnüşlerinde öz zehin başarnyklaryny we ussatlyklaryny açyp görkezmäge, şeýle hem meýilleşdirilen çärelere dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşjak kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyna mümkinçilik döreder. Giň gerimli çäräniň milli ruhy medeni mirasy giňden beýan edýän ajaýyp, nurana baýramçylyga öwrülmelidigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz hepdeligiň dowamynda göz öňünde tutulýan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda öz çykyşyny galla oragynyň barşy we möwsüme dahylly ähli düzümleriň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakyndaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy hem-de olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň guramaçylykly geçirilmeginiň, welaýatyň galla meýdanlaryndan ýygnalan hasylyň göwnejaý derejede saklanmagynyň, obasenagat toplumynyň degişli düzümleriniň sazlaşykly işleriniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Birata etrabynda (häkimi B.Gapurow), Döwletli etrabynda (häkimi A.Begliýew) galla hasylyny ýygnamak işleriniň pes derejede alnyp barylýandygyny belledi we bu etraplarda galla oragynyň depginini güýçlendirmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmegini häkimden berk talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz gowaçalara ideg etmek işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hil derejesinde geçirilmegine aýratyn ünsi çekip, bu babatda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmalydygyny belledi. Sebitde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmegiň zerurdygyny, desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, galla oragynyň barşy, bu işde ulanylýan tehnikalaryň sany we olara hyzmat etmek boýunça ýöriteleşdirilen tehniki toparlaryň işiniň guralyşy barada hasabat berdi. Hasabat bermegiň barşynda welaýatda täze binalary gurmak, häkimligiň buýurmasy esasynda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, ýygnalan hasylyň bildirilýän talaplara laýyk derejede saklanylmalydygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatyň Baýramaly etrabynda (häkimiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji G.Atanow), Ýolöten etrabynda (häkimi A.Hojakow) we Murgap etrabynda (häkimi T.Myratlyýew) galla hasylyny ýygnamak işleriniň pes depginlerde alnyp barylýandygyny belledi we bu etraplarda galla oragynyň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda milli ykdysadyýetimiz üçin örän möhüm bolan pile öndürmek işiniň ýaramaz guralandygyny belläp, Mary welaýatynyň pile öndürmek boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmändigini aýtdy we munuň üçin häkime berk käýinç yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtyň özünde iş maslahatyna ýurdumyzyň dokma senagaty ministri S.Batyrowy çagyrdy. Ol häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sebitlerinde dokma senagaty üçin zerur çig mal bolan pile öndürilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin ministriň işine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, pudaga öňdebaryjy tejribeleriň, ylmyň ýokary gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy we «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy B.Hommakowy çagyrdy.

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan bugdaý oragy, şeýle-de gowaçalara ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler barada habar berdi. Şonuň ýaly-da, däne oragynda işledilýän oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümini döretmek bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky işleriň sazlaşykly ýola goýulmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Watanymyzyň ýer eýeleri oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny alyp, ýyl-ýyldan uly üstünlikleri gazanýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu ýylda hem ýurdumyzda bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bugdaý oragy möwsüminiň üstünlikli geçirilmegi hem-de gowaçalara ideg etmegiň meselelerini bellenen agrotehniki kadalarynyň berjaý edilişini gözegçilikde saklamak we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy şu günler ýetişdirilen galla hasylyny ýygnamakda oba hojalyk tehnikalarynyň ulanylyşy hem-de obasenagat toplumynyň hasabynda bar bolan oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde könelişen we ulanmaga ýaramsyz tehnikalary kärendeçilere tölegsiz bermek barada hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, babadaýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli isripsiz ýygnap almak üçin oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz we öndürijilikli işledilmegini ýola goýmagyň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde könelişen tehnikalary hasapdan öçürmek hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň täze tapgyryny satyn almak barada degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hemme sebitlerini kombaýnlar, traktorlar we beýleki döwrebap ulag serişdeleri hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, ýerlerde ýöriteleşdirilen dükanlary açmak meselesini öwrenmek barada tabşyryk berdi. Döwlet Baştutanymyz bu işe ýurdumyzyň telekeçilerini çekmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Satlykowyň we M.Artykowyň hasabatlary bilen dowam etdi. Olar gözegçilik edýän ulgamlarynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

Hususan-da, ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde görülýän anyk çäreler, Türkmenabat şäherinde gurulýan täze howa menziliniň hem-de Daşoguz şäherindäki howa menziliniň durkuny täzelemek boýunça, Lebap welaýatynda Amyderýanyň üstünde gurulýan demir ýol köprüsiniň gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. .

Gurluşyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Artykow döwlet Baştutanymyza ýolgurluşyk işlerini durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen Lebap welaýatynda Amyderýanyň üstünde gurulýan gara ýol köprüsiniň hem-de ýurdumyzda alnyp barylýan gara ýollaryň gurluşygy babatda amala aşyrylýan işleriň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, wise-premýerlere ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan howa menzilleriniň hem-de köprüleriň we ýollaryň gurluşygy babatda bellenilen ähli meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap, olaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmäge degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Artykowa ýurdumyzda giň gerime eýe bolan gara ýollaryň gurluşyk işleriniň barşy bilen ýerinde tanyşmak üçin iş saparyna gitmek barada tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, şonda gozgalan meseleleriň, aýratyn hem galla oragy möwsüminiň depginlerine we iri gurluşyk desgalarynda işleriň barşyna degişli meseleleriň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylara eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.