Ï Pekinde neşir edilýän “LOKWE” žurnaly Magtymguly hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pekinde neşir edilýän “LOKWE” žurnaly Magtymguly hakynda

view-icon 1011
>“LOKWE” žurnalynyň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany çapdan çykdy. Pekinde daşary ýurtlaryň ilçihanalary bilen medeniýet ulgamynda Halkara hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan neşir edilen bu žurnal türkmen edebiýatynyň taryhynda täze eýýamy açan, ony halk döredijiligi äheňlerinde we öz döwrüniň öňdebaryjy taglymlary bilen baýlaşdyran bütin dünýä meşhur beýik türkmen şahyrynyň döredijilik mirasynyň halkara ähmiýetiniň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy tebibi” atly makalasy bilen açylýar, onda türkmen halkynyň öz beýik nusgawy şahyryna çäksiz sarpasy, guwanjy we buýsanjy beýan edilýär. Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi milletimiziň durmuş filosofiýasyna, Watana, mähriban halka belent söýgüsiniň senasyna öwrüldi diýip, milli Liderimiz belleýär.

Nusgawy şahyryň eserlerinde onuň çäksiz zehini, haýran galdyryjy synçylygy, ummasyz akyl-paýhasy, ýalkymly kalby sazlaşykly utgaşýar. Şahyryň pelsepewi şygryýet eserleri ynsanperwerlik duýgusyna, agzybirlige çagyryşa ýugrulandyr. Akyldar şahyr yşky şygyrlaryna hem durmuş ähmiýetli äheň çaýmagy başarypdyr.


Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatyna dünýä meşhurlygyny getirip, adamzadyň şygryýet hazynasyna ägirt uly goşant boldy, Onuň şygyrlarynda beýan eden ynsanperwerlik garaýyşlary diňe bir ХVIII—ХIХ asyrlarda ýaşap geçen türkmenleriň durmuşyna däl-de, eýsem, beýleki Gündogar halklarynyň durmuşyna hem öz täsirini ýetirdi. Şonuň üçin hem Pyragynyň şahsyýeti häzirki günlerde hem dünýäniň köp ýurtlarynyň türkmen medeniýetini öwrenijileriniň, edebiýatçylarynyň, sungaty öwreniji alymlarynyň, ýazyjylarynyň we suratkeşleriniň ünsüni özüne çekip gelýär.

Häzirki wagtda, ençeme asyrlardan soň hem, Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýer ýüzüniň millionlarça okyjylarynyň kalbyny tolgundyryp gelýär. Sebäbi şahyryň eserlerinde umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary, ata Watana, öz halkyna çäksiz wepadarlyk, onuň dörediji güýjüne we röwşen geljegine bolan ynam öz beýanyny tapýar. Magtymgulynyň umyt-arzuwlary we ideýalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeler bilen sazlaşýar.

Žurnalyň sahypalarynda üç dilde – türkmen, rus we hytaý dillerinde Magtymguly Pyragynyň durmuş we döredijilik ýoly, onuň döredijilik mirasyny öwrenmegiň taryhy hakyndaky makalalar ýerleşdirilipdir, olarda şahyryň şygryýetine syn berilýär. Žurnalda beýik şahyryň goşgulary hem çap edilipdir, olarda türkmen halkynyň umyt-arzuwlary, pelsepewi garaýyşlary dolulygyna beýan edilýär.

Meşhur ýazyjylaryň, şahyrlaryň, alymlaryň beýik şahyryň döredijiligi hakyndaky göwrümli makalalary uly gyzyklanma döredýär. Olaryň hatarynda Çingiz Aýtmatowyň Magtymguly hakyndaky, rus şahyry M.Sinelnikowyň “Iki şahyr: Magtymguly Pyragy we onuň terjimeçisi Arseniý Tarkowskiý” makalalaryny we beýlekileri görkezmek bolar. Şeýle hem “Göwün howalanar ata çykanda”, “Halkym diýip gaýnap-joşdum”, “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň”, “Magtymguly Pyragynyň rus diline terjime edilen goşgulary” atly makalalar we Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Pekinde geçirilen dabaraly çärelere bagyşlanan beýleki makalalar okyjylaryň dykgatyna hödürlenýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy bilen şu ýyl beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilýär. Şol dabaralaryň çäklerinde beýik türkmen nusgawy şahyrlarynyň we akyldarlarynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge, olara degişli ylmy barlaglary çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni olaryň şahyrana we pelsepewi mirasyna çekmäge ýardam bermek maksady bilen, halkara ylmy maslahat geçirildi.

Žurnalda ýerleşdirilen fotosuratlar täze döwrüň ruhuny beýan edip, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny açyp görkezýär, suratlara ýörite düşündiriş berilýär.

“LOKWE” žurnalynyň Pekinde neşir edilen ýörite sany, gürrüňsiz suratda, Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň daşary ýurtly köp sanly muşdaklarynyň arasynda uly gyzyklanma döreder we netijeli halkara hyzmatdaşlygy hem-de dostluk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam berer.