Ï Türkmenistan — ÝUSAID: maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — ÝUSAID: maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 897
Türkmen paýtagtynda geçirilýän okuw maslahaty maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryny (NFSO) mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine bagyşlandy. Bu okuw maslahaty ABŞ-nyň halkara hyzmatdaşlyk baradaky agentligi (ÝUSAID) tarapyndan guraldy.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hem-de döwlet ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň esasy hünärmenleri gatnaşýarlar. Halkara bilermen hökmünde forumyň işine hanym Waleriýa Getman gatnaşýar. BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de ÝUSAID-iň dürli taslamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe ulgamy üçin usulyýet materiallaryny işläp taýýarlamak boýunça türkmen hünärmenleri bilen bilelikde işlemekde bilermeniň baý tejribesi bardyr.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan esasy halkara guramalar, şol sanda ÝUSAID bilen maliýe ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, maliýe hasabatlylygynyň döwrebap ulgamyny döretmek boýunça wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşýär. Munuň özi maliýe-ykdysady, býujet, maliýe-karz ulgamlarynda, şeýle hem ätiýaçlandyryş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Hepdäniň ahyryna çenli okuw maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar buhgalter hasabatlylygynyň standartlary boýunça halkara tejribe, maliýe hasabatlylygynyň dürli meseleleri bilen tanşarlar.