Ï Türkmenistan — Wengriýa: hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Wengriýa: hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açyp

view-icon 832
Şu gün — 18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa Respublikasyna resmi sapary başlanýar. Bu sapar wenger tarapynyň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Wengriýanyň Prezidenti Pal Şmitiň 2011-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistana bolan resmi sapary türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn itergi berdi. Taraplaryň ykrar etmegine görä, bu sapar iki dostlukly ýurduň özara gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze tapgyr üçin badalga boldy.

Ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygy Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleri bilen gatnaşyklarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek baradaky meýlini äşgär etdi. Şol saparyň çäklerinde birinji türkmen-wenger işewürler maslahaty hem geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji iýunda bolan mejlisinde milli Liderimiz ýokary derejede geçiriljek gepleşikler barada durup geçip, däp bolan dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda bu gepleşikleriň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady.

Şeýlelikde, Budapeştde geçiriljek ýokary derejedäki gepleşiklere bar bolan kuwwaty hem-de açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, iki ýurduň däp bolan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde baha bermek bolar.

Türkmenistanyň Ýewropanyň merkezinde ýerleşýän we Günbatar hem-de Gündogaryň arasyndaky baglanyşdyryjy merkez hasaplanýan ýurda gyzyklanma bildirmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Häzirki wagtda Wengriýa ýokary derejede ösen ýurtdur. Ol Ýewropanyň senagat taýdan kuwwatly döwletleriniň hataryna girýär.

Türkmen Lideriniň Wengriýa başlanýan sapary döwletara gatnaşyklary ösdürmäge täze kuwwatly itergi bermelidir, bilelikdäki işiň tejribesinden hem-de baý serişdeler we ykdysady kuwwatdan netijeli peýdalanylmagyny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň umumy çemeleşmelerini aýdyňlaşdyrmalydyr.

Geljekki gepleşikleriň möhüm meseleleriniň biri hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly bolar. Bu meselä uly gyzyklanma bildirilmegi Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod gorlary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazynyň iberilmegine gyzyklanmasynyň artýandygy bilen şertlendirilendir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirip, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewropa bazaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak pikirini öňe sürmek bilen, transmilli gaz geçirijilerini gurmak boýunça giň möçberli taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär. Şol taslamalar bolsa giň goldawa eýe bolýar. Taslamalara gatnaşjak ýurtlar üçin uly ykdysady peýda getirjek bu energetika köprüleriniň ählisi geljekde Ýewropanyň gazulag ulgamyna hem birikdirilip bilner.

Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň Prezidentleriniň — Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýanoş Aderiň duşuşygynyň möhüm meseleleriniň biri ýola goýlan söwda-ykdysady hem-de gumanitar ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglanyşykly bolar. Bu ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi köp ugurly döwletara gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam eder.

Milli Liderimiziň dostlukly ýurda sapary başlanmazdan ozal syýasy geňeşmeleriň çäklerinde uly taýýarlyk işleriniň geçirilendigini bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Wengriýanyň degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Olarda esasy ugurlaryň birnäçesinde däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen çäreler barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ozal habar berlişi ýaly, ýakyn ýyllar üçin Türkmenistanyň we Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan geljegi uly hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňeltmäge ýardam etjek möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekiler.