Ï Türkmenistan — Türkiýe: gurluşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — Türkiýe: gurluşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 867
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde açylan Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergi türkmen-türk işewür gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge niýetlenendir. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «MERIDÝEN» kompaniýasy bilen bilelikde gurady.

Soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan we kuwwatly itergä eýe bolan türkmen-türk ykdysady gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýan Türkiýäniň ýöriteleşdirilen gözden geçirilişi biziň ýurdumyzda yzygiderli guralýar. Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda geçirilýän sergiler gatnaşyklary öňe ilerletmegiň netijeli guralyna öwrüldi. Munuň özi iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.



Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň we ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen paýtagtynda geçirilýän sergä gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçiniň ýolbaşçylygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul, Ankara, Izmir, Merсin ýaly sebitlerinden işewürler topary Türkmenistana geldi.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylary gutlap we olara netijeli işlemegi arzuw edip, daşary ýurtlaryň gurluşyk kompaniýalary üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi, ulgama ägirt uly serişdeleriň goýberilmegi netijesinde bilelikdäki gurluşyk işleriniň gerimi barha giňelýär diýip belleýär. Senagat ähmiýetli iri desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, zawodlaryň we fabrikleriň yzygiderli gurulmagy Türkmenistanyň ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň oňyn görkezijisi bolup durýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda türkiýeli gurluşykçylaryň Aşgabatda şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky gurluşyklara, 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan we sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň bina edilmegine, Türkmenbaşynyň halkara deňiz menziliniň, Garabogaz şäherinde karbomid önümçiligi zawodynyň, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň birnäçe desgalarynyň gurluşygyna mynasyp goşandynyň bardygy bellenilýär.

Sergide ýaýbaňlandyrylan bölümler iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esaslaryna daýanýan hem-de özara gyzyklanmalary hasaba almak arkaly häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykan söwda-ykdysady gatnaşyklary aýdyň beýan edýär. Sergi köşgünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 120-ä golaýy öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Munuň özi hyzmatdaşlygyň derejesini aýdyň beýan edýär. Sergide Türkiýäniň «Civtas», «Elkay Kimiyasac Maddeler», «Basak Metal», «Panel Sistem», «Turab», «AFB Enerji», «Alkan Asya», «AWP Kent Ekipman», «Bahar Makina», «ALF Apen Plastik» ýaly kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Serginiň kaşaň bölümlerinde türkmen bazarynda işlemek boýunça oňyn tejribesi bolan we ilkinji gezek öz önümlerini hem-de işläp taýýarlamalaryny we özüniň ýeten derejesini hem-de mümkinçiliklerini görkezmäge çalyşýan kompaniýalaryň bardygyny bellemeli.



Mundan başga-da, sergide gurluşyk hem-de gurluşyk materiallary önümçiligi ulgamynda Türkiýäniň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurdumyzyň 40-a golaý ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem türkmen-türk bankynyň we Türkiýäniň daşary ykdysady gatnaşyklar komitetiniň önümleri öz orunlaryny tapypdyr.

Gurluşyk materiallary senagaty ulgamynda we dürli maksatly binalaryň bezegleri üçin serişdeleriň önümçiliginde öňdäki orunlary eýeleýän Türkiýäniň önüm öndürijileriniň iň täze önümleri sergide görnükli orun eýeledi. Olarda önümçilik kärhanalarynyň, mekdepleriň, saglyk öýleriniň, edara binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň bezeg serişdeleri görkezilýär. Köp sanly sergä gatnaşyjylar önümleriň görnüşleri bilen gyzyklanma bildirip tanyşdylar. Munuň özi döwrebap penjereler we gapylardyr, gurluşyk kabelleri we sütünlik demirlerdir, jaýa düşelýän parket we laminatdyr, transformatorlar, suw soryjylar, santehnik enjamlary, bezeg serişdeleri we boýaglardyr.

Sergä gatnaşyjylaryň pikirine görä, ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gurluşyk ulgamynyň hünärmenleri we telekeçileri üçin Türkiýäniň kompaniýalarynyň ýeten derejeleri bilen tanyşmaga mümkinçiligi üpjün edýär. Şeýle hem ol täze buýrujylar hem-de hyzmatdaşlar üçin netijeli meýdança öwrüldi. Serginiň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň rowaç alýandygynyň, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Türkiýe Respublikasy bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň çuňlaşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýle hem ol halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini, gurluşyga iň öňdebaryjy we täze tehnologiýalaryň giňden çekilmegini şertlendirýär.


Serginiň çäklerinde türkiýeli hyzmatdaşlar türkmen kärdeşleri bilen gurluşyk materiallary senagatynda we gurluşyk enjamlary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin täze teklipleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Sergi ertir öz işini dowam eder.