Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Gyn Heniň Türkmenistana döwlet saparyna gabatlanyp geçirilen duşuşyga gatnaşmak üçin bu ýurduň söwda, senagat we energetika ministri — toparyň Günorta Koreýa tarapyndan başlygy jenap Ýun Sang Jikiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
Toparyň başlyklary duşuşygy açyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we söwda-ykdysady hem-de medeni-gumanitar ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösüş depgininiň soňky ýyllarda ýokary derejede saklanyp galýandygyny kanagatlanmak bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, nobatdaky mejlis Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň bähbidine ähli ugurlar boýunça giň möçberli gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen mejlisiň barşynda toparyň agzalary döwletara gatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, bilelikdäki türkmen-koreý Hökümetara toparynyň üçünji mejlisiniň maslahatlaryny durmuşa geçirmek meseleleri girizildi.
Mejlise gatnaşyjylar geçen döwürde möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigini bellemek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, gurluşyk pudagynda we oba hojalygynda açylýan täze mümkinçilikler babatda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtadylar. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bu pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýärler.
Koreýanyň wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýyny belläp, Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň okgunly ösýän türkmen bazarynda öz eýeleýän ornuny berkitmäge çalyşýandygyny aýtdylar. Häzirki wagtda bu ýerde milli we halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Mejlisde ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu toplumda, hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly nebiti we gazy gaýtadan işlemekde, ýokary hilli polimer we beýleki gazhimiýa önümlerini öndürmekde, nebithimiýa toplumy üçin işgärleri taýýarlamakda taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Energetika ulgamy hem netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän arassa çeşmelerini — ekologiýa taýdan arassa ýel we gün energiýasyny ulanmagyň giň mümkinçilikleri babatda teklip beýan edildi.
Mejlise gatnaşyjylar oba hojalyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdyp, öňdebaryjy usullary, şeýle hem obasenagat toplumynda täze tehnologiýalary ulanmak ulgamynda gazanylan üstünlikler hem-de tejribe alyşmak babatdaky maglumatlary alyşmagyň wajypdygyny nygtadylar.
Şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, koreý kompaniýalarynyň ulag ulgamyndaky, şeýle hem düzümleýin desgalary gurmak babatdaky iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.
Toparyň agzalary gumanitar ulgamda özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar. Türkmenistan hem, Koreýa Respublikasy hem täsin ruhy mirasa we maddy medeniýete eýedir, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna hem-de olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döredijilik toparlarynyň, şol sanda teatr, tans, folklor-etnografiýa we çeperçilik toparlarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem kinematografiýa we teatr sungaty ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Sport ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Hususan-da, duşuşyga gatnaşyjylar sport ulgamynda gatnaşyklary anyklaşdyryp, milli olimpiýa komitetleriniň, iki ýurduň sport federasiýalarynyň we jemgyýetleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny bellediler. Şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Toparyň mejlisiniň ahyrynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ýolbaşçysy myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gazanylan ylalaşyklaryň eýýäm ýakyn wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanjakdygyna hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şu günki duşuşyga gatnaşyjylar onuň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, mejlisiň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerini ep-esli giňeltmäge ýardam berjekdigini, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigini nygtadylar.
Hökümetara türkmen-koreý toparynyň bäşinji mejlisini 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýär.