Himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Ada Ýonat (Israil) we Eýiçi Negişi (Ýaponiýa) Ylymlar gününe bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen dabaralaryň myhmanlary boldular. Olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar, şeýle hem paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriň birnäçesinde bolmak bilen, talyplaryň we professordyr mugallymlaryň öňünde çykyş etdiler.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2009-njy ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýesi, israiliň alym-ktistallografy, doktor Ada Ýonat sapak bilen çykyş etdi.
- Mende – uly täsirler galdyran zatlar köp, diýip doktor Ada Ýonat gürrüň berýär – bu elbetde, Aşgabat şäheri, siziň şäheriňiziň owadanlygynyň meni haýran galdyrandygyny aýdasym gelýär. Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilen dabaralar örän haýran galdyryjy. Tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi hem-de tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi Türkmenistanda ylma, onuň ösdürilmegine nähili garalýandygyna düşünmäge şert döretdi. Men bu Merkeziň barlaghanalarynda geljekde işlejek türkmen kärdeşlerimiň gözlerindäki buýsançly duýgulayny gördüm. Ýogsa-da, biz eýýäm bilelikdäki gözlegleri geçirmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Mümkin, men hem bu ajaýyp tehnologiýalar merkezinde işläp bilerin. Meniň bu ýere gelmegimiň esasy maksady bolsa, kletka derejesinde keselleriň ösüşini saklap biljek antibiotikleri döretmeklikden ybaratdyr.
Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde bolsa, Nobel baýragynyň eýesi Eýiçi Negişi bilen bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary bilen duşuşyk geçirildi. Ylym dünýäsinde organiki molekulalaryň arhitektory diýen ada eýe bolan Eýiçi Negişi 2010-njy ýylda çylşyrymly molekulalary gurmak maksady bilen uglerodlaryň atomlarynyň biri-biri bilen birleşmeginiň has netijeli, täze ýollaryny işläp taýýarlandygy üçin bu ýokary baýraga mynasyp boldy. Bu reksiýalar organiki birleşmeleriň senagat taýdan döredilmegine ýol açmak bilen, bu günki gün dermen serişdeleri we elektronika önümçiliginde giňden ulanylýar.
Nobel baýragynyň eýesi bu ýokary okuw mekdbi bilen tanyşmak bilen, bu ýerde gören zatlarynyň, uniwersitetiň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmeginiň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.