Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda “Migrasiýa we raýatsyzlyk: meseleleri we indiki ädimleri anyklamak boýunça” halkara maslahat açyldy, bu maslahat Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guraldy.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde türkmen tarapy bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meselelere garamagyň möhümdigini belläp, Türkmenistanda şol meseleleri çözmek, hususan-da, şeýle adamlary raýatlyga kabul etmek boýunça oňyn tejribäniň toplanandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň şu möhüm ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara düzümleri bilen birlikde ýokary derejeli duşuşygy guramaga taýýardygy aýdyldy.
Türkmen tarapynyň bu başlangyjy tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ikelläp oňlanyldy. Şu maslahata 32 ýurduň resmi wekiliýetleriniň, abraýly halkara guramalarynyň 16-synyň, hökümete degişli bolmadyk düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem maslahata daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty açmak bilen, oňa gatnaşanlar şu maslahatyň maksadynyň migrasiýa degişli meseleleriň çözülmegine netijeli çemeleşmeleri kesgitlemekden ybaratdygyny bellediler. Çykyş edenler bu maslahatyň geçirilmeginiň şu ugra degişli wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözülmegine badalga berip, Merkezi Aziýa sebitinde, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we rowaçlygyň üpjün edilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ulgamyna doly hukukly goşulmak arkaly, ynsanperwerligiň, döwrebap hukuk jemgyýetiniň demokratik ösüşiniň ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýändigi bellenildi. Ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek, häzirki döwürdäki howplara garşy durmagyň meseleleri boýunça yzygiderli çözgütleri kabul etmek ýurdumyzyň halkara derejesinde beýleki döwletler bilen bilelikdäki işiniň esasy ugurlary bolup durýar. BMG-niň Tertirnamasynyň ýörelgelerine berk eýermek uzakmöhletleýin parahatçylygy we durnuklylygy gazanmagyň esasy ugry diýlip hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan şu ugra esaslanmak arkaly, dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara düzümleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry amala aşyrýar. Ýurdumyz dünýä syýasatyna degişli ileri tutulýan möhüm wezipeleriň çözülmegine işjeň gatnaşyp, hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär hem-de özüniň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen giň hyzmatdaşlyk edilmegini ugur edinýän döwletdigini görkezýär.
Türkmen döwleti ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyga halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde garaýar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde ýurdumyz ynsanperwer meseleleri 2015-nji ýyldan soňky döwürde aýratyn, özbaşdak ugur hökmünde BMG-niň halkara gün tertibine goşmak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Hususan-da, BMG-niň ynsanperwer meseleleri boýunça hereketleriniň binýadyny işläp taýýarlamak teklip edildi, munuň özi ynsanperwer ölçeglere görä halkara derejesindäki işiň syýasy-hukuk esasyna öwrülmelidir. Türkmenistan migrasiýa degişli meselelere, gaçybatalga berilmegine, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine şu ugurdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli ugurlary hökmünde garaýar.
Bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny, bosgunlara, we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meseleleriň milli hem-de halkara derejesinde çözülmegine işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Türkmenistan iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek, adamyň hukuklary boýunça esasy konwensiýalaryň we teswirnamalaryň birnäçesine goşulmak hem-de BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň agzasy bolmak arkaly ählumumy halkara ýagdaýlaryna strategiki derejede gatnaşýandygyny iş ýüzünde esaslandyrýar.
Ýurdumyzyň ynsanperwer meseleler boýunça goşulan esasy şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň arasyndan “Bosgunlar hakynda” BMG-niň Konwensiýasyny we degişli Teswirnamany, şeýle hem “Apatridleriň statusy hakynda” we “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” BMG-niň Konwensiýalaryny görkezmek bolar. Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hukuga degişli kadalary utgaşdyryp, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuk derejesini düzgünleşdirýän milli kanunçylygy ösdürýändigi bellenildi. 1997-nji ýylda “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Wagtyň geçmegi bilen, şu ugurdaky işde toplanan oňyn tejribe göz öňünde tutulyp, 2013-nji ýylda şuňa degişli täze kanunçylyk namasy täzeden işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.
Ýurdumyzda migrasiýa degişli meseleleriň milli derejede hukuk taýdan düzgünleşdirilmegiň möhümdigi göz öňünde tutulyp, “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2013-nji ýylda “Raýatlyk hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi, bu kanun BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň maslahatlary göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanyldy. Şu ýylda “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky kadalaşdyryjy-kanunçylyk namasy kabul edildi, onda ýurdumyzda ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar we bosgunlar üçin goşmaça kepillendirmeler göz öňünde tutulýar. Umuman alanyňda, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli kanunçylyga halkara hukuknamalarynyň esasy düzgünlerini girizmek boýunça uly işler geçirildi, şol işler Türkmenistanda bosgunlaryň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän hem-de olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegine ýardam berýär.
Maslahatda raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meseleleriň çözülmeginiň Türkmen döwletiniň halkara ynsanperwer guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeginde möhüm ugra öwrülendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýyldan bäri ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň wekilhanasy işleýär. Türkmenistan Migrasiýa baradaky halkara guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Köp ýyllaryň dowamynda şu düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek arkaly bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meseleleriň iş ýüzünde çözülmegine ýardam beren taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.
Türkmenistan ynsanperwer syýasaty ýöretmek arkaly, dürli sebäplere görä dogduk mekanlaryndan çykmaga mejbur bolan adamlaryň ikinji Watanyna öwrüldi. 2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adamyň meýletinlik esasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmeginiň muňa aýdyň subutnama bolup durýandygy bellenildi. Şolaryň 9500-e golaýy bosgunlardyr. Galyberse-de, 3000-den gowrak adama ýaşamaga hukuk berýän resminamalar berildi. Şeýle hem 2011-nji we 2013-nji ýyllarda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk 4000 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan halkara hukugynyň ählumumy kadalaryna hem-de türkmen halkynyň ynsanperwerlige we myhmansöýerlige esaslanýan gadymy milli däp-dessurlaryna eýermek arkaly, şol raýatlara ýaşamak üçin ähli şertler döredildi, hususan-da, bu adamlara ýaşaýyş jaýlary berildi we olar iş bilen üpjün edildi, oba ýerlerinde ýer bölünip berildi. Şeýle hem durmuşa degişli meseleler dolulygyna çözüldi. Şu ýylyň 21-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýene-de 786 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky Permana gol çekilmegi şu ugurda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Umuman alanyňda, bu çäreler halkara gumanitar hukuk boýunça kadalary iş ýüzünde amala aşyrmakda toplanan oňyn tejribe bolup durýar.
Şunuň bilen birlikde, “Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky” we “Apatridleriň statusy hakyndaky” Konwensiýalaryň kadalaryny berjaý etmek hem-de ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli hukuklardan peýdalanmagy üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda raýatlygy bolmadyk adamlaryň we bosgunyň şahsyýetnamalarynyň hem-de ulag arkaly geçmek boýunça resminamanyň, ýaşamak üçin berilýän goşmaça resminamanyň täze görnüşleri ulanylyp ugraldy, bular IСAO (Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň) standartlaryna laýyk gelýär, bular Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan berilýär. Bu resminamalaryň ählisi biometriki maglumatlardan ybarat bolup, goragyň birnäçe görnüşleri bilen üpjün edilendir.
Şeýle hem 2012-nji ýylda Aşgabada geçirilen “Musulman dünýäsindäki bosgunlar” atly halkara maslahatynda, ýörite mejlisiň barşynda ýurdumyzyň köpsanly myhmanlary bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary—apatridleri raýatlyga kabul etmek boýunça Türkmen döwletiniň tejribesi bilen tanyşdyryldy.
Forumyň barşynda çykyş eden Migrasiýa baradaky halkara guramanyň baş direktory jenap William Leýsi Swing, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň orunbasary Wolker Turk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu maslahatyň guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň belent maksatlara ýetmek üçin ynsanperwerlikli tagallalaryň birikdirilmegine gönükdirilendigini hem-de bosgunlaryň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça ýurtlaryň anyk hereketleriniň işlenip taýýarlanmagyna ýardam bermelidigini bellediler.
Halkara bileleşiginiň şu ugurdaky bilelikdäki hereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň ilkinji nobatda, häzirki döwürdäki wehimlere garşy durmagyň möhümligi bilen şertlendirilendigi bellenildi. Dünýädäki aýry-aýry sebitlerdäki syýasy durnuksyzlygy, döwletleriň ösüşiniň yzygiderli bolmazlygyny, maliýe-ykdysady çökgünlikleriň netijelerini şol wehimleriň hatarynda görkezmek bolar. Esasan, şular adamlaryň mejbury ýagdaýda migrasiýa ýüz urmagyna sebäp bolýar. Galyberse-de, ХХ asyryň ahyryndaky—ХХI asyryň başynda ýüze çykyp, dünýäde geosyýasy ýagdaýyň üýtgemegine öz täsirini ýetiren taryhy ýagdaýlar migrantlara, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meseleleriň möhüm ähmiýete eýe bolmagyna getirdi.
Bu ýagdaýy seljermek arkaly, şu meseläniň häzirki wagtda halkara syýasatyndaky esasy meseleleriň birine öwrülendigini bellemek bolar. Şunda diňe bir gumanitar ugur däl-de, syýasy we durmuş-ykdysady ugurlar boýunça möhüm ähmiýetli we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli ençeme ýagdaýlar jemlenýär. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýörite edaralarynyň we institutlarynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, beýleki abraýly düzümleriň aýgytlaýjy ähmiýeti has-da artýar.
Myhmanlar şu maslahatyň diňe bir migrasiýa däl-de, raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meselelere bagyşlanandygyny belläp, Türkmenistanyň ýöredýän syýasatyna ýokary baha berdiler hem-de oňyn tejribäniň beýleki döwletlerde-de ulanyljakdygyna ynam bildirdiler.
Foruma gatnaşyjylar Türkmen döwletiniň sebitde ilkinji bolup migrasiýa we raýatsyzlyga degişli meselelere içgin üns berip, muňa aýratyn ähmiýet berendigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de Türkmenistanyň amala aşyrýan ynsanperwer çäreleriniň şu ugurdaky halkara tejribäni artdyrmak bilen çäklenmän, tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan içgin üns berilýän ugra öwrülendigini aýtdylar. Ýurdumyzyň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň düýpgöter täze, netijeli usulyny döretdi, bu hyzmatdaşlyk bolsa kömege mätäç bolan migrantlaryň we bosgunlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna gönükdirilendir.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Türkmenistanyň migrasiýanyň meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşygy geçirmek baradaky başlangyjynyň ýerliklidigini belläp, şu foruma netijeli pikir alyşmak, şeýle hem şu ugurdaky ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine düýpli çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin oňaýly mümkinçilik hökmünde garalýandygyny bellediler. Foruma gatnaşyjylar şu maslahatyň netijeleriniň migrantlaryň, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň halkara derejesinde goralmagyny üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Maslahatyň işi umumy mejlisleriň barşynda esasy meseleleriň dördüsi: migrasiýa we ösüş, migrasiýa we saglygy goraýyş, migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlar, migrasiýa we adamlaryň söwdasy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Migrasiýa we raýatsyzlyk: meseleleri we indiki ädimleri anyklamak boýunça” halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.
Ýygnananlar bu çäräniň Türkmen döwletiniň ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly ýörelgelere ygrarlydygyny hem-de ynsanperwerlige degişli hukuk boýunça halkara borçnamalaryny we hususan-da, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky kadalary berjaý edýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrülendigini bellediler. Şu gün Türkmenistanyň raýatlary hökmünde pasportlary alan adamlar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meseleleriň çözülmegi, olaryň abadan durmuşy barada ähli şertleriň döredilmegine üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda metbugat maslahaty boldy.
Ertir maslahat öz işini dowam eder.