Ï Türkmenistanyň dünýäniň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň dünýäniň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlary

view-icon 723
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň hökümetiniň, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň we Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň (MHG) bilelikdäki tagallalary bilen guralan “Migrasiýa we raýatsyzlyk: meseleleri we indiki ädimleri anyklamak boýunça” halkara maslahat öz işini tamamlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan iri wekilçilikli maslahat dünýäniň 30-a golaý ýurdundan wekiliýetleri hem-de abraýly halkara guramalarynyň we döwlete dahylsyz düzümleriň 15-siniň wekillerini türkmen paýtagtyna ýygnady.

Maslahata gatnaşyjylaryň ünsi häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga, hususan-da, migrasiýa we raýatsyzlyk ýaly XXI asyryň giň möçberli meselelerine bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga çekildi.

Maslahata gatnaşyjylar 2013-nji ýylda bolan halkara migrasiýa hem-de ösüş meseleleri boýunça BMG-niň ýokary derejedäki dialogynyň çäklerinde şu mesele boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň we Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň öňüni almak hem-de azaltmak we raýatlygy ýok adamlary goramak boýunça 2009-njy ýylda Aşgabatda geçirilen sebit maslahatynyň netijelerine ýokary baha berip, migrasiýa meseleleri boýunça döwletara gatnaşygynda we hyzmatdaşlykda äşgär ösüşi bellediler.

Hususan-da, soňky ýyllarda raýatsyzlygy azaltmak we öňüni almak boýunça, şol sanda raýatlygy ýok adamlary hem-de raýatlygy kesgitli bolmadyk adamlary ýüze çykarmaga we bellige almaga, raýatlyk hakyndaky kanunçylygy özgertmäge, şeýle hem raýatlygy bermäge we tassyklamaga hem-de degişli resminamalary bermäge degişli bolan çäreleriň halkara iş tejribesi işjeňleşdi.

Şunuň bilen baglylykda, bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň hukuklaryny goramagy üpjün etmegi hem-de olara kömek bermegi maksat edinen möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş eden Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň işjeň garaýşy gyzyklanyp pikir alyşmagyň aýratyn meselesi boldy.

Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar raýatsyzlygy azaltmak we öňüni almak meselelerinde türkmen döwletiniň gazanan ähmiýetli üstünliklerini bellediler. Mysal üçin, 2011-nji ýylda Türkmenistan apatridleriň derejesi hakynda 1954-nji ýyldaky Konwensiýa, bir ýyldan soň — 2012-nji ýylda raýatsyzlygy azaltmak hakynda 1961-nji ýylyň Konwensiýasyna goşulan sebitde ilkinji ýurt boldy. Mälim bolşy ýaly, bu esasy resminamalar henize bu güne çenli raýatsyzlyk ýagdaýyndan netije çykarmak boýunça halkara hukuk tagallalary üçin esasy daýanç bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan şol konwensiýalara goşulandan soň “Raýatlyk hakyndaky” täze Kanuny hem kabul etdi, ol BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň maslahatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Şu ýyl ýurdumyzyň çäklerinde ýaşaýan raýatlygy ýok adamlar we bosgunlar üçin goşmaça kepillendirmeleri göz öňünde tutýan “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky kadalaşdyryjy-kanunçylyk namasy kabul edildi. Nygtalyp geçilişi ýaly, 2011-nji ýyldan 2014-nji ýyl aralygyndaky döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, bäş müňe golaý adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi. Ýakynda ýene-de 786 adam Türkmenistanyň raýatynyň pasportunyň bagtly eýeleri boldy. Olara pasportlary gowşurmak dabarasynyň şu maslahatyň ilkinji gününiň çäklerinde bolandygy guwançlydyr.

Bu abraýly düzüme agzalyga girilmäge we soňra halkara migrasiýa guramasy bilen kabul edilen bilelikdäki meýilnamalaryň bir ülňä getirilmegi Migrasiýa baradaky halkara guramasy bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim boldy.

Bu ýere ýygnananlar tutuşlygyna alnanda bu ugurda sebitiň ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan tarapyndan toplanan oňyn tejribäni öwrenmegiň möhümdigini belläp, bu wekilçilikli duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleri gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşmagyň adam hukuklarynyň kadalaryna hem-de milli, sebit we halkara derejesinde borçnamalara doly laýyklykda migrasiýany düzgünleşdirmek babatda doly möçberli syýasaty işläp taýýarlamagy hem-de soňra durmuşa geçirmegi maksat edinen täze kesgitleýji çäreleri we bilelikdäki tagallalary görmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň baş direktory jenap Uilýam Leýsi Swing daşary ýurtly wekiliýetleriň baştutanlaryna ýüzlenip, oňa gatnaşyjy döwletleri hemmeler üçin howpsuz hem-de düzgünleşdirilen migrasiýany gazanmak, ähli bosgunlaryň hukuklaryny goramak üçin ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ruhunda bilelikde işlemäge çagyrdy.

Iki günlük maslahatyň jemleri boýunça “Migrasiýa we raýatsyzlyk: meseleleri we indiki ädimleri anyklamak boýunça” halkara maslahatynyň bilelikdäki başlyklarynyň Beýannamasy kabul edildi.