Ï Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk pudagynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk pudagynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1217
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň Derweze etrabynyň çäginde gurlan täze maldarçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem senagat düzümini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala gelmegine, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge degişli meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy bilen, oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmäge, ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilen tagallalar pudagyň ýokary üstünliklere eýe bolmagyny şertlendirdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň ösüşinde ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Döwlet Baştutanymyzyň täze ykdysady strategiýasynda telekeçilik düzüminiň ösdürilmegine we oňa yzygiderli goldaw berilmegine gönükdirilen netijeli çäreler göz öňünde tutulandyr. Yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegini, onuň bazar ulgamynyň berkidilmegini, täze bäsdeşlige ukyply, şol sanda eksporty ugur edinýän önümçiligiň kemala getirilmegini, täze iş orunlarynyň emele gelmegini, diýmek, möhüm durmuş wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini şertlendirýär. Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karary kabul etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli düzümlere ýyllyk bäş göterim bilen on ýyllyk möhlete karz serişdelerini goýbermäge ygtyýar berildi. Önümçiligi bolan, hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelerde bir ýyla çenli serişde dolanyşygyny ýola goýmaga möhlet berilýär.

Şeýlelikde, hususy telekeçiligiň öňünde netijeli iş alyp barmak, oba hojalyk we azyk senagaty önümçiligini artdyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki döwürde Türkmenistanda et, süýt, ýumurtga we miwe-gök, bakja önümlerini öndürmekde hususy telekeçilige möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan senagatçylar we telekeçiler Türkmenistanyň azyk önümlerini daşarky bazarlara çykarmak bilen baglanyşykly wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelýärler.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen anyk tagallalaryň netijesinde ekerançylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk pudagy hem uly ösüşe eýe bolýar. Şunda gara mallaryň we dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, dürli görnüşli et we süýt önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipeler anyk kesgitlendi. Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň «Abadan» daýhan birleşiginiň çäginde gurlan «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň häzirki zaman maldarçylyk toplumy öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini ugur edinýär.

Säher bilen täze desganyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň hökümet agzalary, Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar. Döwrebap maldarçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýanlaryň hatarynda daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işewürleri bar. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular we din wekilleri hormatly Prezidentimize duz-çörek hödür etdiler. Bu ýerde mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde täze üstünlikleri gazanmagynyň hatyrasyna aýat-töwür okaldy.

Hormatly ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde milli Liderimiz olaryň gündelik durmuşy, iş-aladalary bilen gyzyklandy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obalary özgertmek, halk hojalygyny hil taýdan täze belentliklere çykarmak maksady bilen obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere gürrüňdeşligiň özenini düzdi. Hormatly ýaşulular halkyň bagtyýar we abadan durmuşy, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlygy ugrunda edýän aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýörite taýýarlanylan meýdançada ýaş artistleriň we döredijilik toparynyň gatnaşmagynda teatrlaşdyrylan tomaşalar ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýere ýygnananlary mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz toplumyň baş girelgesine bardy. Dabaraly pursat gelip ýetdi. Şanly waka gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, täze desga açyldy.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çägine girdi. Bu ýeriniň abadançylygy, arassaçylygy bada-bat gözüňe ilýär. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, dürli güller ekilipdir. Şeýle hem bu ýerde üzümiň täze görnüşleri oturdylypdyr.

Täze maldarçylyk toplumynyň önümçilik kuwwaty ýylda 2 müň tonna süýt we süýt önümlerine, şeýle hem 30 tonna et önümçiligine barabardyr. Ol dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hemmesi ekologiýa taýdan arassa bolmak bilen, ýokary hil derejesine laýyk gelýär.

Derweze etrabynyň «Abadan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän täze desganyň gurluşygy üçin 9 gektar ýer bölünip berildi. Şeýle hem onuň ygtyýarynda ot-iýmlik ekinlerini ýetişdirmek üçin 400 gektar meýdan bar. Onuň 308,5 gektaryna ýorunja, mekgejöwen we arpa ekildi. Aýratyn meýdanda bolsa hojalygyň geçileri üçin ot-iýmlik ekinler ýetişdirilýär.

Toplumda gara mallaryň 500-e golaýy, şol sanda «Holsteýn-türkmen» we «Monblýard» ýaly saýlama görnüşleri bar. Olaryň 200-si sagylýan sygyrlardyr. Sagylýan sygyrlaryň her biri günde 30-35 litr süýt berýär. Bu ýerde sygyrlaryň we göleleriň döwrebap saklanmagy üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Sagym işi häzirki zaman mehanizmleşdirilen sagym ulgamynyň kömegi bilen berjaý edilýär. Şeýle hem bu ýerde günde 5 tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen önümçilik bölümi hereket edýär. Geljekde onuň kuwwatyny 20-25 tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. Onda süýt önümleriniň 16 görnüşi öndürilýär. Toplumda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanada işleýär. Bu ýerde işleýänler üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Olaryň ygtyýarynda naharhana we degişli otaglar hereket edýär.

Maldarçylyk toplumynda 2 müň dowar, şol sanda geçiler saklanýar. Bu bölümde 32 sagym ulgamy bolup, olarda ýurdumyzda ilkinji gezek ulanylýan geçi sagýan enjamlar oturdylypdyr. Bu ýerde ýylda 300 tonna geçi süýdi işlenip taýýarlanylar. Geçileriň döwrebap saklanmagy üçin zootehniki kadalara we keselleriň öňüni alyş talaplaryna laýyk gelýän zerur şertler döredilipdir.

Şeýle hem maldarçylyk toplumynda tohum mallary ýetişdirmek üçin şertler üpjün edilipdir. Bu ýerde gara mallary «Holsteýn-türkmen» we «Montbelýarde» tohumynyň seçgi usuly boýunça köpeltmäge mümkinçilik bar. Täze toplumyň açylmagy bilen bu ýerde 100-e golaý iş orunlarynyň dörändigini bellemeli.

Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk toplumy bilen tanyşmaga geçileriň saklanýan fermasyndan başlady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy toplumyň hünärmen mähirli garşylap, bölümiň işi we mallary saklamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrdy. Toplumda «Zaanen» şweýsar tohumyndaky geçileriň 267-si bar. Şweýsariýanyň Zaanen jülgesiniň adyna eýe bolan bu geçiler süýt berýän mallaryň arasynda iň naýbaşylary hasaplanýar. Onuň süýdüniň ýokumlylyk derejesiniň ýokary bolmagy bu geçileriň bütin dünýä ýaýramagynyň esasy sebäbidir. Şunuň bilen baglylykda, «Zaanen» tohumdaky mallaryň islendik howa şertlerine ýeňil uýgunlaşýandygyny bellemeli.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçileriň sagylýan bölümine baryp gördi. Bu ýerde milli Liderimizi hünärmenler güler ýüz bilen garşyladylar. Olar döwlet Baştutanymyzy geçi sagmagyň usullary hem-de ulanylýan ýörite enjamlar bilen tanyşdyrdylar. «Zaanen» tohumyndaky geçiler ýokary süýt berijiligi bilen tapawutlanýar. Mälim bolşy ýaly, geçiniň süýdüniň bejerijilik ukyby ýokarydyr. Onda köpsanly biologik düzümler, şol sanda witaminler, aminokislotalar, adam süňňine zerur bolan beýleki mikroelementler bar. Geçi süýdi çagalar üçin hem, ulular üçin hem örän peýdalydyr. Ol aşgazan-içege, öýken, galkan görnüşli mäz kesellerini bejermekde ulanylýar. Mundan başga-da, geçi süýdünden gaýmak, ýag, peýnir ýaly önümleri almak bolýar.

Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk toplumy bilen tanyşlygyny dowam edip, sagylýan sygyrlaryň saklanýan bölümine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy gara mallara ideg edýän hünärmen mähirli garşylady. Milli Liderimiz onuň bilen bolan söhbetdeşlikde sygryň ýerli we beýleki görnüşleriniň aýratynlyklary, olary saklamak üçin döredilen şertler hem-de mallaryň iýmitlendirilişi bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, sygyrlary saklamak üçin niýetlenen binanyň ähli zerur enjamlar, ony awtomatik usulda arassalaýan we mallary suwa ýakmaga niýetlenen gurallaryň bardygyny, mallaryň içýän suwunyň hemişe arassa saklanýandygyny bellemeli.

Ýeri gelende aýtsak, täze maldarçylyk toplumynda mallary saklamagyň, bakmagyň netijeli ulgamynyň peýdalanýandygyny bellemeli. Gara mallaryň saklanýan binasynyň ýanaşyk ýerinde olaryň öri meýdanlary ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyz fermada saklanýan gara mallar we dowarlar, olaryň görnüşleri bilen gyzyklandy. Hususan-da, bu ýerde Täjigistanda ösdürilip ýetişdirilen gissar tohumdaky dowarlar bar. Olar özüniň ýokary agramlylygy bilen tapawutlanýarlar. Şeýle hem bu ýerde biziň gadymy ata-babalarymyzyň kemala getiren saryja tohumdaky goýunlaryň bardygyny bellemeli. Gara mallar barada aýdylanda bolsa, toplumyň hojalygynda «Holsteýn» we «Montbeliarde», şeýle hem şwýesar we kuba («Zebu») tohumdaky mallar bilen ýerli görnüşli mallaryň çakyşdyrylmagyndan alnan sygyrlar we öküzler saklanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky bölüme baryp, sygyrlary sagmak işiniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimizi toplumyň sagymçylarynyň biri garşylady we döwlet Baştutanymyzy birbada 32 sygry sagmak mümkinçiligi bolan mehanizmleşdirilen sagym enjamynyň aýratynlyklary, sagymyň usullary bilen tanyşdyrdy. Bu enjam häzirki zaman süýt önümçiligi bilen meşgullanýan hojalyklarda giňden ulanylýar. Ol netijeliligi, ygtybarlylygy, sagym ýerleriniň enjamlaşdyrylyşy we ýokary geçirijilik ukyby bilen tapawutlanýar. Sygryň sagdynlygynda haýsydyr bir üýtgeşmeler ýüze çykan halatynda sagym enjamy awtomatik usulda öçýär. Sagym mahaly süýt ýörite taýýarlanylan gaba barýar we ol ýerde dessine 4 derejä çenli sowadylýar.

Gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz alynýan süýdüň möçberi, hil derejesi bilen gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, sygyr süýdi indi birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda ynsan iýmitiniň esasy hasaplanýar. Häzirki döwürde hem süýt beýleki oba hojalyk önümlerinden has giň ýaýranydyr. Ol ýokary sarp edijilik häsiýetine eýedir. Süýdüň ägirt uly berhizlik we bejerijilik ähmiýeti bar. Bu bolsa onuň azyk gymmatlygynyň ýokarylygyny şertlendirýär. Onda 50-den gowrak mikro we makro elementler bar. Olaryň hemmesi ynsan süňňi üçin zerur düzümlerdir. Sygyr süýdünde esasan kalsiý, magniý, kaliý, natriý, fosfor, hlor we kükürt fosfat, strat we hlorid ýaly duzlar bar. Sygyr süýdi dürli görnüşdäki süýt önümlerini, şol sanda çagalar iýmitiniň birnäçe görnüşlerini taýýarlamakda peýdalanylýar.

Maldarçylyk toplumy bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz ýaş tüweleriň saklanýan bölümine baryp gördi. Bu ýerde hünärmenler hormatly Prezidentimize tüweler we öküzçeler üçin döredilen şertler, olaryň sazlaşykly ösdürilmegini üpjün edýän usullar bilen tanyşdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow süýdi gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän bölüme bardy. Hormatly Prezidentimiz toplumyň hünärmenleri bilen bolan gürrüňdeşlikde bölümiň enjamlaşdyrylyşy, onuň önümçilik ulgamynda ulanylýan tehnologiýalaryň aýratynlygy bilen gyzyklandy.

Bu ýerde süýt ilki bilen degişli derejede işlenilýär, onuň agramy çekilýär we 5 tonnalyk gaba geçirilýär. Ol ýerde bellenilen derejä çenli sowadylýar. Şeýlelikde onuň ýokumy hem-de himiki düzümi saklanýar. Soňra süýt ýörite ugrukdyryjy arkaly gaýnadylýar hem-de degişli işläp taýýarlamalary geçýär. Şundan soň süýt bu ýerde hereket edýän 6 bölümlere ugradylýar. Olar dürli görnüşli süýt we turşumtyk süýt önümlerini çykarmaga, olary dürli agramlar boýunça gaplamaga niýetlenen bölümlerdir. Bu ýerde süýdüň goýy hem-de suwuk görnüşleri öndürilýär.

Sygyr süýdünden we geçi süýdünden taýýarlanylýan peýnirleriň birnäçe görnüşleri alyjylaryň talabyny ödese gerek. Bu önümler biziň ýurdumyzda ilkinji gezek öndürilýär. Türkmenistanda geçi süýdünden taýýarlanylan peýnirler, şeýle hem ýagsyzlandyrylan we 30 göterim ýagy bolan peýnirdir, şeýle hem bişirilen geçi süýdi ilkinji gezek öndürilýär. Ýeri gelende aýtsak, geçi süýdüni gaýtadan işlemek, daşary ýurtly önüm öndürijileriňkiden aýratyn ýerine ýetirilýär. Bu bolsa onuň ýokumlylygyny doly saklanmagyny şertlendirýär.

Taýýar önümleriň ählisi ýörite sowadyjy gurallara iberilýär we ol ýerde söwda ulgamlaryna ugradylýan döwre çenli saklanýar.

Bu ýerde öndürilýän önümleriň görnüşleriniň sergisi has-da özüne çekiji boldy. Sergide sygyr we geçi süýdi, olardan taýýarlanylan peýnirleriň, gatyklaryň, aýranlaryň köp görnüşleri görkezilýär. Onda gaýmak, bişirilen geçi süýdi, peýnirleriň dürli görnüşleri, gatyk, aýran, gaýmak, gurt, çekize hem-de süýt önümleriniň beýleki görnüşleri görkezildi. Peýnirleriň 4 görnüşi sygyr süýdünden, 2 görnüşi bolsa geçi süýdünden taýýarlanypdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sergini synlap, täze ýörelgeleriň özboluşly beýanyny, täze usullaryň, kämil enjamlaryň we netijeli hojalyk gurallarynyň işjeň ornaşdyrylmagy üçin möhüm binýady kemala getirýän hususy kärhanalaryň häzirki zaman şertlerinde bäsdeşlige ukyply we düşewüntli önümçiligiň esasy özenini düzýändigini aýtdy. Içerki bazary doly üpjün etmek, şeýle hem onuň eksport mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen ýokary hilli azyk önümleriniň möçberlerini we görnüşlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny bellemek bilen. milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerine bu ugurdaky işi yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimize we dabara gatnaşyjylar täze önümçilik desgasynda öndürilen önümler hödür edildi we onuň tagamyna, hiline baha bermekleri haýyş edildi.

Maldarçylyk toplumynyň işgärleri döwlet Baştutanymyza telekeçilik ulgamynyň höweslendirilmegi, ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynyň we obasenagat toplumynyň ösdürilmegi, umuman, türkmen halkynyň durmuş ulgamynyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýän oba zähmetkeşleri barada edýän hemmetaraplaýyn aladasyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Döwletimiziň mundan beýläk-de Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy, obasenagat toplumynyň düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylymagy, oba adamlarynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy babatda netijeli çäreleri durmuşa geçirjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz toplumyň işgärlerine uly üstünlikler arzuw etdi.

Maldarçylyk toplumy bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz şunuň ýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi ýurdumyzda öndürilen önümleriň bolçulygy, uly islegden peýdalanýan we daşyndan getirilýän önümler bilen mynasyp bäsdeşlik edýän azyk önümleri bilen üpjün edilen içerki bazarda ýokary bäsdeşligi emele getirer diýip belledi. Bu işleriň ylmy esasda alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu ýerde yzygiderli netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň edara binasyna bardy we bu ýerde ýurdumyzyň telekeçileriniň öndüren täze önümleri, milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň ägirt uly mümkinçilikleri barada gürrüň berýän sergi bilen tanyşdy. Sergide gelşikli gaplardaky miwe şerbetleriniň we içgileriň, konditer önümleriniň görnüşleri, şeýle hem hind towugynyň etiniň gaplanan görnüşleri, gaplanan miwe we gök önümler bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde jemagat hojalygynda, gurluşykda ulanylýan plastik turbalar, şlanglar, antifrizler we awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen serişdeler, bezeglik mermer plitalary görkezilýär. Mundan başga-da, bu ýerde mallar üçin iýmleriň dürli görnüşleri goýlupdyr.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan Ahal welaýatynda gurulmagy göz öňünde tutulýan täze desgalaryň taslamalary hödürlendi. Olaryň hatarynda Gökdepe etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 4800 tonna guş etine barabar bolan hindi towugyny ösdürip ýetişdirýän toplumyň, Gökdepe etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 30 tonna et we 200 tonna goýun we geçi süýdüni öndürmäge deň bolan dowarçylyk toplumynyň, Derweze etrabynda önümçilik kuwwaty degişlilikde 500 tonna süýde, 30 tonna ete hem-de 500 tonna süýde, 25 tonna ete barabar bolan maldarçylyk fermalarynyň, Akbugdaý etrabynda önümçilik kuwwaty bir ýylda 29 müň tonna una barabar bolan un kombinatynyň we ýyllyk kuwwaty 20 müň tonna bolan makaron önümleri toplumynyň; Kaka etrabynda ýyllyk kuwwaty 1500 tonna süýde we 100 tonna ete barabar bolan maldarçylyk fermasynyň taslamalary bar.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Balkan welaýatynda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary hödürlendi. Olar Balkanabat şäherinde timarlaýyş plitalaryny öndürýän bölümiň, Esenguly etrabynyň Ekerem we Gamyşlyja diýen ýerlerinde her biriniň ýyllyk kuwwaty 75 tonna barabar bolan 4 sany ýod öndürýän zawodyň, Garaçagyl diýen ýerde bejerijilik ukyby bolan radiony peýdalanýan sagaldyş çärelerini geçirmek üçin 100 orunlyk şypahananyň taslamalaryndan ybaratdyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän «Rysgal» Paýdarlar täjirçilik bankynyň we söwda merkeziniň binalar toplumynyň, Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bölümleriniň binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik we söwda merkezleriniň taslamalary görkezildi.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, türkmen telekeçileriniň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň gatnaşýandygyny belledi. Olar öz tejribelerini we mümkinçiliklerini önümçilik hem-de oba hojalyk pudaklarynda, dürli maksatly gurluşyk desgalarynda, hyzmatlar ulgamynda netijeli ulanýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň ykdysadyýetiň hususy ulgamyna maksatnamalaýyn goldaw berjekdigini aýtdy. Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynda hususyýetçilik durmuş-ykdysady syýasatyň möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçileriniň bar bolan mümkinçiklerini doly derejede durmuşa geçirmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, onuň senagat binýadynyň berkidilmegini, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň ösdürilmegine, telekeçilik işini üstünlikli alyp barmak üçin zerur şertleriň döredilýändigine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp we maldarçylyk toplumynyň işgärlerine, şeýle hem telekeçilere işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.