Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy, «Tepe Türkmen Inşaat ve Tiçaret A.Ş.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Mustafa Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, hut şu kompaniýa döwrebap elewatorlaryň taslamasyny düzmek we gurmak işleri ynanyldy. Olaryň açylyş dabarasy şu günüň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.
Bu iri desgalary açmaga hut özüniň gatnaşyp, bildiren uly hormaty üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk sözlerini aýdan myhman milli Liderimize Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň we Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamlaryny ýetirdi. Olar türkmen halkyna parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk arzuw edipdirler.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistan milli we sebit derejesindäki uly ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolup durýan doganlyk Türkiýe bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan «açyk gapylar» syýasatyny hem-de ählumumy bähbitleriň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygyna tarap ugry amala aşyrmak bilen, özlerini ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezen türk kompaniýalarynyň täze tekliplerine garamaga hemişe taýýardyr diýip belledi.
Myhman netijeli gatnaşyklar üçin hoşallyk bildirip, dürli ugurlarda türk kompaniýalaryna ynanylan beýleki taslamalaryň birnäçesiniň barşy hakynda hem habar berdi, şeýle hem uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan hyzmatdaşlyk hakynda täze teklipleri hödürledi. Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy pursatdan peýdalanyp, türk işewürleriniň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Türkmen bazary ýylsaýyn dünýäniň ähli künjeklerinden maýadarlaryň we kompaniýalaryň köpsanlysyny özüne çekýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we iri türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy gazanylan netijeli gatnaşyklaryň derejesine we netijelerine kanagatlanma bildirip, milli Liderimiziň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny özgertmek boýunça geçirýän giň gerimli işleriniň çäklerinde has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Mustafa Rifat Hisarjyklyogly milli Liderimize we ýurdumyzyň halkyna berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap ýolda täze üstünlikleri arzuw etdi.