Şu gün Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Kotam Enterpraýzis LTD» türk kompaniýasynyň wise-prezidenti hanym Seda Gengorýuny kabul etdi.
Myhman wagt tapyp, ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde bellenilýän uly baýramçylyk hem-de täze desgalaryň we binalaryň ulanmaga berilmegi bilen gutlady hem-de tutuş ýurdumyzyň halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we ösüşiň ýolunda üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewüri mähirli garşylap, «Kotam Enterpraýzis LTD» kompaniýasynyň dokma senagatynyň döwrebaplaşdyrmak boýunça özara peýdaly taslamalaryň amala aşyrylmagyna, şeýle hem obasenagat toplumyna ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça meýilnamalarda möhüm ähmiýet berlip, kämilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamynyň we obasenagat toplumynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşmak arkaly, türkmen-türk işewürlik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýandygyny belledi.
Seda Gengorýu bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, «Kotam Enterpraýzis LTD» kompaniýasynyň türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşmaga, ähli borçnamalaryny bellenilen möhletlerde we göwnejaý hilli ýerine ýetirmäge taýyndygyny belledi.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda kompaniýanyň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanylan taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik gürrüň berip, oba hojalygy we ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly täze teklipleri milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Hususan-da, ýurdumyzyň sebitlerinde saglygy goraýşa degişli täze desgalary hem-de döwrebap maldarçylyk toplumlaryny gurmak baradaky teklipleri beýan edildi.
Seda Gengorýu özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça has öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly, hemmetaraplaýyn özgertmeleri amala aşyrmagyň ýoluna ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyny görkezýän ýurduň yzygiderli ösüşine ýardam berýän giň gerimli milli maksatnamalary durmuşa geçirmek Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti türkiýeli hyzmatdaşlaryň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine işjeň çemeleşmesini umuman oňlap, bilelikde işlemek arkaly toplanan oňyn tejribäni we uzakmöhletleýin geljegi göz öňünde tutmak arkaly guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.