Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

view-icon 764
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Aşgabadyň halkara howa menzilinde Tatarystanyň ýolbaşçysyny resmi adamlar garşyladylar. Däp boýuna myhmana duz-çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşenlerinden soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rustam Minnihanowyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli garşylap, Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürmek arkaly Türkmenistanyň onuň iri sebitleri, hususan-da, deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan gadymdan gelýän däp bolan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýan Tatarystan Respublikasy bilen netijeli aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidigini belledi. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


Türkmen Liderine mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Rustam Minnihanow Türkmenistana nobatdaky gezek gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady hem-de şu saparynyň doganlyk Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek ýolunda nobatdaky ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Tatarystanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlap, Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň we dünýäniň ähli halklarynyň bähbidine alyp barýan iri möçberli işlerinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Tatarystan Türkmenistany diňe bir geljegi uly hyzmatdaş hasaplaman, eýsem, oňat dost hökmünde görýändigini aýdyp, dürli derejede yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berýändigini belläp, myhman türkmen we tatar halklaryny köp zatlaryň, şol sanda dil we medeni umumylygynyň, taryhy däp-dessurlaryň birleşdirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň yzygiderli, netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen-tatar gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Onuň esasynda özara hereket etmegiň toplanan uly tejribesi hem-de köptaraplaýyn kuwwaty, gadymdan gelýän taryhy aragatnaşyklar, iki dostlukly halklaryň medeni we ruhy umumylygy durýar.

Duşuşygyň barşynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilen özara pikir alyşmalar boldy. Taraplaryň pikirine görä, ony ýygjamlaşdyrmak üçin häzirki wagtda hemme şertler we mümkinçilikler bar. Şu tapgyrda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hakyky ýokary göterilişi başdan geçirýändigini hem-de hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz we Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti özara hereket etmegiň toplanan üstünlikli tejribesine we iki ýurduň kuwwatyna esaslanýan hyzmatdaşlygy giňeltmäge iki tarapyň hem taýýardygyny tassykladylar.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmakda döreýän täze mümkinçilikler ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesine öwrüldi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy we senagat, oba hojalyk pudaklary, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlar görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz we Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti soňky ýyllarda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň täze hil bilen üstüniň ýetirilip, goşmaça kuwwatly itergä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bu babatda şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hem-de Balkanabat şäheri /Türkmenistan/ bilen Almetýewsk şäheriniň / Tatarystan Respublikasy/ arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşyklar möhüm waka bolup, 2012-nji ýylyň maý aýynda Kazanda kabul edilen Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna goşmaça wajyp resminama öwrüldi.

Türkmen-tatar ykdysady hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga meýillidikleri barada aýdyp, söhbetdeşler ony ösdürmek we giňeltmek, täze geljegi uly ugurlary döretmek üçin hemme şertleri üpjün etmek barada pikirlerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak arkaly, ilkinji nobatda, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmagy, täze pudaklaryň kemala getirilmegini, giň görnüşli ýokary hilli hem-de eksporta gönükdirilen önümleri çykarmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Şu babatda ähli ulgamlarda, aýratyn-da, maşyn gurluşyk, nebit gazyp almak we nebiti gaýtadan işlemek, nebithimiýa senagaty pudaklarynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikler bar. Şu ugurda Türkmenistan we Tatarystan ägirt uly kuwwata eýedir.

Şu nukdaýnazardan Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanda “KAMAZ”, “Tatneft” we beýlekiler ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilhanalarynyň hereket edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Olar türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyryp, Tatarystanyň energetika, nebithimiýa pudagynda netijeli özara hereketleri işjeňleşdirmäge, Türkmenistana Tatarystanda öndürilýän tehnikalary, türkmen önümleriniň bolsa Tatarystana ýetirilmegini giňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklaýar.

Gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar hem möhüm ugur hökmünde agzaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň paýtagty Kazan şäheriniň 2014-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesine eýe bolandygyny, “TÜRKSOÝ” halkara guramasynyň çözgüdi bilen 2015-nji ýylda bu derejäni Mary şäheriniň kabul edýändigini özboluşly nyşan hökmünde belledi.

Bilim we ylym ulgamynda, şol sanda ykdysadyýetde geljekde düýpli ylmy-barlaglaryň hem-de ylmy işläp taýýarlamalaryň esasyny goýjak ylym we okuw-bilim merkezleriň, alymlaryň we hünärmenleriň arasyndaky gatnaşyklar üçin özara bähbitli hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Aşgabatda açylan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň döwrebap Tehnologiýalar merkeziniň ähmiýeti nygtaldy.

Hususan-da, ylmy gazanylanlary özara alyşmak, bilelikdäki taslamalara, şol sanda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, Türkmenistanyň we Tatarystanyň ykdysadyýetleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny hem-de eksport ugurlylygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylma daýanýan önümçiligi hem-de synag işläp taýýarlamalary guramak boýunça bilelikde işlämäge degişli taslamalara gatnaşmak barada gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyz we myhman şeýle hem hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolan medeni gatnaşyklary giňeltmek barada hem pikirlerini aýtdylar.

Häzir Türkmenistanyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sportda ýokary gazanylanlary ösdürmäge hem-de bu ulgamyň döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu ulgamda Tatarystanyň anyk iş tejribesini peýdalanmagyň maksadalaýykdygyny aýtdy. Munuň özi, esasan-da, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk babatda aýratyn möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dostluk gatnaşyklaryna hem-de netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, bu gatnaşyklaryň iki doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şu gün Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana iş saparyny tamamlap, öz Watanyna ugrady.