Ï Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 775
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Doganlyk döwletiň Baştutany pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we bagt, jan saglyk hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, milli we sebit derejesindäki taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm hyzmatdaş bolan Türkiýe bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge Türkmenistanyň uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanlary mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy mynasybetli biri-birini gutlap, dostlukly ýurtlaryň umumy köpasyrlyk taryhy hem-de gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni we ruhy däpleri bilen birleşen doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül dürli derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge kuwwatly itergi berýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýunynda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigi nygtaldy.

Däbe öwrülen gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alşyp, döwlet Baştutanlary ýurtlaryň ikisiniň hem özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesine daýanmak bilen, syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanýandygyna ýokary baha berdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen we türk halklaryna mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanow hem gatnaşdy.