Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 782
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm meselelerine, milli maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň barşyna garaldy, ýakyn döwür üçin ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlendi we möhüm resminamalar kabul edildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, hasabatlara geçmezden öň, ertir Oraza aýy başlanýar diýip belledi. Oraza aýy mähriban halkymyz üçin mukaddes aýdyr. Onuň her bir güni ynsany ruhy taýdan galkyndyrýar, ynsanperwer we haýyr-sogap işlere ruhlandyrýar.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem: «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn!» — diýip, bu aýyň ýagşy umyt-arzuwlara, haýyr-sahawata we sogap işlere beslenýändigini aýratyn nygtapdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Men sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy ýetip gelen mukaddes Oraza aýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlendi. Siziň mübärek Oraza aýynda berkarar Watanymyzyň asudalygy we rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin etjek doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Soňra döwlet Baştutanymyz hökümet mejlisiniň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer özüne ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň Prezidentiniň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ol Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamagyň çäklerinde geçirilýän iş hakynda habar berdi.

Bellenip geçilişi ýaly, ilatyň durmuş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalarynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, şeýle hem hojalyk hasaplaşygyndaky guramalaryň we kärhanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýyna seljerme geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda geljek 2015-nji ýylda iş haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim artdyrmagyň mümkinçiliklerine degişli meseleler öwrenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň, durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň özgertmeler maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Döwletimiz geljekde hem bu meseleleri çözmäge uly üns berer diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de kararyň degişli taslamasyny taýýarlamak we Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisine garamak üçin bermek barada görkezme berdi.

Soňra wise-premýer ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hasabat berdi. Şol mejlisi şu ýylyň 2-3-nji iýulynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Mejlisde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça geçirilen işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň öňünde söwda-ykdysady ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk babatda, gurluşykda, oba hojalygynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk çäreleri kesgitlemek wezipesi durýar. Mundan başga-da gumanitar gatnaşyklaryny giňeltmek, şol sanda saglygy goraýyşda, ylym-bilim ulgamynda, medeniýetde, sport we syýahatçylyk babatda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine garalar.

Hökümetara toparynyň mejlisiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge gönükdirilen döwletara ylalaşyklarynyň we şertnamalarynyň taslamalaryna hem garalar. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, duşuşygyň jemleri boýunça gol çekmek meýilleşdirilýän teswirnama deslapdan biziň ýurdumyzyň degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijeli halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan Bolgariýa bilen deňhukukly hem-de özara peýdaly esasda gurlan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki hökümetara toparlarynyň işiniň ähmiýetli ornuny belläp, bu iş tejribesi özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň netijeli usuly hökmünde özüni görkezdi diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz toparyň öňde boljak mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça birnäçe bellikleri we teklipleri aýdyp, wise-premýere duşuşygyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parlamentarileriň öňünde duran ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda milli parlamentimiziň işi hakynda habar berdi. Häzirki wagtda Mejlisiň komitetlerinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga ýardam etjek kanunçylyk taslamalarynyň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar diýlip bellenip geçildi. Soňra milli parlamentiň başlygy ähli egindeşleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza «Dünýäde ykrar edilen Lider» atly täze kitabyň nusgasyny gowşurdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek boýunça Türkmenistan tarapyndan gyşarnyksyz amala aşyrylýan ugur babatda parlamentiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we yzygideri amala aşyrylýan özgertmeleri, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazar almak bilen, täze kanunçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak iş saparynyň maksatnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine dürli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri giriziler. Şol ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, beýleki birnäçe pudaklarda, şeýle hem gumanitar-medeni ulgamda gatnaşyklar bar.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynda we Gruziýada Ilçihanalaryny açmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli Türkmenistan dünýäniň 130-dan gowrak ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Daşary döwletlerde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň 35-si işleýär. Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary abraýly halkara guramalaryň birnäçesiniň ýanynda hem hereket edýär.

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. 1993-nji ýylda Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy açyldy. Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynda ilçihanasynyň açylmagy däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ençeme ýyl bäri Aşgabatda işleýär. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň açylmagy gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryna we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň we giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we türkmen-tatar hyzmatdaşlygy barada durup geçmek bilen, onuň biziň ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar täze mazmuna eýe boldy, bu bolsa taraplaryň häzirki ýagdaýlary we açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň eýe bolan kuwwatyny doly amala aşyrmaga isleginiň uludygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini belläp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza boljak iş saparynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky we Gruziýadaky ilçihanalaryny açmak hakynda Permanlara, şeýle hem bu ilçihanalaryň meseleleri hakynda Kararlara gol çekip, bu ädimler döwletara türkmen-gyrgyz we türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka öwrüler, mizemez dostluk däplerine daýanýan hem-de umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hyzmat eder diýip belledi.

Ýurdumyzyň 2013—2017-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasyny yzygiderli amala aşyrmak babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik korpusynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belläp, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmegine täze itergi beren iri möçberli bu döredijilik çäresini her ýylda geçirmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini belläp, wise-premýer bu ulgamyň işgärleriniň ählisiniň adyndan işjeň aladasy we goldawy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirdi hem-de geljek 2015-nji ýylda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini we onuň çäklerinde halkara sungat sergisini geçirmek baradaky kararyň taslamasyny garamaga hödürledi.

Häzirki geçirilýän Medeniýet hepdeligi baradaky hasabatyň dowamynda Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy barada habar aýdyldy. Ol şu gün agşamara Daşoguz şäherinde geçiriler. Konserte meşhur türkmen ýerine ýetirijileri bilen bir hatarda Hytaýdan, Türkiýeden, Täjigistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Ermenistandan we Azerbaýjandan bolan tanymal artistler gatnaşarlar. Medeniýet hepdeliginiň jemleýji gününiň öň ýanyndaky dabaralar baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşi, milli mirasymyzyň dünýäde giňden wagyz edilmegi we goralyp saklanmagy, halkara döredijilik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi we tejribe alşylmagy, täze zehinleriň ýüze çykarylmagy we zehinli ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin hemme şertleriň döredilmegi babatda Medeniýet hepdeligine uly ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Nobatdaky Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda geçirmek hakyndaky karara gol çekip, milli Liderimiz döredijiligiň we dostlugyň uly we röwşen baýramçylygy hökmünde her ýylda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda guralýan bu iri möçberli çäräniň diňe bir däp bolan gadymy milli medeniýetiň, onuň häzirki zaman gazananlarynyň nesilden-nesle geçmeginiň ajaýyp alamaty bolup hyzmat etmäge gönükdirilmän, eýsem-de, halkara ynsanperwer aragatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hyzmat etmelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere we Lebap welaýatynyň häkimine nobatdaky Medeniýet hepdeligine häzirden göwnejaý taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda boljak uly konsertiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Onuň barşynda ýangyç-energetika toplumynda däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem nebitgaz pudagynyň senagat düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasynyň möhüm ugrunyň biriniň bu wajyp ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bolup durýandygyny nygtady. Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolup,biziň ýurdumyz olary türkmen halkynyň bähbidine bolşy ýaly, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli durmuşa geçirmäge ymtylýar.

Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişine degişli meselelere ünsi çekip, şunda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary has işjeň ulanmaga, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagyň eksport mümkinçiligini ösdürmäge, uglewodorod çig malyny gazyp almagyň we gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrmaga, ýokary hilli nebit-himiýa önümleriniň giň gerimini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda geçirilýän işler, senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar bermek bilen, senagat pudaklaryny, hususan-da himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde käbir taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, halk hojalygyna zerur bolan tebigy mineral we gidromineral serişdeleri gaýtadan işlemek, şeýle hem bäsdeşlige ukyply eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça pudagyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýod-brom senagatyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012—2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyna», şeýle hem Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Meýilnamasyna laýyklykda ýod-brom önümlerini öndürýän täze kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, himiýa toplumyny ösdürmek, onuň düzümini berkitmek we giňeltmek boýunça giň gerimli işler milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny doly amala aşyrmak, eksport ugurly senagat önümleriniň möçberini artdyrmak maksady bilen geçirilýär diýip belledi. Geljekde ägirt uly ykdysady netije berjek ýod-brom pudagyny ösdürmegiň meselelerine ünsi çekmek bilen döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin bar bolan desgalary innowasion esasda döwrebaplaşdyrmagyň we täzelerini gurmagyň, ýerli mineral çig-mal serişdelerini netijeli peýdalanmagyň hasabyna toplumy diwersifikasiýalaşdyrmagy çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi, hususan-da, Aşgabatda türkmen-bolgar işewürlik maslahatyny geçirmek boýunça öň berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Bellenip geçilişi ýaly, milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, şol sanda dürli ugurlarda depginli ösdürilýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy netijesinde dürli ugurlarda daşary ýurtly işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen has ýakyndan hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanmalary artýar. Mysal üçin, häzirki wagtda 3-nji iýulda türkmen-bolgar işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär, ol ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň ikinji mejlisiniň işiniň çäklerinde meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňläp, ähli ýurtlar bilen, şol sanda Bolgariýa Respublikasy ýaly biziň üçin möhüm hyzmatdaş bilen özara peýdaly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm tarapy bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistan uzak möhletleýin esasda bu dostlukly ýurt bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtmak bilen, söwda-ykdysady ulgamynda, şol sanda telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyna itergi berjek öňde boljak işewürlik maslahatynyň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimi duşuşygy zerur guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyryp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmek, bu ulgamda ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we gerimini giňeltmek, umuman, bejeriş-sagaldyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Wise-premýeriň indiki hasabat beren meselesi 1-6-njy iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň tapgyrlarynyň birini geçirmäge görülýän taýýarlyk meselesi boldy. Ol ýaryşlar «Ýelken» ýaht-klubunyň binýadynda geçiriler. Onuň geçirilmegine ugurdaş maksatnamany goşmak bilen, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň köpsanly beýleki ministrlikleri we edaralary goşulandyr.

Türkmenistan Windsörfing boýunça dünýä Kubogynyň sanawyna ilkinji gezek girdi. Ol şu ýyl 15 ýurdy öz içine alyp, maý aýynyň ahyrynda badalga aldy. Häzirki güne çenli eýýäm bu ýaryşyň iki tapgyry — Ispaniýada we Niderlandlarda geçirildi. Üçünji tapgyryna gatnaşyjylar bolsa eýýäm «Awaza» ýygnanyp başladylar. Bu ýere umumylykda alanyňda 22 ýurtdan 80 töweregi türgen geler, şeýle-de daşary ýurtlardan beýleki myhmanlaryň onlarçasy gelerler. Windsörfing boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşa ilkinji gezek türkmen türgenleri hem gatnaşar. Olar tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda Türkiýede taýýarlyk türgenleşiklerini geçdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde köpçülikleýin şypahana – bejeriş we sagaldyş ulgamyny kämilleşdirmegi, türkmen şypahanalaryny dikeltmegi ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmaga uly goşant goşmaga ukyply umumymilli wezipe hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň jana şypaly tebigy çeşmelere baý bolan welaýatlarynda döwrebap sagaldyş düzümi döredildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şypahanalarda ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynyň maksatnamasyna girizilen hemme bellenilen çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmek barada görkezme berip, türkmen topragyna gelen myhmanlar üçin iň oňat şertleri döretmegi tabşyrdy.

Sport ulgamynyň ýagdaýynyň döwletiň ykdysady we medeni gülläp ösüşiniň görkezijileriniň biri bolup hyzmat edýändigini belläp, milli Liderimiz ýurdumyzda Türkmenistan üçin sportuň täze görnüşlerini, şol sanda ýelkenli görnüşlerini has işjeň ösdürmek üçin mümkinçilikleri öwrenmegi we herekete girizmegi tabşyrdy.

Windsörfing boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlaryň mynasyp geçirilmegi Ýer ýüzüniň sport durmuşynyň merkezi hökmünde Türkmenistanyň has ýokary orunlara tarap öňe gitmeginde ähmiýetli ädim bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de iri sport baýramçylyklaryny guramakda ýurdumyzyň tejribesini işläp toplamagyň wajypdygyny belledi. Bu bolsa 2017-nji ýylda geçiriljek Aziada taýýarlanmak babatda aýratyn möhümdir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gurlan desgalary ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk, Aşgabat şäheriniň awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer paýtagtymyzyň köçelerini döwrebaplaşdyrmak, inženerçilik düzümini täzelemek bilen, köprüleri gurmak, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgelerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, bu iri taslamanyň çäklerinde onuň birinji nobatdakysynyň desgalarynda gurluşyk işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Umumy uzynlygy 12,6 kilometr bolan ýollaryň çatryklarynyň 7-sini, ýerasty geçelgeleriniň 14-sini we ýerüsti geçelgeleriniň 4-sini abatlamak bilen durky täzelenilýär. Häzirki wagtda ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, ýanýodalaryny, yşyklandyryş ulgamyny we beýlekileri gurmak bilen A.Nyýazow şaýolunyň we Görogly köçesiniň kesişýän ýerinde ýol desgalarynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň ähli welaýatlary üçin nusgalyk bolmalydyr diýip, şäher düzümini has-da kämilleşdirmek, degişli ugurda geçirilýän gündelik işlerde öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp düzmeleri işjeň ulanmak meselelerine ünsi çekdi. Milli Liderimiz şäheriň ähli durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini hem-de paýtagtymyzda gurulýan ähli desgalaryň ýokary talaplara gabat gelmegini, şol sanda binagärlik çözgüdi we bezelişi nukdaýnazaryndan laýyk gelmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagyny däl-de, eýsem olaryň geljekde ulanyş ýagdaýynyň degişli derejede saklanmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini ösdürmek, täze ýollary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri gurmak boýunça hem tabşyryklary berip, tiz ösýän şäheriň çäkleriniň giňelmegi, onuň köçelerinde hereketiň artmagy bilen ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ýol-tehniki desgalaryň ygtybarlylygyny üpjün etmegiň ähmiýeti hem ýokarlanýar diýip belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabatyny ýurdumyzyň gallaçy-kärendeçileriniň Watan harmanyna 1 million tonna ak bugdaý tabşyrandyklary baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginleri, agrotehniki kadalara laýyklykda pagta meýdanlarynda geçirilýän işler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gallaçylaryny we oba hojalyk işgärlerini galla taýýarlamak boýunça ýetilen 1 million tonnalyk sepgidiň eýelenmegi bilen gutlady. Galla oragy bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz möwsümi gysga möhletde jemlemelidigini we hasylyň doly ýygnalmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz galla oragy bilen bir hatarda gowaçalara ideg etmek işlerini, pagta ýygymyna taýýarlyk çärelerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin welaýat häkimlerine söz berdi. Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow, Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatlaryň galla meýdanlarynda orak möwsüminiň depginleri, gowaça edilýän idegiň barşy, obasenagat toplumynyň beýleki pudaklarynda ösüşiň görkezijileri, şeýle hem ýerlerde ilatyň ýaşaýyş –durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy, möhüm desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda nobatma-nobat hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň Watan harmanyna dänäniň 1 million tonnasyny tabşyryp, uly üstünlik gazanandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba zähmetkeşlerini gazanylan zähmet üstünligi bilen nobatdaky gezek gutlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak işine uly goşant goşandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz dowam edýän galla oragynyň ýokary depginlerini mundan beýläk-de saklamagyň möhümdigini belläp, bugdaýyň ýetişdirilen bereketli hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dänäni aýawly saklamak maksadynda degişli çäreleri görmegiň gerekdigini aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra gözegçilik edýän ulag - aragatnaşyk pudaklarynda işleriň barşy hakynda hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer Balkan welaýatyna geçiren iş saparynyň barşynda Uzen — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek — Gürgen demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işleriň barşy bilen tanyşandygyny habar berdi. Şeýle hem ol «Demirgazyk-Günorta» demir ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hoş habary aýtdy.

Hasabatyň çäklerinde demir ýol pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň hereket edýän düzümini täzelemek we onuň üstüni ýetirmek, degişli düzümleriň ählisini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler baradaky habar hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamlarynyň şaha ýaýradan sebitleýin düzümini kemala getirmäge işjeň gatnaşyja öwrülýär diýip belledi. Ol muňa gatnaşyjy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we tutuşlygyna alnanda sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze demir ýollar gurlan we bar bolan demir ýollar döwrebaplaşdyrylan mahaly iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen gurluşygyň has ýokary hilini gazanmak zerurdyr, munuň özi ýurdumyzyň ähli demir ýol ulgamyny uzakmöhletli ulanmagy üpjün etmelidir. Bu babatda milli Liderimiz demir ýol pudagyny depginli döwrebaplaşdyrmak we Bereket-Etrek polat ýolunyň gurluşygynyň barşyny tehniki taýdan üpjün etmek meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, wise-premýere bu taslamanyň durmuşa geçirmegiň hiline hem-de depginlerine zerur gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Şol sanda wise-premýer ýurdumyzyň elektrik stansiýalaryny abatlamak üçin serişdeleri we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda elektroenergetika pudagynyň garamagyndaky elektrik stansiýalarynda 14 sany bug turbinaly we 21 sany gazturbinaly generatorlar bolup, olarda ýeňil, orta we düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär, bu işler olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Hususan-da, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini çözmek üçin şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Abadan, Awaza we Mary döwlet elektrik stansiýalarynyň, Türkmenbaşy we Seýdi ýylylyk elektrik merkezleriniň turbinalarynda zerurlygyna görä, ýeňil, orta we düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Bu işler hem öndürilýän elektrik energiýanyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletiň goldaw bermeginde Türkmenistanyň elektrik energetika pudagynda giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar diýip belledi. Olar bar bolan gazturbinaly elektrik stansiýalary döwrebaplaşdyrmaga we täzelerini gurmaga gönükdirilendir. Bu işler bilen bir hatarda, elektrik geçiriji täze ulgamlar çekilýär, tok paýlaýjy elektrik beketleriň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär.

Döwlet Baştutanymyz elektroenergetika pudagynyň goşmaça kuwwatlyklaryny işe girizmek meselelerine durup geçmek bilen, degişli ugurda işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi elektrik energiýasynyň ýylsaýyn artýan içerki sarp edilişini durnukly üpjün etmäge, ony bar bolan ugurlar, şeýle hem täze ugurlar boýunça iberilişini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisine gatnaşýan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, döwletimizde kanunçylygy berk berjaý etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde neşekeşligiň soňuna çykmak, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek çäreleriniň netijeliligi barada aýdyldy. Degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem her ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanda bellenilýän ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär baýramçylygynyň hormatyna geçirilen çäreler barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu senäniň ähmiýetini belläp, döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmekde, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda, kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmekde prokuratura edaralarynyň möhüm orny bar diýip belledi.

Prokuratura işgärleri demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, jenaýatçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, ýurdumyzyň asudalygyny hem-de halkymyzyň agzybirligini berkitmek boýunça uly işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura işgärleriniň kasama wepaly bolup, öz öňlerinde duran uly wezipeleri hemişe abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi. Milli Liderimiz döwletimiz geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işgärleri we maşgala agzalary üçin zerur bolan ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek barada alada eder diýip belledi. Ýurdumyzda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň islendik ýüze çykmalarynyň öňüni almak boýunça bu düzümleriň ýolbaşçylaryna tabşyryklary bermek bilen, döwlet Baştutanymyz gulluk borjunyň degişli derejede ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçiligiň örän uly bolup durýandygyny aýtdy. Bu Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň bähbitlerini goramagyň ygtybarly kepili bolup durýar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli beýleki käbir möhüm meselelere hem seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.