Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň «TÜRKSOÝ» halkara guramasynyň biziň ýurdumyzda bolýan baş direktory Dusanbaý Kaseinowy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň döredijilikli içeri we daşary syýasaty, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni-gumanitar ugur ýaly şeýle möhüm ugry ösdürmegi maksat edinen oňyn başlangyçlary bilen bütin dünýäde tanalýan Türkmenistanda ýene-de bolmak mümkinçiligi üçin örän şatdygyny nygtady. Jenap Dusanbaý Kaseinowyň belleýşi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän bu öňden görüjilikli syýasat netijesinde Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikleri gazandy we öňdebaryjy özgertmeler ýoly bilen öňe ynamly hereket etmegini dowam etdirýär.
Döwlet Baştutanymyz «TÜRKSOÝ-nyň» baş direktory bilen salamlaşyp, dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm tarapy bolup durýan medeni gatnaşyklary işjeň ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm taraplarynyň biri bolup çykyş edýändigini nygtady. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «TÜRKSOÝ» bilen umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge hem-de dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen däp bolan gatnaşyklaryň depginli häsiýetini kanagatlanmak bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taraplary boýunça pikir alşyp, medeniýet we sungat ugry, özara peýdaly döredijilik alyş-çalyşlaryny höweslendirmek boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak baradaky pikiri aýtdylar. Şunda jenap Dusanbaý Kaseinow döwlet Baştutanyna ählumumy eşretiň bähbidine halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjek özara gatnaşyklaryň meselelerine başlangyç bildirip, oňyn çemeleşýändigi üçin, şeýle hem türkmen Lideriniň türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň Geňeşiniň döwlet baştutanlarynyň IV Sammitinde eden çykyşynda «TÜRKSOÝ-nyň» işine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
«TÜRKSOÝ-nyň» ýolbaşçysy milli medeniýeti we sungaty ösdürmek babatda Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleriniň ähmiýetini belläp, şunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlarynyň bardygyny nygtady, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz öňbaşçylyk işi täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň özboluşly baý däplerini gaýtadan dikeltmäge, gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, milletiň özboluşly medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge gönükdirilendir. Şu günler Daşoguz welaýatynda bolup geçýän, türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan we döredijiligiň hem-de ruhubelentligiň hakyky baýramçylygyna öwrülen giň möçberli çäre bolan Medeniýet hepdeligi munuň aýdyň tassyklanmasydyr. Onuň çäklerinde guralan köp sanly ajaýyp çäreler, şeýle hem «Ýusup we Züleýha» operasynyň düýn agşam bolan görkezilişi muňa aýdyň şaýatlyk edýär, şol görkeziliş uly üstünlik bilen geçdi.
Duşuşygyň barşynda «TÜRKSOÝ» guramasy tarapyndan Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine degişli meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman bu wakanyň türki dilli ýurtlaryň halklarynyň arasynda bolşy ýaly, bütin dünýäniň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, bu ugurda medeniýet işgärleriniň umumy tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Türki dilli döwletleriň Medeniýet ministrleriniň adyndan «TÜRKSOÝ-nyň» baş direktory hormatly Prezidentimize Oguzhan baradaky rowaýatyň özboluşly bezegi bolan hormat nyşanyny — simwoliki kompozisiýany gowşurdy. Şol rowaýatda türkmen milletini esaslandyryjy ýaý okunyň mysalynda olary ýekelikde döwmegiň aňsatdygyny, emma oklary birleşdirilen halda döwmegiň mümkin däldigini görkezip, öz ogullaryna agzybirligiň güýjüni düşündirip, ony gözüň göreji ýaly goramagy wesýet etdi. Kompozisiýada «Ýaşaýyş — agzybirlikde!» diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, bu ýadygärlik sowgat türkmen döwletiniň Baştutanynyň türki dilli ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde bitiren hyzmatlaryna bolan çuňňur hormatyň we ykrar edilmegiň nyşanydyr.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we «TÜRKSOÝ-nyň» baş direktory Dusanbaý Kaseinow bu guramanyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň täze anyk mazmun bilen üsti ýetirilip hem-de umumydünýä medeni giňişliginde netijeli halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edip, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.