Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «SONY» ýapon korporasiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Şoji Nemotony kabul etdi.
Milli Liderimiz bilen mähirli salamlaşyp, korporasiýanyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, myhman ýapon işewür toparlarynyň, depginli ösýän Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdi. Çünki öz Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistan häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüşlerinde ajaýyp gazananlary bilen haýran galdyrýar. Ýapon işewüri pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen Liderine berk jan saglyk we köpugurly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz dürli pudaklarda uly tejribä eýe bolan hem-de innowasion tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän ýapon kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň hemişe açykdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň imperatory Akihito türkmen we ýapon halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek işine ägirt uly şahsy goşandy, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde görnükli hyzmatlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we ýapon korporasiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti möhümligi Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bilen şertlendirilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini we mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bilelikdäki tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ýurdumyzyň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de iň oňat dünýä tejribelerini işjeň çekmäge aýratyn üns berýär diýip, döwlet baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda «SONY» korporasiýasy bilen ýygjam işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanýandygyny nygtady.
Öz gezeginde jenap Şoji Nemoto ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleriniň netijeli işlemegi üçin hemme şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda bolmagyny giňeltmäge ymtylýandygyny beýan etdi. «SONY» korporasiýasynyň ýolbaşçylygy Türkmenistanda alnyp barylýan özgertmeler işlerine uly gyzyklanma bilen üns berýär diýip, myhman belledi. Olaryň möçberi we depgini ýakyn geljekde ýurdy ösüşiň täze kuwwatly itergisine eýe etjekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär. Şu babatda öňdebaryjy ýapon kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna özlerinde bar bolan tejribäni we mümkinçiligi bermäge taýýarlygy nygtaldy.
«SONY» kompaniýasynyň innowasion önümleri Ýaponiýanyň diňe bir ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine täsir etmän, eýsem-de, hiliň we ygtybarlylygyň özboluşly kepili bolup durýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýany Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Häzirki tapgyrda milli ykdysadyýetiň köp pudaklarynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hem-de iň gowy ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunda kompaniýanyň işläp taýýarlamalarynyň peýdalanyp biljekdigini belledi.
Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmagyň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany we jenap Şoji Nemoto aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada pikirini aýdyp, myhman milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işlerini kämilleşdirmäge, şol sanda HD we 4K täze tehnologiýa ulgamlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga degişli birnäçe tekliplerini beýan etdi.
Ýapon kompaniýasynyň uly tejribesi toplanan sport çärelerini guramakda gatnaşyklary pugtalandyrmak duşuşygyň aýratyn meselesine öwrüldi. Işewüriň belleýşi ýaly, dünýäde döwrebap kompýuter we maglumat tehnologiýalary ulgamynda öňdäki orunlary eýeläp, «SONY» şu günler Braziliýada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň inžener-kompýuter üpjünçiligine goşandyny goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýapon kompaniýalarynyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramaga gatnaşmaklarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hoşlaşanlarynda «SONY» korporasiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti ýapon kompaniýalarynyň adyndan hormatly Prezidentimize Türkmenistanda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekillerine berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirdi.