Ï Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň mejlisi

view-icon 776
Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň mejlisler zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bolgar toparynyň mejlisi boldy, oňa gatnaşmak üçin bu ýurduň ykdysadyýet we energetika ministri jenap Dragomir Stoýnew tarapyndan baştutanlyk edilýän Bolgariýa Respublikasynyň hökümet wekiliýeti Aşgabada geldi.

Iki dostlukly ýurduň esasy pudaklarynyň, şol sanda ulag we energetika, maglumatlar — aragatnaşyk tehnologiýalary, oba hojalygy ulgamlarynyň, maýa goýumlary babatda we beýlekileriň ýolbaşçylary, hünärmenleri hem-de bilermenleri duşuşyga gatnaşyjylaryň düzümine girdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan mejlisinde nygtaýşy ýaly, giň hem-de oňyn halkara gatnaşyklary, şol sanda Ýewropa döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan Bolgariýa bilen deňhukukly we özara peýdaly esasda guralýan işjeň hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Milli Liderimiz bilelikdäki Hökümetara toparynyň ähmiýetli orny hakynda söz açyp, şular ýaly ikitaraplaýyn işi geçirmek özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň netijeli usuly hökmünde özüniň oňat tarapyny görkezdi diýip belledi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bolgar toparynyň häzirki mejlisiniň barşynda mundan beýläkki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. Mysal üçin, taraplar ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, dokma senagaty, oba hojalygy, söwda ulgamlaryny, şol sanda telekeçilik ugruny has geljegi uly hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň özara bähbitlerine laýyk gelýän diýip kesgitlediler. Bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda bilelikde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň 20-ä golaýy bellige alyndy, özara haryt dolanyşygy, şol sanda Türkmenistanyň nebit önümleriniň, pagta süýüminiň, nah ýüplügiň hem-de matalaryň, taýýar egin-eşik önümleriniň eksportunyň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna ýokarlanýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegi maksat edinen täze hökümetara ylalaşyklaryny we şertnamalaryny baglaşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, maýa goýumlaryny özara goramak, salgyt salmak, tehniki hyzmatdaşlyk we salgytlar boýunça maglumatlary alyşmak, halkara ýük we ýolagçy gatnawlary, maglumatlar tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamy babatda hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Bolgariýanyň Kiçi we orta kärhanalary goldamak baradaky agentliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Energetika düzüminiň, deňiz ulaglarynyň desgalary, obasenagat toplumyna öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşarky bazara türkmen önüm öndürijileriniň dokma we haly önümlerini ibermegi gikeltmek boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerine hem üns berildi.

Bu babatda has ýakyndan we netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň ägirt uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Mysal üçin, Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň mejlisiniň çäklerinde ertir — 3-nji iýulda Bolgariýanyň esasy kompaniýalarynyň we firmalarynyň 20-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagy bilen işewür maslahaty geçirmek meýilleşdirildi, onda iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça mundan beýläkki çäreler anyklaşdyrylar.

Has ýakyndan gumanitar gatnaşyklary, ilkinji nobatda bilim, ylym, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport babatda wezipeleriň geçirilen ara alyp maslahatlaşylmagynda hem däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge ikitarapyň hem barha artýan gyzyklanmasy nygtalyp geçildi.

Ertir Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-bolgar topary öz işini dowam etdirer. Onuň işiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekmek meýilleşdirilýär.