Şu gün paýtagtymyzyň «Mizan» täjirçilik merkezinde türkmen-bolgar işewürler maslahaty geçirildi. Oňa Bolgariýa Respublikasynyň ykdysadyýet we energetika ministri Dragomir Stoýnewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen bolgar wekiliýetiniň wekilleri, Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Myhmanlaryň arasynda ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, dokma senagatynda, taslamalary işläp taýýarlamakda we gurluşykda, saglygy goraýyşda, söwdada we beýleki ulgamlarda işleýän meşhur firmalaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri bar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan duşuşygyň barşynda foruma gatnaşyjylar iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň netijeli türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigini nygtadylar. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, iri halkara maliýe we işewürler düzümlerini çekmek bilen berk baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda möhüm ugurlaryň birnäçesinde bilelikde işlemek babatda halkara maliýe we işewürler düzümleri bilen oňyn tejribe toplanyldy.
Ägirt uly ykdysady we energetika kuwwatyna eýe bolan hem-de ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda ýokary netejeleri gazanan ýurt hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini bolgar işewür toparlaryna tanyşdyrmak bilen baglylykda biziň ýurdumyz hakyndaky wideofilm görkezildi.
Jenap Dragomir Stoýnew öz çykyşynda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat binýadyň goýlandygyny belledi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan, şeýle hem Bolgariýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň türkmen döwletiniň Baştutanynyň başyny başlan iri möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmagyny nazara almak bilen, bu maslahatyň ähmiýetini nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan okgunly ösýän ykdysadyýetli, daşary ýurt maýalary üçin özüne çekiji döwletdir. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda çykarmaga ýardam etjek oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Şunda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek üçin ägirt uly serişdeleriň bardygy bellenildi. Mysal üçin, «Consortium Velgraf Group», «Monolit Sofia JSC», «Molecular Solution Bulgaria», «SOMAT AD», «Fekta», «Vesela» bolgar kompaniýalarynyň we beýlekileriň wekilleri özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Öz tarapyndan, Türkmenistan iri maýa goýumlaryny, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny çekmäge, azyk önümleriniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak we olaryň hilini ýokarlandyrmak üçin döwrebap tehnikalary hem-de enjamlary getirmäge taýýardyr. Duşuşygyň barşynda şeýle hem Bolgariýa Respublikasyna türkmen nebithimiýa we nebiti gaýtadan işlemegiň önümlerini, ýurdumyzyň bäsleşige ukyply harytlaryny, şol sanda dokma önümlerini, mineral çig maly we beýlekileri eksport etmegiň geljegi barada gürrüň edildi.
Maslahatda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça Türkmenistanyň durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamasyny hem-de Gara deňziň kenaryndaky Barna we Burgas bolgar şypahanalarynyň tejribesini nazara almak bilen, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Hususy telekeçiligiň derejesinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň jemi içerki önüminde telekeçiligiň paýy artýar. Yzygiderli geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalar, maslahatlar, işewürler forumlary telekeçilik düzümleriniň ýakynlaşmagynyň täsirli guraly bolmalydyr.
Maslahata gatnaşýan bolgar wekilleriniň Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrligikleriniň we edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda geljekki gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar anyklaşdyryldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň däp bolan hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýandygy bellenildi.