Ï TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň mejlisi

view-icon 673
Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 18-nji mejlisi boldy. Onuň işine taslama gatnaşyjy ähli ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Tranzaksion Geňeşçi bolup durýan Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Düýn TOPH taslamasynyň Tehniki işçi toparynyň mejlisi boldy, şonda gatnaşyjy ýurtlaryň degişli hünärmenleri we AÖB-niň bilermenleri Ýolbaşçy komitetiň şu günki mejlisiniň gün tertibini düzen meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylalaşdylar.

Onuň çäklerinde TOPH Ltd. konsorsiumyny döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, taslamany maliýeleşdirmegiň çeşmelerini we ugurlaryny kesgitlemek, taslamanyň taraplary we Tranzaksion Geňeşçi bilen bilelikde konsorsiumyň liderini saýlamak, şeýle hem tebigy gazy satyn almak-satmak hakyndaky ylalaşyklaryň möhletlerini uzaltmak hakyndaky Goşmaça Ylalaşygy, taslama boýunça Tehniki ylalaşygy taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler onuň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy we tebigy gazy üstaşyr geçirmek hakyndaky gepleşikler geçirildi.

Şeýle hem Tranzaksion Geňeşçi tarapyndan geçirilen iş hakyndaky hasabat diňlenildi we taslamany durmuşa geçirmegiň döwürleýin iş tertibini düzmek hakyndaky meselä garaldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýörelgelerine esaslanýan energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek iri möçberli halkara energetika taslamalaryny amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar, TOPH taslamasy şol taslamalaryň biri bolup çykyş edýär, şol ýörelgeleriň esasy ugurlarynyň biri türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energiýa bazarlaryna çykarmaga ugur alan köp görnüşli turba geçirijiler düzümini döretmek bolup durýar.

Gaz geçirijiniň umumy uzynlygynyň 1735 kilometr, şol sanda Türkmenistanyň çäkleri boýunça 200 kilometr, Owganystanyň çäkleri boýunça 735 kilometr, Pakistanyň çäkleri boýunça 800 kilometr bolmagy göz öňünde tutulýar hem-de Hindistan bilen serhetde Fazilka ilatly ýerine ýeter. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metrden gowrak bolar.

Bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslandyrylandygy umumylykda ykrar edilen, şol sanda abraýly halkara bilermenleri tarapyndan ykrar edilen ýurdumyzyň ýerasty känlerinde dünýä ähmiýetli “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlarynyň bardygy bilen hem nygtalyp geçilýär, Günorta Aziýanyň ýurtlarynda tebigy gaza ýokary isleg bildirilmegi onuň esasyny düzýär. Munuň özi Türkmenistana islendik ugur boýunça, şol sanda, bu ugur bilen gazy uzak möhletli ibermegi kepillendirip üpjün etmäge mümkinçilik berýär, şu günki mejlise gatnaşyjylar tarapyndan bu aýratyn nygtalyp geçildi.

Şu günki mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki işçi toparynyň düýn Aşgabatda bolan 26-njy mejlisiniň işiniň esasy netijelerine garadylar hem-de ony makulladylar, şol mejlisiň çäklerinde taslamany amala aşyrmagyň tehniki taraplary bilen baglanyşykly möhüm meseleler hem ylalaşyldy we çözüldi.

Duşuşyga gatnaşyjylar TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamanyň iş ýüzünde çalt durmuşa geçirilmegine hem-de türkmen tebigy gazynyň iberilmegine öz ýurtlarynyň ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ozal gazanylan, bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi maksat edinen ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça beýleki meseleleriň birnäçesini hem ara alyp maslahatlaşdylar we ýakyn geljek üçin meýilnamalary, şol sanda tebigy gazy satyn almak-satmak hakyndaky ylalaşyklaryň, taslama boýunça Tehniki ylalaşygyň möhletlerini uzaltmak hakyndaky Goşmaça Ylalaşyk boýunça meýilnamalary makulladylar.

Mundan başga hem mejlisde Tehniki işçi toparynyň we TOPH-niň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisleriniň tertibi ylalaşyldy.

Duşuşyk tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar TOPH taslamasyny amala aşyrmakda şu ýylyň soňky aýlarynda gazanylan äşgär ösüşi belläp, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegi çaltlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryny nygtap geçdiler hem-de türkmen Lideriniň BMG-niň howandarlygynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täsirli usuly kemala getirmek baradaky halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny beýan etdiler.