Şu gün -11-nji iýulda - Parižde Fransiýadaky Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň güni geçiriler. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara ösüş ministrligi we “Fransiýa--Türkmenistan” söwda edarasy tarapyndan guralýan bu çärä iki ýurduň döwlet düzümleriniň we esasy pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iri fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we geňeşmeleriň geçirilmegi türkmen artistleriniň döredijilik çykyşlary göz öňünde tutulýar.
Ilkinji gezek geçirilýän bu çäre Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi bermäge, işewür özara gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin maglumat giňişliginiň kemala getirilmegine we baýlaşdyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.
Ykdysadyýet gününi geçirmek üçin Bronýar köşgi saýlanyp alyndy. Ol XIX asyryň başlarynda guralan gadymy bina bolup, bu ýerde Parijiň birža gaznasy ýerleşen täsir galdyryjy köşkdür. Bu köşk häzirki wagtda ony Napoleonyň buýrugy boýunça taslamalaşdyran binagär Aleksandr Teodor Bronýaryň hatyrasyna şeýle atlandyrylýar.
2000-nji ýylda Pariž biržasy Amsterdam we Brýussel biržalary bilen birleşdirilip, Euronext NV döretmek bilen, häzirki wagtda Ýewropada ululygy boýunça London biržasyndan soň, ikinji birža bolup durýar. Hemme işleriň doly kompýuterleşdirilmegi köşgüň otaglaryny boşatmaga mümkinçilik berdi. Häzir olarda maslahatlar, sergiler, moda görkezilişleri geçirilýär. Bu ýerde syýahatçylar üçin açyk bolan muzeý-galereýa hem bar. Onuň eksponatlary biržanyň ykdysadyýetdäki ornuny açyp görkezýär. Köşgüň daşynda binanyň dört burçunda mazmuna bap gelýän heýkeller oturdylypdyr. Olar Adalatlylygy, Söwdany, Senagaty we Oba hojalygyny alamatlandyrýar.
Birža işiniň şol “nyşanlary” häzirki bilelikdäki çäräniň hem içinden eriş-argaç bolup geçer. Onuň mazmuny iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryny öz içine alyp, özara hereket etmegiň täze geljegini açar.
Mälim bolşy ýaly, bu hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň fewral aýynda Fransiýa bolan saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda hökümet gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, Türkmenistan--Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdiren möhüm ylalaşyklar kabul edildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-fransuz Hökümetara toparynyň döredilmegi hem bu ugurda uly ädime öwrüldi.
Fransiýanyň işewür toparlary tarapyndan geljegi uly türkmen bazaryna bildirilýän ägirt uly gyzyklanma şol sapar wagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen işewür maslahaty aýdyň görkezdi. Oňa Ýewropa we dünýä bazarlarynda Fransiýanyň öňdäki orunlary eýeleýän iri kompaniýalarynyň onlarçasynyň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar.
Şol döwürden bäri dürli derejelerde geçirilen türkmen-fransuz duşuşyklary ýurtlarymyzyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny aýdyň tassyklady.
Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk we ulag pudaklary ýaly ugurlarda fransuz maýa goýumynyň gatnaşmagynda Fransiýanyň meşhur kompaniýalarynyň alyp barýan üstünlikli işleri özara gatnaşyklaryň netije berýän tejribesiniň mysaly bolup durýar. Muňa 2012-nji ýylyň noýabr aýynda biziň ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça öz işlerini alyp barýan iri fransuz kompaniýalaryny birleşdirmek maksady bilen, “Fransiýa—Türkmenistan” söwda edarasynyň döredilmegi şaýatlyk edýär. Mysal üçin, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda ýokary tehnologiýaly aragatnaşyk ulgamy: “Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurulýan “Turkmen Sat” ilkinji türkmen kosmos hemrasy bar.
2013-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda “Howa ýolary hakynda” hökümetara ylalaşygyna gol çekildi, şol ýylyň dekabrynda bolsa Aşgabatdan Pariže yzygiderli gatnaýan ugur açyldy.
Häzirki wagtda Pariž diňe Ýewropanyň däl, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy işewür we medeni merkezleriniň biridir. Syýasatdaky, bilimdäki, köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki, modadaky, ylymdaky we sungatdaky täsiri oňa Ýer ýüzüniň esasy şäherleriniň biriniň derejesi berýär. Ykdysady nukdaýnazardan Pariž Ýewropada iri şäher sebiti bolup durýar we jemi içerki önüm boýunça dünýäniň öňdebaryjy şäherleriniň sanawynda bäşinji orny eýeleýär.
Fransiýa geografiki ýerleşişi taýdan Ýewropada öňdebaryjy hökmünde kesgitlenendir we özüniň baý taryhynyň dowamynda bu döwlet beýleki ýewropalylara syýasy-ahlak we ykdysady ugur alyjy bolup hyzmat edip, köplenç ilkinji orunlarda boldy. Fransiýa Ýewropa Bileleşiginiň beýleki iri ykdysadyýetleriniň köpüsine garanyňda, içerki sarp edilýän çykdajylaryň durnuklylygynyň hasabyna hem-de beýleki birnäçe döwletler bilen deňeşdirilende eksport harytlaryna islegiň gaçmagyna az mukdarda bagly bolmagy sebäpli dünýä ykdysady çökgünligi has oňat başdan geçirdi. Halkara walýuta gaznasynyň maglumatlaryna görä, Fransiýa jemi içerki önümiň möçberi boýunça /2,808 trillion ABŞ dollary/ dünýäniň ilkinji on döwletiniň hataryna girýär. Ýurtda dünýäniň iň iri 500 kompaniýasynyň 39-sy hasaba alnandyr.
Fransiýanyň ykdysady syýasatynyň däp bolan aýratynlygy, esasan-da, nebitgaz senagaty, ulag /Fransiýa Ýewropada demir ýollaryň iň ösen ulgamyna eýedir/ ýaly strategiki möhüm pudaklaryň döwlete degişli bolmagynyň uly paý tutmagyndan ybaratdyr. Şunda ýurtda hususylaşdyrmak hereketi giň gerime eýe bolýar.
Ykdysady strategiýalarda meňzeş çemeleşmeler iki ýurduň bähbitlerini ýakynlaşdyrýar we gatnaşyk etmekde köp babatda özara düşünişmek ýagdaýyny kesgitleýär. Häzirki wagtda Ýewropada türkmen döwletiniň ösen ykdysady mümkinçiliklerine ýokary üns gönükdirilýär. Şu babatda Aşgabat-Pariž hyzmatdaşlyk köprüsi Ýewropada häzirki zaman Türkmenistanyň kuwwatyny ýene-de bir gezek görkezmegi hödürleýär.
Häzirki ykdysady forumyň esasy maksady hem şunda jemlenýär. Oňa işewür gatnaşyklary ýola goýmak, tejribeleri alyşmak hem-de fransuz hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak babatda uly ähmiýet berilýär.
Şu çäräniň barşynda olar ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we kärhanalarynyň wekillerinden türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ählisi barada olaryň bäsleşikli artykmaçlyklary we alamatlary barada wajyp bolan ynamdar maglumatlary alyp bilerler. Bularyň hemmesi we geljekki hyzmatdaşlarymyza özleri üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna göz öňüne getirmäge mümkinçilik berer.
Ykdysadyýet gününiň işewür maksatnamasynyň çäklerinde geçiriljek tanyşdyryş çäreleriniň, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we maslahatlaryň üsti medeni çäreler, biziň ýurdumyzyň meşhur ýerine ýetirijileriniň aýdym-saz çykyşlary bilen ýetiriler.
Myhmanlar täsin muzeý gymmatlyklaryny, ussat zergärleriň önümlerini, häzirki zaman haly önümlerini görmäge, ýurdumyzyň özboluşly medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alar.
Fransuz maýadarlaryna we işewürlerine Hazaryň kenarynda ajaýyp tebigy künjekde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny göz öňünde tutup, dünýä derejesine çykýan Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda özara hereket etmegiň geljegi uly ugurlaryna baha bermäge hem mümkinçilik dörär.
Ýerli synçylaryň pikirine görä Fransiýada Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň güni, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim, geljekki gatnaşyklar, bilelikdäki taslamalar we täze meýilnamalar üçin esas bolup, netijeli türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek işine täze itergi berer.