Ï Fransiýadaky Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň güni: täze mümkinçilikleri açýan üstünlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransiýadaky Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň güni: täze mümkinçilikleri açýan üstünlik

view-icon 1254
Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň güni üstünlikli geçirildi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guraldy.

Wekilçilikli çäre Bronýar köşgünde – fransuz paýtagtynyň iri işewürlik merkezinde geçirildi. Onuň esasy zalynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän esasy fransuz kompaniýalarynyň giň möçberli sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şonuň bilen bir hatarda, maslahatlar zalynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça maslahatyň işi dowam etdi.

Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň gününiň işewür maksatnamasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň hökümetleriniň wekiliýetleriniň, Parižde işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de köpsanly myhmanlaryň gatnaşmagynda onuň açylyş dabarasy boldy. Dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň çärä gatnaşyjylara Gutlagy okaldy we ruhubelentlik bilen kabul edildi.

Açylyş dabarasynda Fransiýada ilkinji gezek geçirilýän Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň gününiň özara söwdanyň möçberlerini artdyrmaga, tejribe we dürli ulgamlarda tehnologiýalary alyşmaga, işewür gatnaşyklary ösdürmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygynda geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamaga, gatnaşyklary täze strategiki derejä çykarmak üçin mümkinçilikleri döretmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryndan soň, Bronýar köşgüniň esasy girelgesiniň öňündäki toý bagy kesildi we köpsanly myhmanlar Türkmenistanyň ykdysady üstürnlikleriniň sergisini gözden geçirmäge girişdiler.

Sergi "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklary bilen açyldy. Olar Fransiýa bilen hyzmatdaşlyk üçin möhüm we geljegi uly ugurlarynyň birini hödürlediler. Syýahatçylyk ulgamynda Fransiýa dünýäniň öňdäki orunlarynyň birini eýeleýär. Öz nobatynda, Türkmenistanyň hem meşhur gadymy ýadygärliklerden, baý milli mirasdan başlap, myhman kabul etmegiň döwrebap düzümine çenli fransiýaly syýahatçylara görkezmäge zady köpdür. Ýurdumyz köpugurly syýahatçylyk ulgamyny dolandyrmak babatda Fransiýanyň üstünlikli tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär.

Ýurdumyzyň okguly ösýän pudaklary barada gürrüň edilende, syýahatçylyk bilen birlikde, sport ulgamy hem ýatlanyp geçilýär. Türkmenistanda bu ulgamlary ösdürmäge, hil taýdan täze derejä çykarmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlygynyň öňünde myhmanlary 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary gyzyklandyrdy. Onuň nyşanlary sergide görkezilýän zatlaryň köpüsinde öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň we Fransiýanyň işjeň gatnaşyklary üçin sport ulgamy hem geljegi uly ugurlaryň biri hasaplanylýar.

Sergide ýurdumyzyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, dokma senagaty, nebitgaz pudagy wekilçilik etdiler. Käbir pudak edaralarynyň diwarlyklarynyň öňünde bu pudaklarda işleýän fransuz kompaniýalarynyň hem zatlary ýerleşdirildi. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň diwarlygynyň golaýynda “Bouygues” we “Vinci” kompaniýalarynyň zatlary görkezildi, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň sergi bölümi bolsa “Schneider electric” kompaniýasynyň enjamlary bilen dowam etdirildi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarynyň nusgasynyň golaýynda häzirki wagtda “Thales” kompaniýasy tarapyndan gurulýan ilkinji türkmen emeli hemrasynyň nusgasy ýerleşdirilipdir.

Fransiýadan sergä gatnaşýanlaryň arasynda “Total”, “Cifal” we beýleki kompaniýalar bar. Olaryň diwarlyklary Türkmenistanyň döwlet ykdysady syýasatynyň netijeliliginiň, türkmen bazarynyň geljeginiň uludygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Fransiýaly işewürler türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar. CCFT—“Fransiýa --Türkmenistan” söwda edarasynyň sergi meýdançasynda hem bular barada sanlaryň we anyk maglumatlaryň esasynda gürrüň berildi. Fransuz kompaniýalarynyň 15-den gowragy häzirki wagtda ýurdumyzda wekilçilik edýär, fransuz kärhanalarynyň ýüzlerçesi gurluşyk, awiasiýa, energetika we beýleki ulgamlarda iri möçberli şertnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýar. 2013-nji ýylda CCFT Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekdi. Şu günki Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň güni hem meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň arasynda iri wakalaryň ilkinjisidir.

Umuman, sergi iki aýlawdan ybarat boldy. Onuň içki böleginde ykdysady ulgam öz beýanyny tapdy. Şol ýerde türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýran galdyryjy netijeleri bilen birlikde ileri tutulýan maýa goýum taslamalary hem-de bilelikdäki tagallalaryň anyk ulgamlary öz beýanyny tapdy. Daşky aýlawda esasan durmuş maksatly pudaklar, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz zatlaryny, hususan-da, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň köpsanlysyny hödürlediler. Fransiýanyň baýdagy görnüşindäki haly fransiýaly hyzmatdaşlara özboluşly sowgat boldy. Sünnälenip dokalan bu haly türkmen-fransuz dostlugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen artistleriniň – türkmen saz sungatynyň meşhur wekilleriniň çykyşlary çäräniň bezegine öwrüldi. Bronýar köşgüniň ägirt uly zalynda skripkaçylaryň ajaýyp sazy, ýaş aýdymçylaryň şirin owazlary, nusgawy sazlar milli äheňde ýaňlandy. Däp bolşy ýaly, ”Küştdepdi” tansy bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Sergä tomaşa etmek üçin köşge gelýän adamlaryň yzy üzülenokdy. Olaryň gelýänleriň arasynda esasan hem işewürler, hünärmenler, kompaniýalaryň menejerleri bar. Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşlyk olar üçin örän gyzyklydyr. Olar biziň bazarymyzyň aýratynlyklaryny, halk hojalygynyň häzirki we geljekki isleglerini içgin öwrenýärler.

Şol pursat köşgüň ikinji gatynda işewürler maslahaty dowam etdi. Sergi tutuş çäräniň maglumat-görkezme bölegine öwrüldi, maslahat bolsa onuň syn-seljerme bölegi bolup hyzmat etdi.

Duşuşykda bellenilmegine görä, häzirki wagtda türkmen-fransuz işewürlik gatnaşyklary örän sazlaşykly ösdürilýär, ýöne ikitaraplaýyn söwdanyň möçberleri şu hyzmatdaşlygyň entek hem giň mümkinçiliklere eýedigini görkezýär.

Zalda ýygnanan fransiýaly işewürlere Türkmenistan, onuň artan ykdysady mümkinçilikleri, gazanan üstünlikleri we ösüş boýunça strategiki meýilnamalar baradaky wideofilm görkezildi.

Maslahatda belli-belli ugurlar boýunça birnäçe maslahatlar guraldy. Şolaryň birinjisi Türkmenistanyň maýa goýumlary we hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri babatdaky syna bagyşlandy. Oňa “Fransiýa-Türkmenistan” söwda edarasynyň başlygy, “Cifal” kompaniýasynyň prezidenti Žil Remi başlyklyk etdi. “Düzüm we kommuniasiýalar. Fransiýa bilen hyzmatdaşlyk” atly maslahat Fransiýanyň ykdysady gullugynyň Günorta Kawkaz we Türkmenistan boýunça ykdysadyýet baradaky geňeşçisi Daniel Pata tarapyndan geçirildi. Üçünji maslahatda gurluşygy, saglygy goraýşy, bilimi we syýahatçylygy göz öňünde tutmak arkaly durmuş ulgamyna maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine içgin üns berildi. Ony Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan şary we Doly ygtyýarly ilçisi Pýer Lebowiç alyp bardy. “Türkmenistan we ählumumy energetika bazary” atly maslahaty Fransiýanyň nebit we gaz pudagyna degişli kärhanalarynyň birleşiginiň prezidenti Žan Roper geçirdi.

Maslahatyň çäklerinde fransiýaly hyzmatdaşlar öz kompaniýalary bilen tanyşdyryş çärelerini geçirdiler. Şonda Türkmenistan bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalar baradaky hasabat berip, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde öz ýagdaýlary bilen tanyşdyrdylar.

Umuman aýdanyňda, Parižiň Bronýar köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Fkdysadyýetiniň güni ýurdumyzyň kuwwaty we üstünilkleri bilen giňişleýin tanyşdyrýan işjeň duşuşyk bolmak bilen çäklenmän, Merkezi Aziýadan Günorta Ýewropa uzalýan hakyky köprä öwrüldi. Şol köpri iki paýtagty – Aşgabady we Pariži baglanyşdyrdy, şonda degerli öý-pikirler we teklipler aýdyldy. Şunda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mümkiçniliklere ser salmak bolýar. Maslahatyň esasy maksady hem-de geljegi nazarlaýan ähmiýeti hut şundan ybaratdyr.

Onda Türkmenistanyň we Fransiýanyň söwda - ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň has möhüm ugurlaryna garaldy. Geçirilen geňeşmeleriň we işjeň gepleşikleriň, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň häsiýeti fransuz işewürleriniň Türkmenistandaky ykdysady durmuşa içgin üns berýändigini hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýokary derejede baglaşylan döwletara ylalaşyklarynyň, hökümetara we pudagara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegini ugur edinýändigini aýdyň görkezdi.

Şu günki çäre Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlar boýunça diýen ýaly, oňyn hyzmatdaşlyga açykdygyny, häzirki wagtda iki ýurduň ykdysadyýetlerinde möhüm ähmiýete eýe bolan esasy ugurlarda jogapkärli we deňhukukly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny görkezdi.

Biziň fransuziýaly hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanyň eksport boýunça yzygiderli ýagdaýda artýan mümkinçiliklerine mynasyp baha berdiler, şu gün geçirilen duşuşyklarda şol mümkinçilikler seljerildi. Öz gezeginde Türkmenistan Fransiýanyň bäsdeşlige ukyply harytlarynyň we tehnologiýalarynyň türkmen bazaryna ýetirilmegine ýardam bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Özara gyzyklanma bidirilýän duşuşyklaryň gyzykly, täsirli ýagdaýda geçirilmegi Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň gününe mahsus bolan alamata öwrüldi. Munuň özi forumyň biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýet, şeýle hem beýleki ugurlar – ylym, bilim, sport we medeniet boýunça uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berjekdigine bil baglamaga esas döredýär.

Şeýle hem fransuzlar işewürlik çäresiniň çäklerinde tanyşdyrylan türkmen sungaty, onuň däp-dessurlary we mirasy babatda içgin gyzyklanma bildirdiler. Arakesmede Bronýar köşgüniň zallarynyň birinde türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Magtymguly” atly oýundan parçalar görkezildi.

Medeniýet biziň gatnaşyklarymyzyň ähli ugurlaryna mahsusdyr. Ýurduň geljegine halkyň ruhy medeniýeti, özboluşlylygy, dünýägaraýşy bilen baglylykda garamak biziň döwletlerimizi has-da ýakynlaşdyrýar, döredijiligiň pelsepesi ykdysady taýdan pikirlenişiň many-mazmunly we jogapkärli röwüşde bolmagyna getirýär.

Durmuşdan ugur almak telekeçiligiň esasy kadalarynyň biridir, ýöne onuň hut medeni gymmatlyklar bilen baýlaşdyrylmagy , çeýe we döredijilikli häsietde bolmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda dünýäde munuň özi islendik asylly başlangyçlaryň üstünlikli we uzakmöhletleýin netijeli bolmagynyň esasy şertine öwrülýär, şu günki çäre munuň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Fransiý Respublikasyndaky Türkmensitanyň Ykdysadyýetiniň gününiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň senenamasynda, Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek işinde taryhy ähmiýetli waka boljak bu çäräni geçirmek başlangyjy üçin, dünýä möçberinde parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine golaýdaky we alysdaky ýartlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.