Ï Hyzmatdaşlygyň tejribesi we däpleri – täze strategiki geljegiň esasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlygyň tejribesi we däpleri – täze strategiki geljegiň esasynda

view-icon 796
Parižde geçirilen Fransiýadaky Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlangyjyna öwrüldi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Geljekki işleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmek boýunça çäreleriň barşynda ädilen ädimler munuň şeýledigi barada ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär.

Bu forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Fransiýa-Türkmenistan” Söwda edarasy, Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara ösüş ministrligi guradylar.

Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum kuwwaty bilen Parižde ministrlikleriň we edaralaryň 25-den gowragy, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň halk hojalyk pudaklarynyň gazanan üstünlikleri we ösüş meýilleri hakynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny gurşap alan maslahatyň barşynda ýurdumyzyň wekilleriniň çykyşlarynda gürrüň berildi.


Fransiýa tarapyndan döwlet edaralarynyň wekilleri we esasy edaralarynyň, şol sanda daşary syýasy we daşary söwda edaralarynyň wekilleri, iri fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň ilkinji ýyllarynda türkmen bazaryny ilkinji bolup özleşdiren günbatar işewürleriniň biri boldular. Bu söz forumda ýygy-ýygydan gaýtalanyp, hyzmatdaşlyrymyz tarapyndan buýsanç bilen ýaňlandy. Olaryň çykyşlaryndan çen tutanyňda ýokary tehnologik ulgamda hyzmatdaşlyga üns bermek bilen, ilkibaşdaky derejelerini täze mazmunda dikeltmäge çalyşýarlar.

Aerokosmiki tehnologiýalar ýaly möhüm ugurdaky gatnaşyklar muňa mysal bolup, şol ugur häzir Türkmenistanyň ilkinji milli hemrasyny gurýan “Thales” kompaniýasy bilen ösdürilýär. Bu kompaniýa Türkmenistanyň döwrebap howa toplumlaryny üpjün etmegi dowam edýär.

Bu kompaniýanyň wekiliniň maslahatda belleýşi ýaly, degişli ugur häzir dünýä senagatynda uly bolmadyk orny eýeleýär, emma şonsuz häzir kommunikasiýaly döwrebap durmuşymyzy, onuň geljegini göz öňüne getirmek hem mümkin däldir. Şonuň üçin bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyz hem ertirki günüň ugur edinilýändigini alamatlandyrýar. Pariždäki türkmen-fransuz ykdysady forumynyň baş maksady hem strategiki geljegi nazara almak bilen özara gatnaşyklar bolup durýar.


Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň güni mynasybetli geçirilen çärelere işjeň gatnaşan Fransiýanyň beýleki kompaniýalarynyň arasynda ýurdumyzda giňden tanalýan “Bouygues”, “Vinci”, “Schneider electric” “Total”, “Cifal”, “Systra”, “Dresser” ýaly korporasiýalardan başga-da, gurluşyk, nebitgaz toplumy, energetika ulgamy, söwda we konsalting ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalar, şeýle hem energetiki enjamlaryny öndürmekde we demir ýol ulgamynda dünýä liderleriniň biri bolan “Alstom” maşyngurluşyk kompaniýasy, ştab-kwartirasy Parižde ýerleşýän Ýewropanyň “Airbus Group” aerokosmiki konserni we beýlekiler bar.

Fransiýa Türkmenistanyň bazar isleglerini nazara almak bilen, täze ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardyr diýip, Fransiýanyň daşary söwda boýunça döwlet sekretary Fler Pellern çykyşynda belledi. Onuň aýtmagyna görä, türkmen ykdysadyýetiniň ösüş maksatnamalary we dürnukly ösüş strategiýalary ýurtlarymyza Fransiýanyň dünýä boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.


Türkmenistan Fransiýa üçin Merkezi Aziýa sebitinde gatnaşyklary ösdürmekde esasy halka bolmak bilen, kuwwaty işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygyny talap edýän ýurt bolup durýar diýip, Fransiýanyň daşary işler we halkara ösüş ministri Loran Fabius hasaplaýar. Bu barada bu edaranyň wekili Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň gününiň açylyş dabarasynda nygtady. Ol şeýle hem 2013-nji ýylda ýurdumyza amala aşyran saparyndan soň fransiýaly diplomatlara bu ugruň möhümdigi barada hemişe ýatladyp, Fransiýanyň halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin onuň ähmiýetiniň uly bolup durýandygyny aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, ykdysady forum diňe fransuz kompaniýalarynyň däl-de, eýsem, beýleki ýurtlaryň işewür düzümleriniň hem ünsüni özüne çekdi. Olaryň Pariždäki wekilleri täze gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliginden peýdalanyp, biziň sergimiz bilen tanyşdylar. Sergi ençeme ýyllar üçin özboluşly hasabata öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ykdysady syýasatynyň amala aşyrmagy bilen Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berildi.

Çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikleriň tapgyry boldy. Olar dürli senagat ulgamlarynda Türkmenistan bilen söwda, senagat-kooperasiýa we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmekde fransuz işewürleriniň uly gyzyklanmasynyň bardygyny äşgär etdi.


Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan türkmen maýadarlaryna geljegi uly bolan fransuz taslamalaryna maýa goýmak mümkinçiligine garamak teklip edildi. Olardan geljek girdejiler taraplaryň ikisine hem peýda berer. Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem orta atylan teklip ýurdumyza bildirilýän aýratyn ynamyň alamaty bolup hyzmat etdi. Çünki Fransiýa ýakyn wagtda ykdysadyýetiniň esasy ulgamlaryna daşary maýalarynyň gönükdirilmegini çäklendirdi.

Bulardan başga-da, Türkmenistanda Fransiýanyň Ykdysadyýetiniň gününi geçirmek, iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasynda yzygiderli maglumatlaryň alşylmagyny ýola goýmak, nobatdaky bilelikdäki çäreleri guramak hakynda teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.