Ï Watan bähbidi we ählumumy ösüş türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watan bähbidi we ählumumy ösüş türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr

view-icon 679
Müňýyllygyň ägirt uly taslamasy bolan ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek işleri ýylsaýyn giň gerime eýe bolýar. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde deňiz ýakasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän düzümi—kaşaň myhmanhanalary, sagaldyş, medeni-dynç alyş merkezleri we syýahatçylyk ulgamynyň beýleki aýrylmaz desgalary bolan dynç alyş merkezi kemala geldi. Ýakynda täze desgalaryň üstüni döwrebap “Awaza” söwda toplumy ýetirdi. Onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiz Hazaryň merjen kenarynda her ýyl däbe görä, dynç alyş wagtyny geçirýär.

Häzir Awaza türkmenistanlylar we daşary ýurtly köpsanly myhmanlar üçin höwes bilen dynç alynýan ýer bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iri halkara maslahatlarynyň we sergileriniň, möhüm sport we medeni çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ine, ýakynda hem “Berkarar” dynç alyş merkezinde “Dünýäde ykrar edilen Lider” atly kitabyň tanyşydyryş dabarasy boldy. Oňa hökümet agzalary bilen birlikde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Geçen dynç günleri bu ýerde olar bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyp, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny amala aşyrmak babatda diplomatik düzümiň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Bu konsepsiýa ýurdumyzyň abraýyny artdyrmaga, dünýä bileleşigine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny düşündirmäge gönükdirilendir. Ol parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz bilen bolan duşuşykdan ruhlanan diplomatlar TDH bilen söhbetdeşlikde öz meýilnamalary hakynda gürrüň berdiler. Şol gürrüňi şu gün biz öz okyjylarymyza ýetirýäris.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky hem-de Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aksoltan Ataýewa:

-- Belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa diplomat diýen belent ady götermek hem-de Wenesuela Boliwarian Respublikasynda, Kuba Respublikasynda we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ileri tutulýan ugry bolan iri halkara guramasy - BMG-da ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik etmäge bildiren hormaty we ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Döwlet Baştutanymyzyň 7-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nygtaýşy ýaly, Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry ýurdumyz bilen halkara guramalarynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň pugta guralyny döretmek babatda uzakmöhletleýin maksatlarynyň doly gabat gelmegine esaslanýar.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň belent münberinden netijeli teklipleri we başlangyçlary öňe sürüp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan durnukly ösüşiň hem-de döwrüň wakalaryna ylalaşykly täsir etmegiň köptaraplaýyn guralyny döretmekde saldamly goşandyny goşup, BMG-niň iri edaralary bilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Bu edaralar bilen soňky ýyllarda bilelikde işlemegiň uly tejribesi toplandy.

Häzir biziň netijeli hyzmatdaşlygymyz ilkinji nobatda energiýa howpsuzlygy meselesinden demokratiýa edaralaryny ösdürmäge çenli, daşky gurşawy goramak meselelerinden gender syýasatyna çenli iş ýüzünde ähli wajyp ugurlary öz içine alýar.

Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulyp, ýurdumyz bu guramanyň esasy düzümleriniň we ykdysady edaralarynyň gatnaşyjysy hökmünde wekilhana ýaly möhüm ugur boýunça hem maksadaokgunly işleri alyp barýar.

Ine, ýurdumyzyň BMG-niň Ilat gaznasy we ösüş baradaky komissiýasy, BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komiteti, Neşe serişdeleri baradaky komissiýa, Ykdysady we durmuş geňeşi, Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet /UNESKO/ baradaky Ýerine ýetiriji geňeşi, Ösüş maksatlarynda ylym we tehnika baradaky komissiýa we durmuş ösüşi komissiýasy ýaly abraýly edaralaryň düzümine saýlanmagy Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň hem-de BMG tarapyndan yglan edilen Müňýyllygyň düýpli maksatlarynyň üstünlikli çözülmegine goşýan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmegine öwrüldi.

Biz BMG-niň derejesinde gatnaşyklaryň gyzyklanma bildirýän hemme döwletleriň bilelikdäki tagallalarynyň anyk ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etjekdigine we döwrüň meseleleriniň çözülmeginde anyk ýollaryň kabul edilmegine kömek etjekdigine berk ynanýarys.

Milli Liderimiz tarapyndan şu gün bellenen ilkinji derejeli wezipelerden ugur alyp, daşary ýurtlarda işleýän ýurdumyzyň diplomatlarynyň öňünde parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň has-da üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam etmek, halkara we sebit syýasatynyň ol ýa-da beýleki meseleleri boýunça Türkmenistanyň ýörelgelerini dünýä jemgyýetçiligine wagtynda ýetirmek üçin hemme tagallalary etjekdigime ynandyrýaryn.

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky we Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow:

--Diplomatik düzümiň öňünde ilkinji derejeli wezipeleriň toplumyny kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykdan uly täsir aldym. Ýer ýüzüniň ähli döwletleri bilen ynam we özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň çäkleriniň giňeldilmegi şol wezipeleriň möhümleriniň biridir.

Umumydünýä ösüşiniň, onda ýurdumyzyň ornunyň we ähmiýetiniň seljermeleri ykdysady, söwda, maglumat, medeniýet, ylym, bilim, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda doly möçberli halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge tarap milli Liderimiziň saýlap alan ugrunyň dogrudygyny tassyklaýar.

Soňky wagtlarda ýygy-ýygydan geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar, işewür maslahatlar, wekiliýetleriň alşylmagy, medeni çäreleriň guralmagy Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň ynam bildirilýän häsiýeti häzirki zaman dünýäsinde täze wehimlere we howplara garşy göreşde bilelikdäki tagallalary artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmek bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam etmäge, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini ABŞ-da we Meksikada işjeň wagyz etmäge ähli bilimimi we tejribämi sarp ederin.

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky we Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Bilim, ylym we medeniýet /UNESKO/ meseleleri baradaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Çary Nyýazow:

--Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda iri möçberli durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Ýer ýüzüniň iň depginli ösýän ýurtlarynyň hataryna çykan Watanymyzyň etýän belent sepgitlerine guwanjymyzyň çägi ýok.

Hemişelik Bitaraplygyň, hakykatdan-da, täsin nusgasyny durmuşa geçirmegi başaran Türkmenistanyň örän baý tejribesi bütin dünýäniň jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolýar. Ýakynda Fransiýanyň paýtagty Parižde uly üstünlik bilen geçirilen Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň güni we onuň çäklerinde guralan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynyň özara bähbitli gatnaşyklarynyň çäklerini yzygiderli giňeldýär we adamzadyň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyna örän işjeň gatnaşýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan düýpli ölçenilen daşary syýasat ugry Türkmenistanyň halkara abraýyny görlüp-eşidilmedik derejede ýokary göterdi. Muňa Ýewropa ýurtlary, hususan-da, ýurdumyzyň wekili bolup işlemek hormatyna eýe bolan ýurtlarymyz - Fransiýa we Italiýa, şeýle hem birnäçe iri halkara guramalary, şol sanda UNESKO tarapyndan barha artýan gyzyklanma şaýatlyk edýär.

Geçen ýyl Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet /UNESKO/ meseleleri baradaky Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna ilkinji gezek saýlanandygyny ýatlamak isleýärin. Bu çözgüt 2013-nji ýylyň 13-nji noýabrynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň /UNESKO/ meseleleri baradaky baş maslahatynyň Parižde geçirilen 37-nji mejlisinde kabul edildi hem-de Türkmenistan tarapyndan medeni mirasy gorap saklamak we artdyrmak boýunça görülýän çärelere, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we milli ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen iri möçberli özgertmelere berlen ýokary baha we goldawa şaýatlyk etdi.

UNESKO-nyň ýolbaşçylygy Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň guramanyň işini goldamakda aýratyn ýörelgesiniň öňde goýlan düýpli maksatlaryň ilerlemegi hem-de köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat edýändigini ençeme gezek nygtady. Ýola goýlan gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň bilelikdäki anyk taslamalarda ýüze çykyp, mynasyp dowam etjekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky, Çehiýa Respublikasyndaky we Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de ÝHHG-niň Wenadaky ştab-kwartirasyndaky hemişelik wekili Sylapberdi Nurberdiýew:

--Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde hem-de iri halkara guramalarynyň Wenadaky wekilhanalarynda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edip, gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýaryn.

Türkmenistan abraýly düzümlere gatnaşyjy döwlet bolmak bilen dünýä ösüşine uly täsir etmäge gönükdirilen köptaraply hyzmatdaşlygy we özara hereketleriň giň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýär.

Parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň geljegine bolan garaýşyny dawalary öňünden duýdurmak, ynam we özara düşünişmek ýagdaýyny döretmek, dünýä ösüşiniň täze alamatlaryny göz öňünde tutup, umumy tagallalary birleşdirmek maksatlarynda teklip edýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan, uzak geljegi nazarlaýan daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirip, umumydünýä işlerine örän işjeň gatnaşýar hem-de häzirki döwürde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek wajyp şerti hökmünde halkara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge wajyp goşant goşýar.

Meniň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän wajyp halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işlerini güýçlendirip, işleýän ýurtlarynda we halkara guramalarynyň wekilhanalarynda hyzmatdaşlar bilen maksada gönükdirilen gatnaşyklary alyp barjakdyklaryna ynandyrýaryn.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky, Ispaniýa Patyşalygyndaky, Sloweniýa Respublikasyndaky we Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejebow:

--Biz soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň dünýäniň ençeme döwletleri bilen giň syýasy-diplomatiki, özara peýdaly söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändiginiň şaýady bolýarys. Munuň özi oňyn Bitaraplyk ýörelgeleriniň Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen bir hatarda, syýasy durnuklylygy saklamak, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek we halkara gatnaşyklary boýunça görülýän tagallalaryň netijeliligine ýardam edýändigine şaýatlyk edýär. Muňa yzygiderli esasda ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar, medeni we ylmy, şeýle hem işewürler maslahatlary hem gönüden-göni ýardam edýär, şolara köpsanly myhmanlar çagyrylýar.

Biz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny işläp taýýarlan hem-de yzygiderli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly görkezmelerini goldanyp, geljekde hem Watanymyzyň we dünýäniň ähli döwletleri bilen gadymdan bäri dostluk gatnaşyklaryny saklaýan türkmen halkynyň bähbitlerine seçip alnan ugry dowam etdireris.

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary şol döwletdäki ýagdaýy üns berip öwrenýär we seljerýär, özara bähbitlere kybap gelýän ugurlary kesgitleýär, dünýä bazaryna ynamly çykýan ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini goramakda tejribe toplaýar. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklarynyň häsiýetine amatly täsir edýär, daşarky maýa goýumlaryny çekmäge we ýurdumyzyň dünýädäki ornuny, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Döwletimiziň hyzmatdaşlary, şol sanda strategik hyzmatdaşlary bolan birnäçe ýurtlarda, milli Liderimiziň özüme ynanan diplomatik işini ýerine ýetirmek bilen, geljekde-de Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmak, halkara ulgamynda ornuny pugtalandyrmak üçin ähli gujur-gaýratymy, bilimimi we tejribämi sarp ederin.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky we Mongoliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rüstemowa:

-- Hytaýda we Mongoliýada ýurdumyzyň ilçihanasyna ýolbaşçylyk etmek meniň üçin uly hormat we jogapkärçilik bolup durýar, bu ýurtlaryň halklary bilen gadymdan gelýän dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklary şol hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin ygtyýarly esasy düzýär.

Soňky ýyllar Hytaý Halk Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryň taryhy örän mazmunly boldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklar strategiki häsiýete eýe boldy.

Siziň bilşiňiz ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynyň başynda Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna tanyşlyk saparyny amala aşyran HHR-iň täze Başlygyny sebitiň döwletlerinde ilkinji bolup kabul etdi.

Soňky ýyllarda gol çekilen resminamalaryň toplumy doly möçberli hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga iki tarapyň hem taýýardygyny tassyklaýar, Aşgabat duşuşygynyň jemleri boýunça iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary tarapyndan gol çekilen Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýol goýmak baradaky Bilelikdäki Jarnama şol resminamalaryň möhümi bolup durýar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatiki, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň 20 ýyldan gowrak döwründe toplanylan üstünlikli tejribesine daýanýan oňyn gatnaşyk Pekinde we Aşgabatda döwletara hyzmatdaşlygynyň has göwnejaý görnüşini işläp taýýarlamaga ýardam etdi. Munuň özi taraplaryň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň we milli bähbitleriniň meňzeşligini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär hem-de türkmen we hytaý halklarynyň milli aýratynlyklary bilen möhümdir, olary baryp Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen bäri dostlukly hem-de ýokary derejeldäki ynanyşmak gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildiren belent ynamy üçin hoşallygymy beýan edip, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda gurulýan geljegi uly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etjekdigimi ynandyrýaryn.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky we Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ata Serdarow:

--Kärdeşlerim bilen bir hatarda, işde hemmetaraplaýyn goldaw we kömek berýändigi, paýhasly wesýetleri hem-de görkezmeleri üçin çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirýärin, wekilhanamyzyň işi şol kömek we goldaw bolmazdan şeýle netijeli bolmazdy.

Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostluk gatnaşyklaryny saklap gelýär hem-de pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky taryhy taýdan emele gelen doganlyk gatnaşyklary muňa aýdyň mysal bolup biler.

Dürli derejede, ilkinji nobatda, ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar bilelikde işleşmegiň toplanan oňyn tejribesini, ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny hem-de dürli ugurlarda iki döwletiň gazanan üstünliklerini nazara almak bilen, soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklary okgunly depginde ösdürilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda türk hyzmatdaşlary iri möçberli taslamalaryň birnäçesini, şol sanda senagat we medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny durmuşa geçirmäge örän işjeň gatnaşýarlar. Olar Hazaryň ajaýyp kenarynda döredilen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň okgunly ösüşine hem öz goşantlaryny goşýarlar. Şu günler milli Liderimiziň edýän tagallalary netijesinde dünýäniň şypahana dürdänesine öwrülýän bu ajaýyp deňiz ýakasyndaky welaýatda bolup geçen ägirt uly özgerişlikleri öz gözlerimiz bilen görmek mümkin boldy.

Türkiýede we Ysraýylda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edip, özüme ynanylan hormatly işi geljekde hem päk ýürekden ýerine ýetirip, bu dostlukly ýurtlaryň jemgyýetçiligini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleri bilen tanyşdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekerin.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow:

-Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen ýylyň birinji ýarymynda Ýaponiýada açylan Türkmenistanyň ilçihanasynyň sazlaşykly işini guramakda goldaw berýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirýärin. Ýurdumyzyň bu ýerde diplomatiki wekilhanasynyň açylmagy ähli ugurlar boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge täze itergi berdi.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan makullanan Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyna laýyklykda, ägirt uly ykdysady, tehnologiýa we maýa goýum kuwwatyna eýe bolan dünýäniň syýasy giňişliginde uly täsiri bolan Aziýa –Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Onuň netijesinde Türkmenistan soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygynyň çägini ep-esli giňeltmegi, oňa täze geljegi uly ugurlary, şol sanda ýapon ugruny goşmagy başardy.

Döwletimiz bize ýokary talaplary bildirmek bilen, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döredýär. Milli Liderimiziň ägirt uly aladasyna ata Watanymyza we mähriban halkymyza ak ýürekden çekýän tutanýerli zähmetimiz bilen jogap bereris.