Ï Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösüş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösüş

view-icon 694
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň köpçüliklerýin habar serişdeleri üçin duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Danyýar Kadyrow çykyş edip, bu ýere ýygnanlary Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we gelejegi, şeýle hem Gazagystanyň has möhüm wakalary gem-de meýilnamalary bilen tanyşdyrdy.

Gazagystan Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan duşuşygyň geçirilmegi türkmen žurnalistleri üçin indi däbe öwrüldi. Jenap D.Kadyrowyň nygnaýşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy taryhyň we medeni däp-dessuryň umumylygy, şeýle hem garaşsyz döwletleri ösdürmek üçin gerek bolan sebitleýin hem-de global derejede oňaýly şertleri döretmek üçin umumy gyzyklanmalar birleşdirýär. Biz elmydama birek-biregiň üstünlikleri bilen gyzyklanýarys hem-de guwanýarys.

Ähli ugurlar boýunça daşary syýasaty ösdürmek bilen, Gazagystan Türkmenistan bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary işjeň berkidýär. Bu gatnaşyklar hereket etmegiň ähli ugurlary boýunça barha oňyn häsiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň maý aýynda Gazagystana bolan döwlet sapary uly ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, bu saparyň çäklerinde iki döwletiň baştutanlary tarapyndan kontinentara Demirgazyk-Günorta demirýol taslamasynynyň türkmen bölegi açyldy. Beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar ýaly, Gazagystan tarapy bu gurluşygyň golaý wagtlarda doly tamamlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar diýip, diplomat aýdýar.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanşygynyň möçberiniň ep-esli artmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çalt depginler bilen ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 2013-nji ýylyň jemleri boýunça ol ABŞ-nyň 390 million dollaryndan hem geçdi. Dünýäniň iri bazarlaryny baglanyşdyrýan bu demir ýolunyň doly işe başlamagy bilen, bu görkezijileriň ep-esli artyp başlajakdygyna meniň doly ynamym bar diýip, D.Kadyrow belleýär.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň dürli ugurlar boýunça ikiitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 3-4-nji iýunynda Gazagystanyň paýtagty Astanada bolup geçdi. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynda bolup geçen Medeniýet günleri uly üsütünlik bilen geçdi. Golaý wagtlarda göz öňünde tutýan işlerimizden biziň ýurtlarymyzyň işewürler maslahatyny hem-de intelligentleriň maslahatyny görkezmek bolar diýip, diplomat aýdýar.

Umuman, global we sebitleýin, şeýle hem Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gtanaşyklary berkitmäge gönükdirilen syýasatyň möhüm meseleri boýunça ähli derejelerde işler geçirilýär diýip, diplomat duşuşygyň ahyrynda nygtady.