Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Tassaduk Hussaini kabul etdi. Ilçi öz ýurdunyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanda öz işini tamamlaýar.
Ilçi duşuşmak üçin wagt tapandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip we pursatdan peýdalanyp döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny we meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri we bagtyýarlyk barada tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurt bilen giň gerimli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýetiň berilýändigini belledi. Türkmenistany bu ýurt bilen gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Duşuşugyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýokary derejede ýola goýlan ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak arkaly gatnaşyklar, şeýle hem halkara durmuşynyň ähmiýetli ugurlary boýunça iki ýurduň nukdaýnazarlarynyň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi şol gatnaşyklary yzygiderli berkitmäge gös-göni hyzmat edýär. Bellenilişi ýaly, bu ýagdaýlar hyzmatdaşlar bolup durýan, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlar bolan Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklara has netijeli häsiýet çaýdy.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiliniň nygtaýşy ýaly, bütin dünýäde bolşy ýaly, Pakistanda hem Türkmen döwletiniň ýöredýän netijeli syýasatyna ýokary baha berýärler we hemmetaraplaýyn goldaýarlar. Sebitde we dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlygy şol syýasatyň esasyny düzýär. Türkmenistan-Owganystan- Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak boýunça türkmen tarapynyň başyny başlan giň gerimli taslamasy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belläp, Pakistanyň ilçisi öz ýurdunyň tutuş sebit üçin möhüm bolan bu taslamanyň çalt amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini has doly açmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalary diwersifikasiýalaşdyrmaga taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we myhman 2009-njy ýyldan bäri hereket edýän bilelikdäki hökümetara toparynyň eýeleýän ornuny aýratyn bellediler. Onuň işi şu ýyllaryň içinde däbe öwrülen türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň çägini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Tassaduk Hussainiň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyny berkitmek işine goşan ägirt uly goşandyna ýokary baha bermek bilen döwlet Baştutanymyz ilçä üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen-pakistan gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilen işde beren kömegi we goldawy üçin türkmen Liderine we Türkmenistanyň hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen ilçi ýatdan çykmajak ýyllarynyň geçen ýeri -Türkmenistan hakynda iň gowy ýatlamalary hakydasynda we kalbynda hemişe saklajakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hoşlaşanlarynda iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine doly gabat gelýän dostluk gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde has-da berkidiljekdigine ynam bildirdiler.