Ï Türkmenistanyň paýtagtynda wekilçilikli lukmançylyk sergisi we maslahaty tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň paýtagtynda wekilçilikli lukmançylyk sergisi we maslahaty tamamlandy

view-icon 1971
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaity ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan “Saglyk-2014” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini tamamlady.

Halkara maslahatyň baý mazmunly işewür maksatnamasy ýokary hünär derejesi bilen tapawutlanyp, maglumatlary işjeň alyşmaga hem-de lukmançylyk tehnikasy we Derman senagatynyň önüm öndürijileriniň täze işleri bilen tanyşmaga ýardam etdi. “Saglyk-2014” atly halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde geçirilen çäreler Türkmenistanyň saglygy goraýşyny ösdürmegiň geljegi hakynda doly düşünje almaga ýardam berdi.

Sergi dürli ýurtlaryň saglygy goraýyş düzümleriniň wekilleriniň, lukmançylyk maksatly enjamlary we önümleri öndürijileriň, alymlaryň we lukmanlaryň, şeýle hem dünýä belli derman öndürýän kompaniýalaryň önümlerini, maslahat beriş-anyklaýyş hyzmatlaryny edýän enjamlary, lukmançylyk tehnikasyna hyzmat edýän enjamlary türkmen bazaryna getirýän telekeçileriň, bir söz bilen aýdylanda, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga hem-de saglygy goraýyş ulgamynda ileri tutulýan milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýänleriň duşuşýan ýerine öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň gazananlarynyň “Saglyk-2014” atly abraýly sergisine gatnaşmak üçin paýtagtymyz Aşgabat şäherine dünýäniň 41 ýurdundan hünärmenler geldiler. Sergide kompaniýalaryň 253-siniň diwarlyklary görkezildi. Onuň işlän üç gününiň dowamynda Sergi köşgüne ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpsanly wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gelip gördüler.

Sergä gatnaşyjylar täze lukmançylyk tehnikalarynyň önümçilik mümkinçiliklerini görkezdiler, täze lukmançylyk-anyklaýyş, barlaghana we bejeriş enjamlary, ýörite tehnikalar, köpdürli gurallar, derman önümleriniň giň görnüşleri we beýlekiler bilen tanyşdyrdylar.

Ylmy we kliniki lukmançylygyň dürli bölümlerine ornaşdyrylýan innowasion ylmy işler, kompýuter tehnologiýalary, ýörite edebiýatlar, enjamlar görkezilen pawilonlar hünärmenleriň aýratyn üns bermegine mynasyp boldy. Türkmen topragynda işläp, eýýäm özüni tanadan hyzmatdaşlar hem-de Türkmenistanyň geljekki hyzmatdaşlary öz mümkinçilikleri we teklipleri bilen tanyşdyrdylar. Olar uzakmöhletleýin esasda işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirdiler.

Sergä gelenler we daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösýän şypahana ulgamyna uly üns bildirdiler. Köpdürli tebigy landşaftlar, mineral çeşmeler, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri – bularyň hemmesi syýahatçylygyň şypahana-dynç alyş görnüşini ösdürmek üçin ajaýyp şertleri döredýär. Hazaryň türkmen kenarynda okgunly ösýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy giň halkara hyzmatdaşlygy üçin çäksiz we hil taýdan täze mümkinçilikleri döredýär.

Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan hünärmenleri, şol sanda ylmy-kliniki merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylaryny, bilermenleri, ylmyň dürli ugurlary boýunça görnükli alymlary birleşdiren ylmy maslahat saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty babatda netijeli gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüldi.

Halkara ylmy maslahatyň bölümler boýunça geçirilen mejlisleriniň 15-siniň işiniň barşynda saglygy goraýşyň dürli wezipelerini çözmekde türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesi, saglygy goraýyşda döwrebap ýörelgeler hakynda gürrüň edildi. Olarda çykyşlaryň we habarlaryň 250-den gowragy diňlenildi we özara pikir alşyldy. Olara gatnaşyjylar dürli keselleri bejermek we öňüni almak, sanitariýa we epidemiologiýa, lukmançylyk babatda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Aýry-aýry bölümler eneligi we çagalygy goramak, saglygyň tebigy çeşmelerini goramak, lukmançylyk bilimi, sport lukmançylygy baradaky meselelere bagyşlandy.

Alymlaryň we hünärmenleriň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşylýan wezipeleriň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Çykyşlar döwrebap, amaly we düýpli – amaly ylmy-barlaglaryň netijelerini öz içine aldy. Sagdyn durmuş ýörelgesi meselelerine uly üns berildi. Çünki ozal lukmanlar näsaglaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak boýunça iş geçiren bolsalar, indi onuň hilini we zähmete ukyplylygy saklamak möhum ugra öwrüldi. Habarlaryň agramly bölegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan anyk netijeler bilen bagly boldy. Şol syýasat ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmagy we bu ulgamyň täze desgalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden derman öndürýän kärhanalaryň işe girizilmegini üpjün edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerdilmegi netijesinde türkmen lukmançylygynyň hyzmatlarynyň gerimi örän giňelip, okgunly ösüşe eýe boldy. Bu bolsa näsaglygyň derejesiniň peselmegine hem-de adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň artmagyna oňyn täsir etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýşy ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän syýasatyň netijeliligine Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň derejesiniň ýokarlanmagy, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Halkara maslahatynyň barşynda täze neşirleriň--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 6-njy jildiniň hem-de milli Liderimiziň “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” diýen kitabynyň tanyşdyryşy ylmy we jemgyýetçilik ähmiýetli waka boldy. Bu uly göwrümli we oňat bezelen neşirler hünärmenlere hem-de giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmen Lideriniň dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde ösümlikleriň bejeriş häsiýetlerini peýdalanmagy wagyz etmek işine goşan aýratyn goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimize Hirosaki /Ýaponiýa/ uniwersitetiniň şahadatnamasynyň gowşurylmagy häzirki wagtda dünýäniň köp dillerine terjime edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli işiň amaly ähmiýetine nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu şahadatnamany Ýaponiýanyň milli uniwersitetler korporasiýasynyň Hirosaki uniwersitetiniň rektory jenap Kei Sato gowşurdy.

“Dürli dillere, şol sanda ýapon diline terjime edilen bu köp jiltli düýpli ylmy iş diňe bir Günüň dogýan ýurdunyň däl, eýsem, bütin dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň biri bolan uniwersitetde gymmatly ylmy çeşmä öwrüldi” diýip, myhman aýtdy. Ol türkmen döwletiniň Baştutanynyň öz elinden bu neşiriň täze 6-njy jildini sowgat aldy.

“Saglyk-2014” atly Halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe, şeýle hem “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 19 ýyllygyna bagyşlanan iri lukmançylyk merkezleriniň açylyşynyň we Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüniň tutulyşynyň dabaralaryna gatnaşdylar.

Baýramçylyk gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana we “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezi dabaraly açyldy. Şeýle hem 21-nji iýulda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezleri açylyp, ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde Tejribe-önümçilik we iýmit merkeziniň, 120 orunlyk Newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkeziniň gurluşyklaryna badalga berildi.

Halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara paýtagtymyzyň öňdebaryjy barlag we ylmy-kliniki merkezleriniň işi, sport ähmiýetli täze desgalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň, hususy telekeçileriň wekilleriniň geljegi uly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçiren köpsanly gepleşikleri, alyp baran gatnaşyklary serginiň we maslahatyň işleriniň esasy netijeleriniň biri boldy. Olaryň barşynda özara gyzyklanmalaryň ulgamy hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyryldy.

“Saglyk-2014” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahattynyň ýapylyş dabarasynda netijeler jemlendi, maslahata gatnaşyjylara diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Bu çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny şöhlelendirip, Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň nobatdaky tapgyrynyň üstünlige beslenýändigini hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynyň nusgasynyň iş ýüzünde hereketdedigini görkezdi.

Maslahata gatnaşyjylar lukmançylyk ylmynyň ösmegine, ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak işinde giňden tejribe alşylmagyna, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmeginde innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam edýän netijeli gatnaşyklary dowam etmek barada bir pikire geldiler.Bu ýere ýygnananlar häzirki maslahatyň täze hyzmatdaşlary, lukmançylyk barlaglary we bilimi ösdürmegiň geljekki ýollaryny tapmaga ýardam edendigini, saglygy goraýyş pudagynda nobatdaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin ýol açandygyny nygtadylar.

“Saglyk-2014” atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berýändigi, halkara maslahatynyň ýokary guramaçylygy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlere beslenen özgertmelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryny ynandyrdylar.