Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp “Saglyk – 2014” halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.
Däp bolan bu iri möçberli forumy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman sengagaty ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar. Onuň dabaraly açylyşyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda döredijilik toparlary çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Saglyk – 2014” halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, onda milli Liderimiz ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň üstünliklerini, ilatymyzyň saglygyny goramak boýunça gazanylýan ösüşleri nygtady. “Bularyň ählisi biziň ýurdumyzda adam hakdaky we onuň bagtyýar durmuşy ugrundaky aladanyň baş maksat bolup durýandygyny görkezýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň üstünliklerine bagyşlanan halkara sergşi we ylmy maslahat halkara abraýyna eýe boldy we lukmançylyk ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny görkezmäge hem-de saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam berýän iň iri forumlaryň birine öwrüldi.
Şunuň ýaly iri möçberli gözden geçirilişiň her ýylda guralýandygynyň özi hem türkmen döwletiniň durmuş üpjünçiliginiň we jemgyýetiň möhüm şerti bolan ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň mümkinçilikleriniň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýär.
Soňky ýyllarda bu ulgam uly ösüşlere eýe boldy hem-de innowasiýalaryň we dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda okgunly öňe barýar. Mälim bolşy ýaly, saglygy goraýyş we şypahana-sagaldyş ulgamynyň düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezindedir. Sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça geçirilýän çäreleriň netijeliligi, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek hem saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleriň esasy şertleriniň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň raýatlarynyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň 72 ýaşdan geçendigini muňa mysal hökmünde getirmek bolar. Milli Liderimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasy, şeýle hem “Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanyň şypahana –sagaldyş ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy” bu pudagyň öňünde saglygy goraýşy dolandyrmagyň, saglygy goraýyş kömegini bermegiň hilini ýokarlandyrmagyň, lukmançylyk bilimini we ylmyny döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça wezipeleri öňde goýýar.
Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna daýanmak, ylmyň, bilimiň we saglygy goraýşyň tejribesiniň utgaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iň täze enjamlar we döwrebap tilsimatlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralarynyň, şypahana-sagaldyş merkezleriniň, şeýle hem okuw mekdepleriniň bina edilmegi, saglygyg oraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Diňe soňky ýyllaryň içinde döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümliklerinden dermanlary öndürmek boýunça kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri, ylmy-barlag edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň Döwlet gaznasy döredildi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça gazanylan üstünlikler, ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň düýpli azalmagy, ilatyň we saglygy goraýyş edaralarynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli dermanlar we bejeriş maksatly beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilmegi, ýerli çig maldan derman önümçiliginiň ýola goýulmagy, dünýä derejesindäki ýokary tilsimatly hassahanalaryň we şypahanalaryň gurulmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ýörelgesi bolan “Döwlet adam üçindir” diýen şygaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistanda BMG we onuň iri düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn uly ähmiýet berilýär, bu iri halkara guramasy bilen ýurdumyzy köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi baglanyşdyrýar. Muňa lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň giden toplumynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, Türkmenistana ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramak boýunça gazanan ägirt uly üstünlikleriniň ykrarnamasy hökmünde halkara güwänamalarynyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýok edilmendigi üçin berilýän halkara güwänamalary bar, şeýle hem bu ugurda türkmen lukmanlarynyň tejribesini Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda ýaýratmagyň maslahat berlendigi buýsançly wakadyr. BSGG ýurdumyzyň enäniň we çaganyň saglygyny goramak meseleleri boýunça eýeleýän ornuny, iýmit önümlerini baýlaşdyrmak we ilaty ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün etmek, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde geçirilen çagalara uçdantutma sanjym etmek boýunça iri möçberli milli taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini goldaýar.
Şeýle hem Türkmenistan halkara saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilen BSGG-niň alyp barýan işlerine goşandyny goşmaga çalyşýar. Muňa mysal hökmünde 2013-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen BSGG-niň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça Ýewropa ministrler maslahatyny görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu halkara maslahatynda Aşgabat jarnamasy kabul edildi, onda BSGG-niň çäklerinde ýurtlaryň bilelikdäki tagallalarynyň esasy ugurlary beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyndaky özgerişlikler dünýä jemgyýetçiliginiň, iri halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň uly gyzyklanmasyna we ýokary bahasyna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa temmäkä garşy göreşe goşan ägirt uly goşandy üçin ýörite baýragyň gowşurylmagy muňa mysaldyr.
“Saglyk-2014” halkara sergisi ýurdumyzyň saglygy goraýyşda ýeten derejesine şaýatlyk edýär, şu ýyl bu sergä dünýäniň 41 ýurdundan lukmançylyk boýunça dürli ugurlardan hünärmenler gatnaşýarlar. Sergide ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň iri ylmy - kliniki we bilim merkezleriniň, şypahanalaryň diwarlyklary bilen bir hatarda, dermanlaryň dürli görnüşlerini, lukmançylyk enjamlaryny we beýlekileri öndürýän, saglygy goraýyş ulgamy boýunça dürli hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň 253-siniň diwarlyklary ýaýbaňlandyryldy.
“Saglyk-2014” sergisi ýurdumyzyň lukmançylygynyň we saglygy goraýşynyň okgunly ösüşini şöhlelendirmek bilen, öndürijileriň we Hünärmenleriň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin netijeli çäredir. Bu çäre pudakda gazanylan netijeleri we öňdebaryjy tilsimatlary ýakyndan synlamaga, teklipleriňi hödürlemäge giň mümkinçilik berýär.
Sergi däp boýunça, döwlet Baştutanymyzyň ylmy işleri, türkmen topragynda bitýän täsin dermanlyk ösümliklerine bagyşlanan kitaplary görkezilýän bölüm bilen açylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, lukmançylyk boýunça düýpli ylmy işleriň awtory, uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyny we tejribesini dünýä saglygy goraýşynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän ýurdumyzyň saglygy goraýşyny ösdürmegiň milli nusgasyny döretdi. Serginiň ýanaşyk ýerindäki çäkde bolsa ykjam meýdan hassahanasy ýaýbaňlandyryldy.
Däp boýunça Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň lukmançylyk boýunça iş alyp barýan kompaniýalarynyň önümleri giňden görkezilýär. Bu bolsa olaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri çözmek üçin uzakmöhletleýin esasda köpýyllyk hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerine şaýatlyk edýär.
Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan “Hoshitalia internatijnal CmbH” we “Bionorisa CE”, jogapkärçiligi çäklendirilen “Simens” jemgyýetiň şahamçasy (Germaniýa) we “Berlin Hemi AG” kompaniýasynyň wekilhanasy we “KRKA”, “Gedeon Rihter’ (Wengriýa), “World Medicine Limited” (Beýik Britaniýa), “Unipharm. Ine (ABŞ). “Interlab” (Russiýa), Farmzawod “Biokom”,“Ajanta Pharma” (Hindistan), “Sanofi –Awentis”, “Pentah”, “Takeba” (Ýaponiýa), Rumyniýanyň “Rom pharma ehpert” kompaniýasy, Awstriýanyň “Aktin”, Şweýsariýanyň “Abbott” we “Sandoz”, Polşanyň “Polfarma”, Latwiýanyň “Olain Farm” kompaniýalary, Borispolyň lukmançylyk enjamlary zawody APJ, Eşidiş boýunça fiziologiýa we patolgiýa instituty (Polşa), “Boremastr Ltd.” (Pakistan) we köpsanly beýlekiler bar. Serginiň esasy bölegini Ýewropa kompaniýalarynyň önümleri düzýär. Şeýle hem onda Hindistanyň, Hytaýyň we Türkiýäniň kompaniýalary enjamlaryny giňden görkezýärler.
Ýaponiýanyň “Hitachi” kompaniýasynyň lukmançylyk enjamlaryny hödürleýän işewürlik düzümi sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Bu sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň hatarynda Ýewropa hil derejesine laýyk gelýän arassa kosmetiki önümleriň we beýlekileriň giň toplumyny hödürleýän Bolgariýanyň “Biofresh” kompaniýasy hem bar. Bütin dünýä meşhur “Nestle” şweýsar kompaniýasy sergide çaga iýmitiniň köp görnüşini hödürleýär.
Köpsanly daşary ýurtly öndürijiler we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri üçin sergi öz önümlerini we meýilnamalaryny görkezmek, geljegi uly türkmen bazarynda ornaşmak üçin oňat mümkinçilikdir.
“Saglyk-2014” sergisinde lukmançylyk enjamlarynyň iň soňky nusgalary, häzirki zaman anyklaýyş we barlaghana abzallary, serişdeleriň täze we öňden belli bolan görnüşleri, derman önümleri giňden görkezilýär. Şol önümleriň köpüsi tebigy dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanandyr, şeýle hem sergide lukmançylyga degişli mebeller, aragatnaşyk ulgamlary, arassaçylyk – gigiýena maksatly, saglygy we gözelligi saklamaga niýetlenen önümler bar. Sergä gatnaşyjylar innowasion lukmançylyk tilsimatlary babatda harytlary we hyzmatlary hödürleýärler.
Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan serginiň esasy bölegi Türkmenistanyň saglygy goraýyşda we derman senagatynda gazanan üstünliklerine bagyşlanýar. Bu ýerde ylmy we usulyýet edebiýaty, ylmy-barlag institutlarynyň we klinikalaryň alymlarynyň işläp taýýarlamalary giňden görkezilýär. Ýurdumyzdan sergä gatnaşyjylaryň hatarynda döwlet edaralary we ylym-bilim merkezleri bilen bir hatarda, hususy kärhanalar hem bar. Diýarymyzyň iri lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň bilim we ylmy-barlag işleri barada Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bölüminde giňden gürrüň berilýär, bu ýokary okuw mekdebi “Ýewropa hili” atly abraýly baýraga mynasyp boldy we “Awisennanyň direktoraty” bütindünýä maglumat gaznasynyň lukmançylyk biliminiň Bütindünýä federasiýasynyň düzümine girizildi.
“Saglyk-2014” atly sergi Türkmenistanyň lukmançylygynyň we saglygy goraýşynyň okgunly ösüşini görkezmek bilen, önümleri hödürlemek, işewürligi ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalarynyň giňden gatnaşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyp.
Telekeçiler möhüm ähmiýetli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça wezipeleri çözmäge öz goşandyny goşýar. Muňa olaryň gatnaşmagynda saglyk öýleriniň, sagaldyş we sport meýdançalarynyň gurulmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň durkunyň täzelenilmegi, dermanlyk ösümlikleriň taýýarlanylmagy, hususy lukmançylyk merkezleriniň döredilmegi, daşary ýurtlardan häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň we derman serişdeleriniň getirilmegi we beýleki işler mysal bolup biler. Şu gezekki sergide hem olar lukmançylyk harytlarynyň we hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini, lukmançylyk enjamlaryny, derman serişdeleri we beýleki önümleri hem-de hyzmatlary hödürleýär. Ýeri gelende aýtsak, telekeçiler tarapyndan hödürlenen kiçi aroma-sauna hammamy sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi, ony satyn almak üçin eýýäm ýurdumyzyň sagaldyş merkezleri buýurmalary resmileşdirdiler.
Ajaýyp diwarlyklar paýtagtymyzyň iri ylmy-kliniki merkezleriniň, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gulluklarynyň, paýtagt we welaýat saglygy goraýyş bölümleriniň işleri, türkmen lukman alymlarynyň işläp taýýarlamalary, şeýle hem innowasion tilsimatlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde geçirilmegi mümkin bolan barlaglar barada gürrüň berýär. Ýurdumyzyň derman senagatynyň gazananlaryny görkezýän diwarlyklar hem sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi.
Serginiň aýry-aýry bölümleri täze we durky täzelenilýän şypahana dynç alyş merkezleriniň, sport hem-de syýahatçylyk lukmançylygynyň ösüşine bagyşlanýar. Häzirki wagtda bu pudaklar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, çünki ýurdumyzda ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şunda Türkmenistanyň saglygy dikeldiş mümkinçiliklerine uly orun degişlidir. Diňe soňky ýyllaryň içinde “Baýramaly”, “Berzeňňi”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap”, “Mollagara” şypahanalarynyň durky düýpli täzelendi. Olaryň ählisi iň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Mundan bir aýa golaý ozal häzirki zaman anyklaýyş we bejeriş desgalary bilen enjamlaşdyrylan 200 orunlyk “Daşoguz” şypahanasy ulanmaga berildi. Şol enjamlar ýerli çeşmeleri peýdalanmagyň esasynda sagaldyş hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýän dünýäniň belli kompaniýalarynyň önümleridir.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ulanmaga berlen döwrebap dynç alyş merkezleri adamlaryň saglygyny berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu merkezleriň ählisi ýurdumyzyň ilatyna, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek, saglygyňy dikeltmek boýunça hyzmatlary hödürleýär.
Lukmançylyk enjamlary ulgamynda innowasiýa teklipleri we tilsimatlary, derman senagatynda täze usullary, şeýle hem dürli keselleri bejermegiň öňdebaryjy tejribesini ulanmak halkara ylmy maslahatyň işinň esasy ugruny düzdi. Ylmy-amaly maslahata lukmançylyk ulgamynyň dürli ugurlary boýunça esasy hünärmenler, dünýä belli alymlar gatnaşýar. Olaryň hatarynda iri halkara ylmy - kliniki merkezleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem bilim ulgamynda we saglygy goraýyşda täze tilsimatlary işläp taýýarlaýan kompaniýalaryň bilermenleri hem-de hünärmenleri bar. Türkmen tarapyna ylmy-kliniki merkezleriň alymlary we hünärmenleri, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we aspirantlary, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň degişli guramalaryndan gelen hünärmenler wekilçilik edýär.
Ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistandan, Germaniýadan, Russiýadan, Polşadan belli alymlar, iri kliniki we ylmy-barlag lukmançylyk merkezleriniň wekilleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent derejesini bellediler, bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde mümkin boldy. Bu syýasat bolsa dünýä bileleşiginiň hem-de iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleri bolan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) , Ilat gaznasynyň we ýurdumyz bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän beýleki guramalaryň ykrarnamasyna mynasyp boldy. Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan iri möçberli özgertmelere ýokary baha berdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisiň tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň altynjy jildiniň we milli Liderimiziň “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ensiklopediki işiniň altynjy jildi milli Liderimiziň 2009-njy ýylda başlan we häzirki wagtda dünýäniň köp dillerine terjime edilen düýpli ylmy işiniň dowamydyr.
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň neşir edilmegi diňe bir ýurdumyzyň farmasewtika ylmyny ösdürmekde däl-de, eýsem, dünýä boýunça fitoterapiýanyň ösdürilmeginde hem möhüm ädim boldy. Sebäbi bu ylmy iş Türkmenistanyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasydyr. Bu neşiriň hakyky gymmaty ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda uly islegden peýdalanýandygyndan ybaratdyr. Şonuň bilen bir wagtda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitap daşary ýurtly hünärmenlerde hem uly gyzyklanma döredýär, çünki bu neşiriň sahypalarynda ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň, şol sanda diňe biziň topragymyzda ösýän ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri, olary lukmançylyk ylmynda we halk tebipçiliginde peýdalanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär.
Dermanlyk ösümlikleriniň we halk fitoterapiýanyň haýran galdyryjy ensiklopediýasy bolan bu ylmy iş millionlarça okyjylaryň ýankitabyna öwrülip, olara adamzat ösüşine, şol sanda lukmançylyk boýunça hem ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesini we däp-dessuryny öwrenmäge ýardam berýär. Bu neşiriň dünýäde bahasyna ýetip bolmajak gymmatyna we meşhurlygyna onuň dürli dillere terjime edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ylmy işiniň iň abraýly halkara forumlarynyň biri bolan Moskwada geçirilen 22-nji kitap sergi – ýarmarkasynyň “Taglymlaryň düýplüligi we ýokary ensiklopediki derejedäki ylmy-barlaglar üçin” atly diploma mynasyp bolandygyny ýtladýarys.
Bu neşir ozal çap edilen kitaplar bilen bilelikde, arassa çig maldan ýokary täsirli derman serişdelerini köpasyrlyk halk tejribesini we häzirki zaman innowasiýalary sazlaşykly peýdalanmak bilen öndürmäge gönükdirilen farmasewtika ylmyny ösdürmäge täze kuwwatly itergi berer.
“Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” atly täze kitap türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilip, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy baradaky aýdan pähimleriniň suratlar bilen göwnejaý bezelen neşirdir. Oňa milli Liderimiziň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň, Bütindünýä saglyk güni, Çagalary goramagyň halkara güni we bu ulgama degişli beýleki şanly seneler mynasybetli iberen gutlaglarynyň aýry-aýry bölekleri girizildi. Bu kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösüşiniň özboluşly ýylýazgysydyr.
Okyjy täze neşir bilen tanşyp, bary-ýogy soňky birnäçe ýylyň içinde türkmen lukmançylygynyň we derman senagatynyň gazananlary barada doly düşünje alyp biler. Milli Liderimiziň her bir gutlag hatynda we çykyşynda bu ulgamyň işgärleriniň öňünde täze-täze wezipeler goýulýar. Kitabyň her bir setiri ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň taryhyna giren şanly wakalary ýatladýar. Şeýle wakalaryň hatarynda täze okuw mekdepleriniň döredilmegini, iri ylmy-kliniki we sagaldyş merkezleriniň hem-de lukmançylyga degişli beýleki desgalaryň açylyşyny görkezmek bolar. Bu çäreler ilatyň giň köpçüligini sagdyn durmuş ýörelgesine çekmäge uly ýardam berýär.
Okyjylar kitapda getirilen maglumatlaryň esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan ägirt uly işler bilen-de tanşyp bilerler. Şonuň bilen bir wagtda hem milli Liderimiziň häzirki zaman lukmançylygy baradaky aýdan pähimleri hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky ýokary hünär derejesini görkezýär. Täze neşir ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada anyk düşünje bermek bilen, häzirki wagtda bu ulgamyň öňünde durýan strategiki ähmiýetli wezipelere düşünmäge ýardam berýär.
Bular barada “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” atly täze kitabyň tanyşdyryş dabarasynyň barşynda aýdyldy. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň täze kitaplarynyň ägirt uly ähmiýetini bellediler. Bu neşirleriň diňe bir hünärmenler, okuwçy ýaşlar üçin däl-de, eýsem, Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň häzirki wagtdaky ösüşi bilen gyzyklanýan dünýäniň okyjylarynyň köpsanlysy üçin uly gyzyklanma döredýändigi nygtaldy.
Şonuň üçin hem täze neşirleriň wezipesi diňe bir maglumat berijilik häsiýetine eýe bolman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde goýan wezipelerinden gelip çykýar. Milli Liderimiziň ylmy hem-de döwlet işleriniň baş maksady türkmen halkynyň saglygy we abadançylygydyr, bu bolsa çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, buýsanç duýgusyny döredýär hem-de täze kitaplar saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygyna iň gymmatly sowgat bolup durýar.
Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimize saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öz zähmetleri bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny durmuşa geçirmäge goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Kitaplaryň ikisi hem Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edildi.
Ertir “Saglyk-2014” atly halkara sergisi we ylmy-amaly maslahat öz işini dowam eder. 15 bölümçede geçiriljek mejlisleriň barşynda lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlaryna, inoowasion işläp taýýarlamalaryna, lukmançylyk we derman önümçiligi boýunça häzirki zaman enjamlaryna, anyklamagyň we dürli keselleri bejermegiň öňdebaryjy usullaryna, sagdyn durmuş ýörelgesine we ilatyň saglygyny goramaga, lukmançylyk bilimini kämilleşdirmäge, şeýle hem häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan çykyşlar diňleniler. Aýry-aýry iş bölümçeleri saglygyň tebigy çeşmelerine, sagdyn durmuş ýörelgesine, sport lukmançylygyna bagyşlanar.
“Saglyk-2014” atly halkara sergisi we ylmy-amaly maslahaty 22-nji iýula çenli dowam eder.