Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabarasynda eden çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabarasynda eden çykyşy

view-icon 772
(Aşgabat şäheri , 2014-nji ýylyň 21-nji iýuly)

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!


Biz şu gün häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda paýtagtymyzda gurlan Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanany, Aşgabat şäherinde hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurlan «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezlerini dabaraly açyp, ulanmaga berýäris. Şeýle hem, paýtagtymyzda Tejribe-önümçilik we iýmit merkeziniň, 120 orunlyk Newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň hem-de Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň düýbüni tutýarys.

Men sizi we mähriban halkymy, şeýle hem berkarar Watanymyzyň saglygy goraýyş işgärlerini ýurdumyzda giňden bellenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de bu baýram mynasybetli täze gurlan binalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!


Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

«Saglyk» döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012–2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we kabul edilen beýleki maksatnamalar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de özgertmek boýunça öňümizde durýan möhüm wezipeleri kesgitleýär. Döwlet öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy barada hemişe alada etmäge borçludyr. Sebäbi, sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özeni bolup durýar! Şoňa görä-de, berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda iň döwrebap saglygy goraýyş anyklaýyş merkezlerini, şypahana edaralarynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmek, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Geçirilen tutumly işleriň netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi diýip, ynam bilen aýdyp bileris. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagaldyş-dynç alyş ulgamynyň tutuş toplumy döredildi.

Muňa mysal hökmünde Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berlen sagaldyş-dynç alyş toplumlarynyň hem-de dünýä derejesine laýyk gelýän myhmanhanalaryň onlarçasyny görkezmek bolar.

Ýurdumyzda «Ene mähri» we keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezleri, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar we beýleki saglygy goraýyş maksatly desgalar hem yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi.

Biz şu gün hem şeýle merkezleriň birnäçesini dabaraly açýarys, täze desgalaryň düýbüni tutýarys. Şu gün ulanmaga berilýän Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň, «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezleriniň, şeýle hem düýbi tutulýan saglygy goraýyş maksatly täze binalaryň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza ýokary derejeli hyzmat etjekdigine berk ynanýaryn!

Hormatly adamlar!

Kämil lukmançylyk enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana ýokanç däl keselleriň öňüni almaga, şeýle hem keseli öz wagtynda ýüze çykaryp, ýokary hilli bejermäge mümkinçilik berer.

Bu täze hassahananyň bölümleri, anyklaýyş hem-de kesel bejeriş otaglary Germaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň we dünýäniň beýleki ösen döwletleriniň öňdebaryjy kärhanalarynyň lukmançylyk we saglygy goraýyş maksatly enjamlary, zerur bolan serişdeler bilen üpjün edildi.

Merkeziň Kardiologiýa we Kardiohirurgiýa bölümlerinde çagalaryň we uly ýaşly adamlaryň ýürek keselini ýokary derejeli bejermek üçin ähli şertler döredildi. Merkeziň beýleki bölümlerinde hem halkymyza ýokary derejede hyzmat ediler.

Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ulanmaga berilýän «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezleri diňe bir ýarawsyzlygyň ýüze çykan ýerinde ýa bolmasa öýde däl-de, eýsem ýatymlaýyn şertlerde hem bejeriş-anyklaýyş işlerini amala aşyrýan saglygy goraýyş edarasy bolup hyzmat eder. Bu merkezleriň kabul ediş bölümlerinde gysga wagtyň içinde ykjam we göçme enjamlaryň kömegi bilen kesel takyk anyklanar. Zerur bolan ýagdaýlarda operasiýa ýoly bilen bejergi geçirilip, näsaglar degişli bölümlere ýerleşdiriler.

Merkezde kardiologiýa, reanimasiýa, newrologiýa, şikes ýetmeler we hirurgiýa toparlary işlär. Ýüz tutýan näsaglara ähli amatlyklary bolan we ýörite enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglarynda zerur gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berler we olary bejeriş­öňüni alyş edaralaryna ýerleşdirmek üçin ähli şertler dörediler.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlardaky Saglygy goraýyş merkeziniň sanitar awiasiýasy bölüminde ýörite dikuçar hereket eder. Bu dikuçar gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi.

Bu saglygy goraýyş enjamlarynyň üsti bilen näsaglara öz wagtynda ilkinji we düýpli lukmançylyk kömegi berler. Dikuçaryň kömegi bilen näsaglary ýurdumyzyň islendik ýerinden saglygy goraýyş edaralaryna, şol sanda Aşgabat şäherinde şu gün ulanmaga berilýän «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezine öz wagtynda ýerleşdirmäge mümkinçilik dörär.

Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, biz şu gün täze saglygy goraýyş desgalarynyň hem düýbüni tutýarys. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda Tejribe-önümçilik we iýmit merkeziniň, 120 orunlyk Newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň hem-de Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň düýbüniň tutulmagynyň aýratyn manysy bar. Sebäbi, raýatlarymyzyň saglygyny goramak, iýmit önümleriniň we agyz suwunyň hiline, daşky gurşawyň howspuzlygyna gözegçilik etmek, ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri ylmy taýdan öwrenip, anyklamagyň we bejermegiň täze, häzirki zaman usullaryny işläp taýýarlamak milli lukmançylygyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde zyýanly endiklere garşy göreşmek aýratyn orny eýeleýär.

Nesillerimizi temmäkini ulanmagyň zyýanly täsirinden goramaga gönükdirilen başlangyçlarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň biri bolan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň halkara derejesinde ykrar etmegi ähli halkymyz üçin guwandyryjy waka boldy. Bu waka Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy!

Häzirki döwürde ýurdumyz Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy hem-de beýleki halkara guramalary bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş ylmy-barlag merkezleri bilen giň gerimli gatnaşyklary saklaýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Bu ulgamyň mümkinçilikleriniň ýokary derejede ulanylmagy oňat netijeleri gazanmaga, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge ýardam berýär. Garaşsyz Watanymyzda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma keselleriniň ýokdugyny, şeýle hem unuň demir we foliý turşusy hem-de duzuň ýod bilen baýlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm resminamalar mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş we saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda biziň edýän tagallalarymyzy halkara derejesinde ykrar edýän aýdyň subutnamalardyr.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, şol sanda keselleriň ähli görnüşleriniň öňüni almak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Halkymyzyň saglygyny berkitmek, temmäkini ulanmak ýaly ýaramaz endikleriň garşysyna alnyp barylýan göreşi güýçlendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, 2000-nji ýyldan başlap ýurdumyzda temmäkä garşy netijeli göreş alnyp barylýar. Türkmenistan 2011-nji ýylda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna goşuldy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen bilelikde ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012–2016-njy ýyllar üçin meýilnamasy işlenip taýýarlandy hem-de häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2013-nji ýylyň dekabrynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk–2020» syýasatynyň çäklerinde «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly Ýewropanyň ministrler derejesinde geçirilen maslahatynda Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy.

Alnyp barlan netijeli işler ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn üns berilýändigine, ynsan saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biz mähriban halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmak barada hemişe alada ederis!

Hormatly adamlar!
Gadyrly lukmanlar!


Sizi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda dabaraly bellenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de bu baýram mynasybetli paýtagtymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Kardiologiýa ylmy - kliniki merkezli hassahananyň, Aşgabat şäherinde we Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezleriniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size we mähriban halkyma berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerine bolsa, ynsan saglygyny goramak we berkitmek ýaly asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin!