Ï Gender deňligini öňe sürmek
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gender deňligini öňe sürmek

view-icon 760
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmen milli demokratiýa we adam hukuklary baradaky institutynyň we BMG-niň Ilat gaznasy boýunça Türkmenistandaky wekilýetiniň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri üçin Fransiýa tanyşdyrylyş sapary geçirildi. Bu sapar BMG-niň Ilat gaznasy boýunça Türkmenistandaky wekilýetiniň Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde guraldy. Saparyň esasy maksady bolsa gender deňligi boýunça milli meýilnamalary taýýarlamak we durmuş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem olary ýerine ýetirmegiň monitoringiniň usulyny öwrenmek bolup durýar.

Türkmenistanyň wekilýetiniň agzalary ýurduň gender syýasatynyň kanynçylyk binýady we ony amala aşyrmagyň ugurlary bilen jikme-jik tanyşdylar. Maksatnamanyň çäklerinde Zenanlaryň işi boýunça minstrlikde, Milli bilim ministrliginde, Gender deňligi boýunça ýokary geňeşde, Zenanlary goramak – zorlugyň pidalaryna we adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça edarara wekillikde, Fransiýanyň Ombudsmen edarasynda, Zenanlaryň hukuklary boýunça milli assambleýanyň wekilýetinde, Daşary işler ministrliginde, Zenanlaryň raýdaşlygy milli federasiýada, Parižiň şäher meriýasynda, şeýle hem erkekleriň we zenanlaryň deň hukulygyny amala aşyrmak boýunça işlere degişli beýleki gurluşlsrda duşuşyklar geçirildi.