Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýedi aýynda alyp barýan işleriniň netijelerine garaldy.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, mili howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, hususan-da, häzirki türkmen jemgyýetinde raýat parahatçylygyny üpjün etmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şol çäreler bolsa täze taryhy eýýamyň--Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy we hukuk tertibini saklamagyň möhümdigini nygtap, tertip-düzgüni berkitmegiň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň halal işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Şol edaralaryň işgärleri gaýduwsyzlygyň, jogapkärçiligiň hem-de harby we raýatlyk borjuna wepalylygyň nusgasy bolmalydyr.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarlylygyny we eldegrilmesizligini üpjün etmek babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan gurluşyk işleri we olaryň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çärele barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza ýetip gelýän Serhetçiler güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzyň Serhet goşunlarynyň döredilen gününiň nobatdaky senesi mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, serhetçilerimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň goragynda hüşgär durup, Watan goragçylary diýen belent ada mynasyp boljakdyklaryna ynam bildirdi.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan harby özgertmeleriň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi. Milli goşunymyzyň harby-tehniki binýadyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin oňaýly gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek şol özgertmeleriň esasy ugurlarydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin kesgitlenen wezipeleriň wajypdygy barada aýdyp, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylaryna ýaş esgerleriň harby-watançylyk taýýarlygyna aýratyn üns bermegi, şeýle hem Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi we oňat dynç almagy üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy. Ýaş esgerler ata-babalarymyzyň Watany goramak babatdaky iň gowy däpleriniň esasynda terbiýelenmelidir.
Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň we düzümleriniň köpugurly işi barada hasabat berdi. Şol edaralaryň üstüne jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek, dürli düzgün bozmalaryň öňüni almak wezipeleri ýüklenendir.
Milli Liderimiz döwlet ösüşiniň möhüm wezipeleriniň ählisini üstünlikli çözmegiň wajyp şerti bolan jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde Içeri işler ministrliginiň möhüm ornuny belläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen her bir adamyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny berk goramagyň wajypdygyny nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew özüne ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Şol işler bolsa prokuratura edaralarynyň milli kanunçylygyň birkemsiz berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi bilen baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini nygtap, bu düzümiň işgärleriniň durmuşa geçirýän çäreleriniň kanunçylygyň we döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Ýurdumyzda kanunçylygyň hem-de hukuk tertibiniň berjaý edilişine gönüden-göni jogap berýän edarada kanunyň berk berjaý edilmegini ähli zatdan ileri tutýan halal we päk ýürekli adamlar işlemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidetimiz Döwlet hospsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň prokuratura edaralarynda prokurorlary wezipä bellemek we olary wezipeden boşatmak hakyndaky degişli resminama gol çekdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew ýurdumyzda kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler, kanun tarapyndan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda üstünlikli amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň uly ähmiýetini belledi. Kanunlaryň berk berjaý edilmeginiň kepili bolup durýan kazyýet edaralarynyň işi Türkmenistanyň syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek döwletimiziň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedowa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, hereket edýän kanunlary ilatymyzyň dykgatyna ýetirmek we düşündirmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrligiň işgärleriniň beýleki hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliklerini guramagyň çäklerinde yzygiderli maslahatlary bermegiň hasabyna adamlara hukuk kömegini bermegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz adalat ministrine hereket edýän kanunçylygyň doly seljerilmegini nazara almak bilen, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny we Mejlisiň garamagyna berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol resminamalar bolsa Türkmenistanyň geljek ýyllarda hem durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmeginiň möhüm wezipelerini çözmäge ýardam etmelidir.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň 2014-nji ýylyň ýedi aýynda amala aşyran işleri, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp bu gullugyň geçirýän işleriniň wajypdygyny nygtady we ýurdumyzyň serhetlerinden geçirilýän ýükleriň ählisiniň gözden geçirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegiň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewiň polkownik harby adyny podpolkownik harby adyna çenli peseltmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Şeýle hem milli Liderimiz gullugyň garamagyndaky düzümleriň ählisinde tertip-düzgüni güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz M.Çakyýewi ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek we ony içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, raýatlarymyzy ýaramaz endiklerden goramak boýunça yzygiderli geçirilýän meýilnamalaýyn çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň, neşe serişdelerinden hem-de psihotrop maddalardan ejir çekýän adamlara kömek bermegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyny nygtap, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň, şeýle hem iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki işiniň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Şol edaralaryň we guramalaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi bolsa oňat netijeleri berýär.
Hormatly Prezidentimiz neşekeşlige garşy göreşi mundan beýläk-de güýçlendirmek maksadynda Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça goşmaça çäreleriň görüljekdigini nygtady. Bu gulluk mundan beýläk hem işde zerur bolan iň täze enjamlar we ýörite tehniki serişdeler bien üpjün ediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow hasabat döwründe durmuşa geçiren işler, hususan-da, migrasiýa çäreleriniň geçirilmegini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyza gelýän daşary ýurtlularyň sanynyň durnukly artýandygyny, munuň bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki döwürde okgunly ösýän Türkmenistana gyzyklanmasynyň artýandygyny aýdyň görkezýändigini kanagatlanmak bilen belläp, gullugyň öňünde duran gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň mundan beýläk hem öz gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine, döwletimiziň özygtyýarlylygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen uly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz mähriban halkymyzyň abançylygynyň bähbidine ýurdumyzda asudalygy üpjün etmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň goşandyny belläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda döwletimiziň mundan beýläk hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gullugy we ýaşyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmäge aýratyn üns berjekdigini nygtady.
Döwet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meseleleriň birnäçesine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.