Ï Türkmenistan “EKSPO-2015” taýýarlyk görýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan “EKSPO-2015” taýýarlyk görýär

view-icon 850
Indiki ýylyň 1-nji maýyndan 31-nji oktýabry aralygynda Milanda geçiriljek “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisi üçin Türkmenistanyň pawilonlarynyň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigi yglan edildi

Bäsleşik Söwda-senagat edarasy tarapyndan geçirilýär. Bäsleşik boýunça teklipler 20-nji awgusta çenli kabul ediler. Pawilony gurmakdan başga hem potratçy-kompaniýa, şeýle hem, Bütindünýä sergisiniň dowamynda onuň işini goldamagy amala aşyrar.

Milli pawilonyň bezeg-taslamasy Türkmenistanyň ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlsinde görkezildi. 1175 inedördül metr ýeri eýelejek umumy meýdanda milli şekilleriň häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşýan milli äheňde gurulan iki gatly bina gurular.

Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň 50-den gowrak ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bölümleri görkeziler. Mundan hem başga, sergi binasynyň birinji gatyndaky çaýhanada milli aşhananyň tagamlary hödürlener. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary we milli lybaslarynyň dürli görnüşleriniň görkezilişi üçin bu ýerde uly ekrany bolan sahna göz öňünde tutulýar. Binanyň ikinji gatynda dürli bölümlerden we we türkmen halylarynyň görkezilişinden başga-da ägirt uly ekrany bolan 5D wideokinoteatr enjamlaşdyrylar. Binanyň üçeginde milli nyşan hökmünde ak öý oturdylar we ol ýerde dynç almak üçin gök zolak dörediler.

“EKSPO-15”-iň şygary - “Planetany ekläris: ýaşaýyň hatyrasyna kuwwat”. Bütindünýä sergisiniň gün tertibiniň köpugurlylygy nazara alnyp, bu ulgamda Türkmenistanyň tejribesini we üstünliklerini, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň gazananlaryny, taryhy-medeni mirasy, baý obasenagat we eksport kuwwaty, ekologiýa we durmuş meselelerini çözmekdäki tejribelerini hemmetaraplaýyn görkezýän ýurdumyzyň milli ekspozisiýasyny toplumlaýyn gurmak meýilleşdirilýär. Şu babatda türkmen sergi bölümini “Azyk bolçulygy – parahat ösüş” diýip atlandyrmak teklip edilýär. Şeýle hem milli nyşanly sowgatlyklaryň logotipi we nusgalary işlenilip taýýarlanylýar.