"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda zehinli çagalaryň “Awaza - dostluk mekany” atly V Halkara festiwalynyň şu günki güni oňa gatnaşyjylar üçin döredijilik we sport çäreleriniň dürlüligi boýunça örän baý boly.
Irden “Daýanç” çagalar dynç alyş merkeziniň ýanyndaky kenarda çäreleriň birnäçesi – badbörekleri uçurmak, “Şadyýan badalglar”, toparlaýyn hereketli oýunlar, degişme ýaryşlary hem-de çalasynlyk, ýyndamlyk we başarjaňlyk babatdaky ýaryşlar ähli ýaş artistleri özüne çekdi. Her kim öz güýjüni synap görmek isläp, sport ruhunyň özüne çekiji güýjüni duýdy we şunda bäsleşigiň düzüm bölegi öz mümkinçilikleriňi, üstünlige tarap ymtylşyňy amal etmäge okgunlylygyňy barlamakda jemlendi.
Çagalar basdaşlyk etmediler, olar bir-biregi işjeň goldadylar we şunda dil bilmek kynçylygy hiç hili päsgelçilik döretmedi. Haýsy toparyň netijede ýüpi öz tarapyna çekjekdigi ýa-da aýgytlaýjy pökgüni tora geçirjekdigi onçakly wajyp hem bolmady. Şoňa görä-de, bu ýerde ýeňilenler bolmady. Hemmeler dostlar bilen ýeňşiň şatlygyny deň paýlaşmak islediler. Awaza şol şatlygy bolluk bilen eçildi.
Sportuň dürlig örnüşlerinden başga-da, çagalar – ýaş aýdymçylar, tansçylar we sazandalar döredijiligiň beýleki görnüşlerinde hem özlerini synap gördüler. Ine, bu ýerde deňziň kenarynda, plenerde özboluşly sungat studiýasy guraldy: reňkler kimi köp özüne çekse, degişli gurallary alsa, kimler deňiz çägesinden we balyk gulakdan öz şekilendiriş pikirini döretdi. Olar döredijiligiň doly erkinligini duýdular. Çagalaryň hyýallary bolsa, mälim bolşly ýaly, iň adaty şekilleri we serişdeleri täsin keşplere öwürmäge ukyplydyr. Olar bolsa ussat suratkeşiň ýa-da güýçli dizaýneriň hem aklyny haýran edip bilýär.
Hazaryň kenaryndaky sergi muny ýene bir gezek görkezdi. Belent sungatyň nukdaýnazaryndan bu işler ýönekeý ýaly bolsa-da, päkligiň iň röwşen eserleri bolup durýar. Olar ruhubelentligiň ajaýyp eserleridir! Olar parahatçylyga we geljege ýagşy niýetlerdir. Olaryň esasy gymmatlygy çagalaryň pikirleriniň açyklygynda, ýürekden ynamda jemlenýär. Olaryň garaşylmadyk tapyndylaryna we çözgütlerine şonça-da gyzykly garalyp, oýnamak we güýmenmek, jadylyk döredip, adaty zatlara we garaýyşlara bize täzeçe çäkleri açmak arkaly pikir tapyp bilýändikleri bilen haýran galdyrýarlar. Bu işlerdäki pikir parahatçylyk, ene mährinden, ata ojagyndan başlanýan Watan we elbetde dostlar bolup durýar. Bu ähli tolgundyryjy suratlary we çägeden ýasalan şekiljikleri birleşdiren esasy mowzuk bolsa ajaýyp, täsin Awaza ülkesidir.
Bu mowzuk edebi çärede-de öz beýanyny tapdy. Kölegeli, oňaýly telärlerde stoluň başynda ýerleşip, çagalar düzme ýazdylar. Olar düzmelerinde biziň ýurdumyz barada, myhmansöýer türkmen halky barada, döredijilik açyşlar barada, festiwalda gören we eşiden ähli zatlary barada özlerinde galan täsirleri beýan etmäge çalyşdylar.
Bu özboluşly beýanatlarda, şol sanda ony ýazanlaryň ene dilinden terjime edilen düzmelerde ýeke-täk mazmun ýaňlanýar – ol dürli ýurtlaryň çagalarynyň dostluga we gatnaşyga ymtylmalarydyr, munuň üçin döreilen mümkinçilige çagalaryň hoşallygydyr. Olar hoşallyk we haýran galmak baradaky aýratyn sözlerini türkmen milletiniň Lideri – “Awaza – dostluk mekany” festiwalynyň başyny başlaýjy hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolladylar.
...Myhmanlar öz türkmen deň-duşlary bilen tanşyp, biz olaryň öz döwlet Baştutanyna nähili uly söýgi bilen garaýandyklaryny, oňa buýsanýandyklaryny gördük diýip aýdýarlar. Siziň ajaýyp ýurduňyza gelenimizden birnäçe gün geçenden soň bolsa, biz olaryň öz Prezidentini näme üçin şeýle söýýändiklerine diňe bir düşünmän, eýsem şeýle buýsançly duýguny özümiz hem duýup başladyk. Sebäbi Türkmenistanda hemme ýerde we ähli babatda döwlet Baştutanynyň çagalar, olaryň bagty we geljegi baradaky ägirt uly we hemişelik aladasy duýulýar.
Bu mähirli we tolgundyryjy sözleriň üstüne çagalar gaýta-gaýta “Köp sag boluň!” diýen sözlerini goşýarlar. Ol sözler şu günler Awazada dürli dillerde, köplenç bolsa türkmen dilinde ýaňlanýar. “Salam”, “Dostluk” we “Sag bol” -bu esasy üç sözi beýleki ýurtlardan bolan çagalar dessine ýatlarynda sakladylar. Olaryň umumy manydaş sözi bolsa türkmen sagaldyş künjegi “Awaza” diýen söz bolýar.
Dynç alyş ruhy fesitwalyň tapgyrlaryna aýratyn göwniçaglyk goşdy: çagalar deňze suwa düşmek ýa-da howuzlarda suwly belentliklerden typmak pursatyny sypdyrmadylar. Sirk artistleriniň çykyşlary hem çagalary güýmäp,festiwala gatnaşyjylara uly goldaw berdi. Mysal üçin, şu gün çagalar ýüp üstünde ýöreýänlere we beýleki çykyşlara haýran galmak bilen tomaşa etdiler. Ýüp üstündäki çykyş, onuň üstünde diňe ýörelmegi bilen däl, eýsem welosipedli geçilmegi we hatda “katerde” “ýüzülmegi” bilen haýran galdyrdy. Oglan we gyzlar şeýle hem sirkçileriň eldekileşdirilen haýwanlary bolan maýmynlar we uly toty guşlar bilen ýüzbe-ýüz boldular.
Şu gün çagalar üçin şeýle hem türkmen halkynyň amaly-haşamsungatynyň we çeper hünär önümleriniň sergisi guraldy. Bu sergi “interaktiw”, ýagny her bir önümi eliňe almak, ölçäp görmek, geýip görmek we beýleki ýagdaýlaryndan peýdalanmak mümkin boldy.
Ýöne, festiwala gatnaşyjylar üçin döredijilik wezipeleri hem çetde galmady. Ol käbir beýleki görnüşde ýüze çykyp, ony şeýleräk sözler bilen beýan etmek mümkin: aýdyma, saza, tansa şatlyk bilen berilmek, öz sungatyňy dostlaryňa bagyş etmek şatlygy.
“Daýanç” dynç alyş merkeziniň amfiteatryndaky şu günki konsert döredijilik sowgatlary bilen şeýle özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Bu ýerde weklýetleriň hersi öz çykyşlaryndan görkezdiler. Ol çykyşlar halk döredijilik we estrada sazlary, nusgawy eserler, dünýä halklarynyň tanslary hem-de akademiki mekdebiniň we häzirki zaman ýaşlaryň ugurlarynyň ruhundaky horeografik çykyşlar bolup durýar.
Döredijilik toparlaryň ýa-da aýdymçylaryň biri sahnada çykyş edýän wagtynda beýlekiler olaryň tomaşaçysy boldy. Şunuň ýaly umumy garaýyşda festiwala gelen halklaryň medeni däpleri goşulyşdy hem-de dürli dillerde gepleýän we dürli ýurtlarda ýaşaýan adamlary birleşdirýän umumy ruhy gymmatlyklar ýene-de bir gezek ýüze çykdy. Şeýdip owazdan mukam döreýär, dostlukdan bolsa – parahatçylyk.