Ï Zehinli çagalaryň “Awaza-dostluk mekany” atly halkara festiwaly açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zehinli çagalaryň “Awaza-dostluk mekany” atly halkara festiwaly açyldy

view-icon 1257
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda zehinli çagalaryň “Awaza-dostluk mekany” atly V halkara festiwaly açyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu medeni döredijilik çäresi birnäçe ýylyň içinde uly meşhurlyga eýe boldy. Zehinli çagalaryň festiwaly çagalar döredijiligini goldamak, dürli halklardan bolan ýaş nesilleriň arasyndaky medeni alyşmalary ösdürmek, olaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagyna ýardam etmekden ybarat bolup, körpeleriň ýakymly gülkülerine, tüýs ýürekden dostlugyna, ýagty umyt-arzuwlaryna we röwşen geljege ýugrulan öwüşginler bilen ajaýyp keşbe eýe boldy. Aýdyň öwüşginli bu medeni çäräniň geçirilmegi türkmen döwletiniň dünýäniň ýurtlary bilen ýakyndan gatnaşyklary ýola goýandygynyň ýene bir subutnamasydyr, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu gatnaşyklarda ýaşlara aýratyn orun degişlidir.


Her ýyl geçirilýän bu festiwala dünýäniň onlarça ýurtlaryndan ýaşlar döredijilik toparlary gatnaşýarlar. Olar Hazaryň türkmen kenaryna öz halklarynyň milli medeni däplerini, sungatyň häzirki zaman meýillerini getirip, beýleki halklaryň nesillerine gönüden-göni ýetirýärler. Festiwalyň heniz uzak bolmadyk taryhynda köpsanly aýdyň, unudylmadyk wakalar bolup geçdi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça bu çäräni bilim, medeniýet ministrlikleri we Balkan welaýat häkimligi guraýarlar. Geçen birnäçe ýylyň dowamynda, festiwalyň çäklerinde ýaş, zehinli ýyldyzjyklaryň onlarçasy ýüze çykaryldy, zehinli çagalaryň çykyşlarynda festiwalyň esasy öňe sürýän taglymy – parahatçylygyň çagalaryň bagtyýarlygyň girewidigi, olaryň öz başarnyklaryny açmak, döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin esasy şert bolup durýandygy şöhlelendirilýär.

Ine, indi dostlugyň, ýaşajyk zehinleriň we milli medeniýetleriň ýene bir uly baýramçylygy başlanýar. Dürli halklaryň aýdyň öwüşginli milli lybaslary, aýdym-sazlary, çagalaryň ýakymly sesleri, tanslary köp öwüşginli täsirleri, tüýs ýürekden ýaňlanýan dostluk aýdymlary Türkmenistanyň milli syýahatçylyk zolagyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Festiwalyň dabaraly açylyşy deňziň kenarynda ýerleşýän Awazanyň esasy sahnasy bolan amfiteatrda geçirildi, bu ýere Bolgariýadan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Russiýadan, Hataýdan, Hindistandan, Ermenistandan, Owganystandan, Şri-Lankadan we Özbegistandan oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň ýüzlerçesi geldi. Festiwala Türkmenistanyň wekilçilikli döredijilik topary hem gatnaşýar.

Zehinli çagalaryň döredijilik duşuşygyna gatnaşýan çagalar birnäçe gün mundan öň biziň ýurdumyza gelip, Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Gökderedäki “Nesil” çagalar sagaldyş merkezine bardylar. Bu ýerde olar biri-birleri bilen tanyşdylar, öňde boljak çykyşlara bilelikde taýýarlyk gördüler, türkmen tebigatyň gözel künjeklerine gezelenç etdiler. Daşary ýurtly ýaşajyk myhmanlar “Aşgabat” medeni dynç alyş seýilgähinde we “Älem” medeni dynç alyş merkezinde hem boldular. Soňra olar ýörite otly bilen Türkmenbaşy şäherine tarap ugur aldylar. Çagalar ýolda biri-biri bilen has-da ýakyndan dostlaşdylar. Deňiz ýakasyndaky şäheriň demir ýol menzilinde dürli ýurtlaryň ýaşajyk wekilleriniň dabaraly ýagdaýda garşylanmagy festiwalyň esasy maksatnamasyna giriş boldy. Çagalaryň aýtmaklaryna görä, şu pursatda olar özlerini Türkmenistanyň kenarýaka künjeginiň hormatly myhmanlary hökmünde duýdular. Bu hakykatdan hem şeýledi.

... Soňra festiwala gatnaşyjy çagalar Awazanyň ajaýyp “Arzuw” we “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezlerinde ýerleşdiler. Olar bu künjegiň ajaýyplyklaryna tizden-tiz uýgunlaşyp, öňde boljak çykyşlaryna taýýarlanmaga girişdiler. Türkmen tebigatynyň ajaýyp künjeginde alan täsirleri zehinli çagalaryň öz çykyşlaryna has-da oňat taýýarlanmaklaryna ýardam edip, olarda täze pikirleri we duýgulary döretdi....

Festiwalynyň şu günki gününiň säheri surat çekmek we çägeden heýkelleri ýasamak boýunça bäsleşikden başlandy. Çagalar Hazar deňziniň çagalar sagaldyş merkezleriniň ýerleşýän bölegini açyk asmanyň astyndaky özboluşly döredijilik ussahanasyna öwürdiler.

Deňziň suwa örän golaý ýerleşýän kenaryndan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ak mermerli binalarynyň ajaýyp keşbi açylýar. Bu ýerde ýaş zehinleriň çeper elleri bilen döredilen suratlaryň, heýkelleriň tutuş toplumy emele geldi. Bu bäsleşiklere diňe bir ýaşajyk suratçylar we heýkeltaraşlar däl-de, eýsem Awazanyň ajaýyp görnüşinden ylham alan myhmanlaryň her biri özlerinde peýda bolan duýgulary beýan etmek üçin mümkinçilik aldylar.

Agşamara gün deňiz gözýetiminiň üstünde aşaklap başlanda, baýramçylyk görnüşinde, gündogaryň gadymy köşkleriniň äheňinde bezelen amfiteatrda köpsanly festiwala gatnaşyjylar we myhmanlar ýygnandylar. Tomaşaçylaryň hatarynda ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat işgärleri, Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary, mekdep okuwçylary we ýaşlar, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň köpsanlysy bar. Hemme ýerde ajaýyp baýramçylyk ruhy höküm sürýär.

Festiwalyň açylyşynyň öň ýanynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň dabaraly ýörişi boldy. Bu ýerde dürli ýurtlaryň baýdaklary pasyrdaýar. Ýöriş seýilgähiň merkezi bölegindäki köp öwüşginli çüwdürimli meýdançadan göni sahna tarap ugur aldy.

Festiwalyň açylyşyny alyp barýan milli lybasdaky türkmen oglanjyk we gyzjagaz türkmen we iňlis dillerinde köpsanly tomaşaçylary we döredijilik çäresine gatnaşyjylary gutladylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Hazaryň kenarynda dürli ýurtlardan ýaş zehinleriň ýüzlerçesini ýygnan halkara çagalar festiwalynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu döredijilik çäresiniň dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän aýdyň öwüşginli baýramçylyk bolup, oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Ýaş zehinlere “Güneşli Diýarymyza hoş geldiňiz!” diýen sözler bilen ýüzlenip, milli Liderimiz Türkmenistanda, bagtyýar çagalygyň ýurdunda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden gelýän çagalaryň oňat dynç almagy we öz türkmen ýaşdaşlary bilen dostlaşmagy üçin ähli şertler döredilýär diýip nygtady.

“Myhmansöýer halkymyzyň dostlaryna we doganlaryna kalby elmydama açykdyr” diýip, bellemek bilen Türkmenistanyň Prezidenti ýaş artistlere döredijilik üstünliklerini we Awazada ajaýyp çykyş etmeklerini, döredijilik festiwalyna bolsa Ýer ýüzüne çagalaryň ruhybelent aýdymlaryny ýetirmegi arzuw etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli gutlag sözeri çagalar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

“Salam, Festiwal!” atly aýdymyň ýaňlanmagy bilen çagalar döredijiliginiň nobatdaky halkara gözdengeçirilişi başlandy. Bagtyýar çagalyga başyglanan horeografiýa sahnasy bu aýdymyň täsirliligini has-da artdyrdy, onuň birinji bölüminde ýaşajyk tansçylar deňizçileriň lybasynda çykyş etdiler, soňra beýleki döredijilik toparlary hem joşgunly tansa goşuldylar.

Soňra dürli ýurtlardan gelen döredijilik toparlarynyň we Türkmenistanyň jemlenen uly toparynyň resmi taýdan çykyşlary boldy. Onuň maksatnamasyna festiwala gatnaşýan ýurtlaryň aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly milli we häzirki zaman tanslary, halk aýdym-sazlary girizildi. Dürli dillerde çagalaryň ýakymly owazlary ýaňlandy, milli äheňlere ýugrulan özboluşly çykyşlar ýaşlaryň okgunly hereketleri bilen ajaýyp öwüşgüne eýe boldy. Käbir çykyşlar dürli döredijilik ugurlaryny öz içine alýan folklar we häzirki zaman äheňlerinde ýaňlandy. Dürli öwüşgünli çykyşlar halklaryň köpugurly saz medeniýetini we ýaşajyk artistleriň sahna ussatlygyny has aýdyň açyp görkezdi.

Milli lybaslaryň köp öwüşgünliligi, halk sazlarynyň dürli äheňleri, köp dillerde ýaňlanýan aýdymlar we festiwala gatnaşyjylaryň ussatlygy şatlyk-şagalaň döredip, gaýtalanmajak täsirleri galdyrdy. Festiwala gatnaşyjylar çagalar sungat mekdepleriniň, dürli döredijilik merkezleriiň okuwçylarydyr, şonuň üçin hem olar tanyşlygyň ilkinji pursatlaryndan biri birlerine oňat düşündiler.

Festiwala gatnaşýanlaryň arasynda Awazada öňki ýyllarda geçirilen döredijilik gözdengeçirilişine gatnaşanlaryň hem bardygyny bellemek gerek. Geçen bir ýylyň dowamynda olaryň döredijiliginde täze ösüşler bolupdyr, ýaş zehinler türkmen topragynyň mymansöýerligini we dostluk baýramçylygynyň täsirini ýene bir gezek görmek üçin Hazaryň kenaryna höwes bilen geldiler.

Ählumumy baýramçylyk ruhy we agzybirlik artisteri hem, olary el çarpyşmalar bilen garşylan tomaşaçylary hem birleşdirdi. Bu ajaýyp künjege ýagnananlaryň hemmesini şatlyk-şagalaň gurşap aldy. Ýaşajyk artistleriň joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary şu günki waka gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

“Awazada” açylan şu günki döredijilik baýramçylygy dostlugy, parahatçylygy we ajaýyp taglymlary özleriniň şygary hökmünde yglan etdi, bu düşünjeler halkara çagalar festiwalynyň özenini düzýär. Sebäbi ýaş zehinleriň festiwalynyň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr, şunda özara hormat we halklaryň biri-biriniň medeniýetleri bilen içgin gyzyklanmaklary, ynam, biziň dünýämizi öňküden-de gözel keşbe getirmek esasy şert bolup çykyş edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe nygtap geçýär. Ozaly bilen çagalar, olaryň geljegi, ýaş zehinleriň ukyplaryny açyp görkezmek üçin şertleri döretmek hakyndaky edilýän alada biziň döwletimiziň baş maksadydyr. Bu “Awaza – dostluk mekany” festiwalynyň hem esasy wezipesidir.

Muny çagalar wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem bellediler, olar üçin öz kärdeşleri bilen gatnaşyklar özara tejribe alyşmaga öwrüldi. Çagalar çeper döredijilik işlerini guramakda hem öz beýanyny tapan gadymy medeniýetleri gaýtadan dikeltmek meýilleri olaryň söhbetdeşliginiň esasyny düzdi. Bu babatda, olaryň pikirine görä, Awaza medeniýetleriň özara täsiri we özara baýlaşmagy, ösüp gelýän nesli milli gymmatlyklar we dütindünýä medeni mirasynyň hazynasy bilen tanyşdyrmak üçin ykrar edilen döredijilik meýdançasyna öwrülýär. Festiwala gatnaşyjylar bu meselelere içgin üns berýändigi, medeni gatnaşyklaryň esasynda halklaryň has-da ýakynlaşmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler.

Amfiteatryň sahnasynda geçen zehinleriň gözdengeçirilişinde ýaşajyk artistler dürli halklaryň saz medeniýetiniň haýran galdyryjy baý däplerini açyp görkezdiler, şol däpleriň esasynda bolsa gözellik we dünýe, hoşniýetlilik we dostluk hakyndaky üýtgewsiz ýörelgeler ýatandyr.

Hazaryň kenaryndaky festiwal dowam edýär. Bu ajaýyp medeni-döredijilik gözdengeçirilişi oňa gatnaşyjylara we tomaşaçylara dünýäniň halklarynyň medeni baýlyklary bilen tanyşmak, olaryň beýleki ýurtlardaky deň-duşlarynyň arzuw-umytlaryny, maksatlaryny bilmek üçin köp mümkinçilikleri döreder. Dünýäniň geljegi ýaşlara degişlidir.