Ï Zehinli çagalaryň “Awaza - dostluk mekany” atly V Halkara festiwaly tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zehinli çagalaryň “Awaza - dostluk mekany” atly V Halkara festiwaly tamamlandy

view-icon 1498
Şu gun agşam zehinli çagalaryň “Awaza - dostluk mekany” atly V Halkara festiwaly uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy, onda Ýewropa we Aziýa halklarynyň medeni däpleri açylyp görkezildi. On ýurtdan – Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Türkieden, Ermenistandan, Owganystandan, Özbegistandan we Şri-Lankadan 11 wekiliýet, şeýle hem Türkmenistandan döredijilik toparlarynyň 13-si ýaş zehinleriň gözden geçirilişine gatnaşdy.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda üç günläp dowam eden festiwalyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp Gökderedäki çagalar-sagaldyş merkezinde bolup, dürli çärelere – döredijilik bäsleşiklerine, sport çärelerine gatnaşdylar. Ol ýerde çagalar jemleýji konsert maksatnamasy üçin bilelikde taýýarlyk geçdiler. Çagalar döredijilik festiwalynyň esasy wakasy boljak bu konserte aýratyn ykjam taýýarlyk görüldi. Köp zähmet talap edýän çykyşlara taýýarlyk işleri ýaş zehinleriň ylhamyny has-da artdyrdy. Olaryň birek-birek bilen dostlaşmagy çagalaryň özlerine bolan ynamyny has-da berkitdi.


Ine, bu gün agşam bolsa olar dostluk baýramçylygyna çagyrylan talapkär tomaşaçylaryň öňünde bilelikdäki konsert bilen çykyş etdiler. Zehinli çagalaryň jemleýji konserti ägirt uly üstünlige eýe boldy. Her bir çaganyň zehini aýratyn üýtgeşik wakadyr, festiwala gatnaşyjylaryň ählisi şu günler Hazaryň kenarynda dostlugyň we sungatyň beýik güýje eýedigine göz ýetirdiler.

Täze täsirlerden we döredijilik meýilnamalardan ruhlanan festiwala gatnaşyjylaryň ählisi bu döredijilik forumynyň dabaraly ýapylyşyna ruhubelent ýagdaýda geldiler. Deňziň kenarynda ýerleşýän “Awazanyň” baş sahnasy bolan amfiteatr baýramçylyk görnüşinde bezelipdir, dürli ýurtlaryň baýdaklary ýeliň ugruna pasyrdaýar, ähli ýerlerde çagalar döredijilik festiwalynyň nyşanlary, howa şarlary bar, çagalaryň gülküleri ýaňlanýar.

Dabaraly ýagdaýda festiwala gatnaşyjylaryň kabul eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesi okalar. Onda çagalar Türkmenistanda geçirilen bagtyýar günler, täze duşuşyklar, ýakymly täsirler hem-de dürli ýurtlardan bolan öz deň-duşlary bilen döredijilik meýillerini paýlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra “Awaza - dostluk mekany” atly V Halkara festiwalyna gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu çagalara sazlar dünýäsinde geçirilen ajaýyp günler, deňziň gözel kenary we täze dostlar barada ýakymly ýatlama bolar. Her ýurduň wekilleri diplomlary we gül desselerini hem-de gutlaglary kabul edip, festiwala we Türkmenistana gysgajyk arzuwlary bilen çykyş etdiler. Şunda ýaşajyk myhmanlaryň köpüsi türkmen dilinde gürlediler, gysga wagtyň içinde ol sözleri öwrenmäge türkmen dostlary olara ýakyndan kömek etdiler.

Soňra festiwala gatnaşyjylaryň ählisi sahna çykyp, Awaza we festiwala bagyşlanan aýdymyň owazy astynda ajaýyp dostluk tansyny ýerine etirdiler. Bu çykyş jemleýji uly konsertiň girişine öwrüldi, bu konsert bolsa zehinleriň, çagalaryň döredijilik dünýäsiniň özboluşly alamatyna öwrüldi. Şonda festiwala gatnaşyjylaryň her biri başarnyklaryny görkezip, öz ýurtlaryna mynasyp wekilçilik etdiler, milli aýdym-sazlarynyň özboluşlylygyny, medeni däplerini görkezip, öz deň-duşlarynyň we tomaşaçylaryň hoşallygyna eýe boldular.

Jemleýji konsert türkmen tans toparlarynyň taýýarlan sahnalaşdyrylan çykyşy bilen açyldy, onda dürli halklaryň ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri janlandyryldy. Çagalar turuwbaşdan ertekilerden özleriniň ilkinji durmuş sapaklaryny alýarlar, ertekiler çagalaryň kalbynda gowulyga we gudrata, dostluga ynam döredýär. Uly baýramçylyk şagalaňy dünýäniň dürli halklarynyň dürli öwüşgünli aýdym-sazlary, tanslary, folklor sahnalary bilen dowam etdirildi, çykyşlaryň her biri ýaşajyk artistleriň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Bu aýdyň öwüşgünli konserte biziň ýurdumyzyň belli çagalar tans toparlary “Joşgun”, “Şatlyk”, “Ruhubelent çagalar” şeýle hem “Güneş” hory, “Owaz” orkestri, “Hazar merjenleri” we ýurdumyzyň ähli welýatlaryndan hem-de Aşgabatdan beýleki çagalar döredijilik toparlary çykyş edip, aýratyn bezeg berdiler.

Däp bolşy ýaly, küştdepdi tansy ýerine etirildi. Oňa ýaş zehinleriň ählisi gatnaşdylar. Biziň ýurdumyzyň ýaşajyk myhmanlary bu tansyň sazlaşykly hereketlerini bilelikde ýerine ýetirip, türkmen dostlaryndan yzda galmadylar. Bu gadymy tansyň ruhubelent äheňleri oňa tomaşa edenleriň ählisini özüne çekýär we bu tansa goşulman çetde galmak mümkin bolmaýar.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerine ýetirilen aýdym “Awaza” we Türkmenistan baradaky hoş habary ýer ýüzüne ýaýyp, festiwala gatnaşyjylaryň hemmesini bir ýere jemledi.

Zehinli çagalaryň bu festiwalynyň çagalaryň geljekde hem öz döredijiligini ösdürmegi üçin höweslendiriji waka boljakdygyna ynanýarys. Ýaşajyk ýürekleriň mähri, çaga gülküleriniň owazy, tüýs ýürekden tanyşlyk we dostluk, dünýäniň dürli ýurtlaryndan biziň Watanymyza gelen ýaşajyk artistleriň, sazandalaryň, aýdymçylaryň we tansçylaryň birek-birege bolan ýakymly duýgulary diňe bir olaryň hakydalarynda däl-de, bu ajaýyp pursatlary beýan eden fotosuratlarda hem saklanar. Tolgundyryjy täsirler çagalaryň kalplarynda we ýüreklerinde saklanyp, olaryň döredijilik zehininiň has-da ylham almagyna oňat täsir eder.

Awazada geçirilen baýramçylyk oňa gatnaşyjylaryň her birinde döredijilik açyşlarynyň bagtly pursatlaryny we ýatdan çykmajak duşuşyklary galdyrdy. Ajaýyp künjekde geçirilen şadyýan günler ýyllaryň geçmegi bilen hem çagalaryň hakydasyndan çykmaz.

Bu döredijilik çäresinde bäsleşikleriň höweslendiriji güýjüniň bardygyna garamazdan, esasy zat bäsleşik däldir, festiwalyň esasy maksady dürli ýurtlardan bolan çagalary ýakynlaşdyrmakdan, olaryň döredijilik ylhamyny höweslendirmekden, beýleki halklaryň iň oňat däp-dessurlary we medeniýetleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Şeýle-de, çagalaryň döredijilik forumynyň esasy wezipesi diňe bir olaryň döredijilik taýdan ösmegini höweslendirmekden, medeniýetde we sungatda ýakyn halkara gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat däldir. Festiwalyň ilkinji nobatdaky wezipesi şunuň ýaly çäreleriň medeni taýdan özara baýlaşmaga, medeni däpleri öwrenmäge we alyşmaga ählumumy ünsi çekmäge ýardam bermekdir, bu bolsa häzirkizaman dünýäsinde örän möhümdir.

Bu ýerde çagalar döredijilik çäresiniň üstünlikli geçirilmegi üpjün etmek üçin guramaçylaryň, dolandyryjylaryň, režissýorlaryň, terbiýeçileriň we halypa sazandalaryň hem-de beýleki köp sanly sahnalaryň tehniki işgärleriniň, lukmanlaryň uly toparynyň aýratyn ornuny bellemek gerekdir. Festiwala gatnaşmak bagty miýesser eden uly ýaşly adamlaryň ählisi – tomaşaçylar, wekilýetleriň ýolbaşçylary ýa-da festiwalyň ähli wakalaryny jikme-jik şöhlelendiren habar beriş serişdeleriniň wekilleri hakykatdan hem çagalar özleriniň gowulyga, gözellige we dostluga ynamy bilen dünýäni özgerdýändiklerine gönüden-göni göz ýetirdiler.

...Uly we aýdyň öwüşgünli baýramçylyk tamamlandy, emma oňa gatnaşyjylar gynanmaýarlar, sebäbi öňde täze umytlar we täze duşuşyklar garaşýar. “Şunuň ýaly şatlykly we ajaýyp baýramçylyk üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa köp sagbolsun aýdýarys!” diýip, biziň ýaşajyk myhmanlarymyz biragyzdan gaýtalaýarlar. “Myhmansöýer türkmen topraynda geçirilen günler biziň durmuşymyzyň iň ýakymly ýatlamalarynyň biri bolup galar!”.

Bu festiwal oňa gatnaşan çagalaryň ählisi üçin umytlaryň we arzuwlaryň özboluşly adajygyna öwrülip, olaryň ylham ýelkenlerini täze arzuwlar bilen dolduryp, geljegiň çäksiz giňişliklerine tarap ak ýol açýar. Festiwala gatnaşyjylaryň ählisine rowaçlyk we olaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edýäris.