Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň IX ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Bu ykdysady forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýranyň “Pars Pegah Tejaret” kompaniýasy bilelikde gurady.
Eýranyň haryt öndürijileriniň Aşgabatda geçirilýän yzygiderli sergisi goňşy ýurduň kompaniýalarynyň täze gazananlaryny äşgär etmek üçin açyk meýdança öwrüldi. Olar öz pudaklarynda öňdäki orunlary eýeleýärler we dostlukly ýurduň iri senagat merkezlerine wekilçilik eýdärler. Ägirt uly ylmy we senagat mümkinçiliklerini äşgär edýän köpugurly sergi iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan belýäk-de berkidilmegine we giňeldilmegine, ýyl-ýyldan ösdürilýän özara peýdaly gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň kemala gelmegine gönükdirendir.
Ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler, ýurdumyzyň jemgyetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, telekeçiler gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Geçirilýän serginiň ähmiýetini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz “Berkarar döwletimiziň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazanlaryny ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetiniň uludygyny” nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisiniň iki goňşy döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýdyp, onuň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz öz Gutlagynda belledi.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Ylym we tehnolgiýalar boýunça orunbasary, Aýratyn zehinlileriň milli gaznasynyň başlygy jenap Surena Sattary çykyş etdi. Onuň belleýşi ýaly, bu şanly waka iki ýurduň köpugurly baý däpleriniň aýdyň subutnamasydyr we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.
Eýranyň türkmen paýtagtynda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin gelen işewür toparlarynyň wekilleriniň uly sanawy olaryň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy ugur edinýän Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän bazaryna bolan ýokary gyzyklanmalaryny alamatlandyrýar. Olaryň hatarynda kompaniýalaryň ýolbaşçylary, dürli söwda düzümleriniň menejerleri, hünärmenleri, wekilleri bar.
Sergä dürli kompaniýlaryň 120-den gowragy gatnaşýar. Olaryň hatarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ylym we tehnolgiýalar ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkeziniň, “Saderat-Eýran” bankynyň wekilhanasynyň, şeýle hem köpsanly kompaniýalaryň, önüm öndürijileriň, häzirki zaman gurluşyk serişdelerini we enjamlaryny, stanoklary, elktrohereketlendirijileri, ulag serişdelerini, dag-magdan we himiýa pudagynyň önümlerini, durmuş tehnikalaryny, dokma senagatynyň önümlerini, azyk harytlaryny, seýilgäh zolaklarynyň serişdelerini ugradyjylaryň wekilleri bar.
Serginiň köpsanly bölümlerinde Eýranyň ýurdumyzda belli bolan öňdebaryjy önüm öndürijileriniň harytlary görkezilýär. Olaryň hatarynda geljegi uly bolan türkmen bazaryna täzelikde aralaşýanlary hem bar. Sergide Eýranyň “Gac Souzan”, “Electronic Afza Azma”, “Almaz Inwetment Group”, “Mehravand”, “Zolac Iran”, “Bahman Steel”, “Jonybarlule”, “Mazandaran Cement”, “Fanavaram energy”, “Saman Monit” we başga-da köpsanly kompaniýalar harytlaryny görkezdiler.
Iri senagat gurluşygy bolan nebitgaz we energetika pudaklarynyň desgalary, ýerasty geçelgeler, ýollar, deňiz menziliniň düzümi, suw geçirijiler, bentler, arassalaýjy desgalar, zawodlar üçin niýetlenen enjamlar we degişli tehnikalar serginiň esasyny düzýär. Gurluşyk we bezeg serişdeleriniň, polimer we polietilen önümleriň, gurluşykda ulanylýan metallaryň, dürli simleriň örän köp görnüşleri görkezildi. Şeýle hem elektrotehnika gurallary, santehnika enjamlary, durmuş-himiýa ulgamyna degişli önümler ýaly halkyň sarp edýän harytlarynyň hem köp görnüşi sergide öz ornuny tapdy.
Ozal hem bolşy ýaly, Eýranyň sergi bölümlerinde eýran halylarynyň, palaslarynyň, dürli gap-gaçlaryň we milli senetkärçiligiň önümleriniň köp görnüşleri bezeýär. Munuň özi eýran halkynyň baý taryhynyň, özboluşly sungatynyň we gadymy medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.
Sergi meýdançasy işewür duşuşyklaryň we türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, täze özara peýdaly ylalaşyklaryň gazanylmagyna gönükdirilen gepleşikleriň merkezine öwrüldi.
Aşgabatlylar we paýtagtmyzyň myhmanlary Sergi köşgünde geçirilýän köpugurly sergi bölümleri bilen üç günüň dowamynda tanşyp bilerler.