Şu gün türkmen paýtagtynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň üçünji mejlisi boldy, oňa birnäçe döwlet düzümleriniň, şol sanda, esasy pudaklaýyn ministrlikleriň hem-de edaralarynyň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri jenap Çžan Gaoliniň baştutanlygynda wekilçilikli topar Aşgabada geldi.
Nobatdaky mejlisiň barşynda komitetiň gezekleşikli başlyklary ýangyç-energetika, toplumynda, ulag ulgamynda, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini we depginini kanagatlanmak bilen nygtap, iki ýurduň ähli ugurlar boýunça strategiki hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassykladylar. Bu ýere ýygnananlar şeýle işewür duşuşyklaryň ähmiýeti hakynda söz açyp, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň işi iki dostlukly halklaryň bähbitleri üçin doly möçberli gatnaşyklary giňeltmäge täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler, şol duşuşyklaryň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin binýady kemala getirmäge umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar.
Mejlisiň gün tertibine bar bolan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge we netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge degişli meseleleriň giň topary girizildi. Komitetiň agzalary geçen döwürde möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini belläp, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Bu babatda duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag ugrunda, dokma senagatynda, oba hojalygy babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek baradaky pikiri aýtdylar. Özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport agzaldy.
Hytaý tarapyndan komitetiň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýyny belläp, Hytaý Halk Respublikasynyň işewür toparlarynyň bilelikde maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň bolmagyny giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar pikir alyşmagyň çäklerinde gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, hususan-da, bilim we medeniýet babatda däp bolan gatnaşyklary has-da giňeltmek barada bir pikire geldiler.
Mejlisiň ahyrynda gazanylan ylalaşyklaryň eýýäm ýakyn geljekde iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine hem-de Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli, dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.
Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň üçünji mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.