Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen gurluşyk toplumynyň edaralary tarapyndan bilelikde guralan “Türkmengurluşyk – 2014” halkara sergisi işini tamamlady. Şu ýyl ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişde 15 ýurtdan 220-den gowrak wekiller öz önümlerini görkezdiler.
Forumyň çäklerinde pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryny, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini, gurluşyk senagatynyň hünärmenlerini, dünýäniň köp ýurtlaryndan bilermenleri bir ýere jemlän “Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň ösüşiniň uly geljegini nazarda tutup, işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hem-de pudagyň kärhanalarynyň gurluşyk serişdeler senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna çykarmak üçin iň täze işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we soňky täzelikleri peýdalanmakda pudagyň kärhanalarynyň gyzyklanmalary barada özara pikir alyşdylar.
Sergide gurluşyk serişdeleri, ýöriteleşdirilen tehnikalar we enjamlar, ýol gurluşyk, taslaýyş bölümleri, dürli tehniki täzelikler we inženerçilik nukdaýnazaryndan iň täsin we çylşyrymly taslamalary amala aşyrmaga ýardam edýän has berk serişdeler görkezildi.
Täze binagärlik taslamalary myhmanlaryň we sergä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Köpsanly taslamalaryň hatarynda dolandyryş merkezleri, ýaşaýyş jaý toplumlary, durmuş ulgamynyň desgalary görkezildi. Olar ýakyn geljekde bina edilip, şäherlerimiziň we obalarymyzyň binagärlik keşbiniň tanalmaz derejede özgerjekdigi we amatlylygyň artjakdygy barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly özgerýän keşbi Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň nusgasynyň, häzirki eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikleriniň oňat mysaly bolup hyzmat edýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen gurluşyk senagatynyň ösüşiniň maksatnamasynyň netijeliligi we wajyplygy milli ykdysadyýetiň bu strategik ulgamyny okgunly ýokarlandyrmagy, ýaşaýyş jaý, durmuş we medeni ulgamlaryň, täze önümçilikleriň gurluşyklaryny ösdürmegi şertlendirdi.
Gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak üçin ýurdumyzda hemme şertler, şol sanda bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin hemme şertler döredilýär. Gurluşyk pudagyna goýberilýän iri maýa goýumlar, amatly maýa goýum ýagdaýlarynyň döredilmegi öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň, serişdeleri, gurluşyk tehnikalary we enjamlary öndürijileriň işe çekilmegine ýardam edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýat we etrap merkezlerinde dünýä ölçeglerine gabat gelýän köpsanly desgalar – döwrebap senagat kuwwatlyklary, saglyk öýleri, okuw binalarynyň, lukmançylyk merkezleriniň, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumlary, şypahanalar, seýilgähler, sport toplumlary gurulýar.
Häzirki wagtda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly işler alnyp barylýar. Prezident Maksatnamasy ähli welaýatlarda durmuş-ykdysady ähmiýetli desgalaryň, ulag we inženerçilik ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşyklarynyň ýokary depginlerini üpjün edýär. Gurluşyk pudagynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň düýpli ýokarlanmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan möhüm wezipeleriň biridir. Olaryň üstünlikli çözülmegi gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berýän gazyp alynýan peýdaly magdanlaryň uly gorunyň ýurdumyzda agdyklyk etmegi, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça zawodlaryň, iri panelli jaý gurluşyk kombinatlarynyň çalt döwrebaplaşdyrylmagy, ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň möçberiniň artdyrylmagy bilen şertlendirilendir.
Şeýlelik bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň üstünliklerini giňden wagyz etmek işinde, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak, geljekki täze gurluşyklaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin şertleri döretmekde ähmiýetli waka hökmünde halkara sergisine we maslahatyna uly üns berilmegi kanunalaýykdyr.
“Türkmengurluşyk – 2014” sergisine we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, pudaga täze maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde uly goşanda öwrülen forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşuryldy.