Ï Maliýe ulgamy: maýa goýum- bank işiniň ösdürilmegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maliýe ulgamy: maýa goýum- bank işiniň ösdürilmegi

view-icon 1360
Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde “Maýa goýum – bank işleri we netijeli hususylaşdyrmakda hem-de maýa bazarlaryny ösdürmekde onuň orny” atly okuw-naslahaty geçirildi. Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda ABŞ-niň Halkara ösüş boýunça agentliginiň Makroykdysady taslamasynyň hünärmenleri tarapyndan «Chevron» kompaniýasynyň goldamagynda guraldy.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Merkezi bankyň we Türkmenistanyň täjirçilik banklarynyň wekillerinden ybarat bolan hünärmenleriň ýigrimiden gowragy gatnaşýar. Hünärmenleriň öňünde öň taslama ýolbaşçylyk eden, ABŞ-niň halkara bilermeni Natalýa MakGregor çykyş edýär.

Bu okuw maslahatynda maýa goýum-bank işleriniň teoretiki we praktiki nukdaýnazarklaryň deň gatnaşygy goýuldy, ösen we ösýän ýurtlarda olaryň tapawudynyň sebäpleriniň beýanyny alarlar. Okuw maslhatynyň dowamynda ýene-de bir möhüm tematiki ugur maýa goýum-bank işleriniň kada-hukuk binýady, hususylaşdyrmagy höweslendirmek we maýa bazarlaryny ösdürmek üçin maýa goýum-bank işlerini peýdalanamgyň netijeli usullary bolup durýar.

Şeýle hem okuw maslahatyna gatnaşyjylar ýurduň baýlyklaryny netijeli peýdalanmakda hem-de ykdysady ösüşi goldamakda milli abadançylygy ösdürmekde banklaryň we gaznalaryň ähmiýetleri barada gerek bolan maglumatlary alarlar. Okuw sapagynyň dowamynda birnäçe ýurtlaryň mysalynda bu ulgamda geçirilýän gözlegleriň birnäçesi görleziler.