Ï Türkmenistan BMG-niň münberinden esasy ugurlar boýunça özara gatnaşyklar boýunça öz tekliplerini beýan eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG-niň münberinden esasy ugurlar boýunça özara gatnaşyklar boýunça öz tekliplerini beýan eder

view-icon 747
Şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde açylýan BMG-niň 69-njy mejlisinde esasy ugurlarda işjeň halkara özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça Türkmenistan oňyn garaýyşlaryny we biziň ýurdumyzyň anyk tekliplerini beýan eder diýip, Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Bu teklipler ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramakdan hem-de pugtalandyrmakdan, energetika ulgamynda, ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekden, gumanitar meseleler we adam hukuklary, ekologiýa we daşky gurşawy goramakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa sebtinde howpsuzlyk we parahatçylyk forumyny çagyrmagy hem-de ony 2015-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip edýär. Şeýle hem, türkmen paýtagtynda Aziýada BMG-niň ýaragsyzlanmak boýunça Sebitara merkezini döretmek bilen baglanyşykly meselelere garamak teklip ediler.

BMG-niň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän Türkmenistan bu ugur boýunça, energetika howpsuzlygy ýaly, täze anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegini teklip edýär.

Şunuň biulen birlikde biziň ýurdumyz sebit we sebitara derejeli ulag geçelgelerini döretmek boýunça birnäçe taslamalary öňe sürýär hem-de şu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan Merkezi Aziýada nusgalyk awtoulag ýolunyň gurluşygynyň mümkinçiligine garamagy teklip edýär we bu işe işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan edýär.

Şeýle hem Türkmenistan gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Şunda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maýyplaryň hukuklaryny goramak, bosgunlar we beýlekiler bilen bagly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Şeýle hem ekologiýa we daşky gurşawyň goralmagyna degişli meseleler yzygiderli ösüşiň meseleleri bilen içgin baglanyşyklydyr. Ýurdumyz bu möhüm ugurda BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly Merkezi Aziýada we Hazar sebtinde ekologiýanyň ýagdaýyny gowlandyrmak, ilatyň ýaşaýşynyň derejasini we hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşe degişli taslamalary amala aşyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Tüçrkmenistan agzalan sebitlerde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we degişli düzümleriň çemeleleşmelerini işläp düzmek bilen bagly meselelerde köptaraplaýyn tagallalaryň güýçlendirilmegi ugrunda çykyş edip, howanyň üýtgemegine degişli meselelri çözmek boýunça BMG bilen bilelikde Sebitara merkezi döretmegi teklip etdi. Türkmenistan BMG-niň agzalary bolup durýab ýurtlara bu başlangyjy goldamak baradaky teklip bilen ýüzlenmegi göz öňünde tutýar.