Ï “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň türkmen böleginiň gurluşygy möhletinden öň tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň türkmen böleginiň gurluşygy möhletinden öň tamamlandy

view-icon 788
Şu ýylyň 23-nji awgustynda bolup geçen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orubasary S.Satlykow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygy boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly ýerine ýetirendigi barada hasabat berdi.

Demir ýol Eýranyň serhedine ýetirildi we ulanylmaga berilmäge doly taýýar edildi. Ýokary dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümi döredildi. Ýoluň ugrunda demir ýol beketleri, köprüler we beýleki ugurdaş desgalar, şol sanda hyzmat edýän işgärler we olaryň maşgalalary üçin ýaşayş jaý toplumlary we ş.m. guruldy.

“Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň işläp başlamagy Balkan sebitiniň baý tebigy serişdelerini özleşdirmäge ýardam eder. Köp sanly iş orunlaryny döreder, halk hojalyk ýükleriniň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, yklym derejesinde çalt daşalşyny üpjün eder. Munuň özi sebitara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine ýardam eder.