Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 939
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň “Buig” kompaniýasynyň prezidenti – baş direktory Marten Buigi kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny şu gün bellenilýän şanly baýramçylyk – Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly mertebedigini nygtady. Myhman hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýöredilýän oňyn syýasatyň Türkmenistanyň batly depgin bilen ösmegini we ýurduň halkara derejesindäki at-abraýnyň has-da beýgelmegini şertlendirendigini aýtdy. Ýurtda maýa goýumlary boýunça oňaýly ýagdaýyň we netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň dünýäniň işewür toparlary üçin özüne çekiji bolmagyna getirdi hem-de häzirki wagtda geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazarynda ornaşmagy we oňa gatnaşmagyny giňeltmegi maksat edinýän öňdebaryjy kompaniýalaryň sany barha artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dürli pudaklar, şol sanda şäher gurluşygy boýunça ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Buig” bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini hem-de bilelikde birnäçe taslamalaryň üstünlikli amada aşyrylmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy. Bularyň hatarynda Aşgabatda gurlan döwrebap ýokary okuw mekdeplerini görkezmek bolar, şu gün bularyň sanawyna ýokary halkara ölçeglerine görä üpjün edilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti goşuldy.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutmak arkaly, fransuz kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz täze binalar we desgalar gurlanda öňdebaryjy binagärlik we inženerçilik-tehniki oý-pikirleriň, döredijilikli çemeleşmäniň we innowasion tehnologiýalaryň işjeňlik bilen ulanylmagynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin esasy çelgi bolmalydygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan binalaryň we desgalaryň ählisi döwrebap Türkmenistanyň ajaýyp nyşanlaryna öwrülip, esasy maksada – adamlaryň durmuşynyň täze ölçegleriniň üpjün edilmegine kybap gelmelidigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Marten Buig kompaniýa uly ynam bildirilýändigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, öz gezeginde “Buigiň” geljekde-de hyzmatdaşlyk boýunça borçnamalarynyň berjaý edilmegine örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.