Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 801
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki möhüm ugurlary girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty welaýatlardaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmakdan başlamak bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan möhüm oba hojalyk işleri babatda obasenagat pudagyndaky geçirilýän işlere aýratyn ünsi çekdi.

Ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim hasabat berip başlamazdan öň, welaýatyň ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimizi “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunda döwlet Baştutanymyzyň şan-şöhraty äleme dolan milli atçylyk sungatyny dikeltmekde we ösdürmekde, onuň däplerini dowam etdirmekde ägirt uly işleri bitirendigi aýratyn bellenildi.

Häkim welaýatda dowam edýän güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy hakynda hasabat bermek bilen, meýdanlarda işledilýän oba hojalyk tehnikasynyň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek, degişli zähmet we dynç alyş şertlerini döretmek maksadynda görülýän çäreler barada aýtdy. Bulardan başga-da, welaýatda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň ýetip gelýän baş baýramy—Garaşsyzlyk gününe, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekiş bilen bagly meselelere ünsi çekdi we häkime welaýatyň käbir etraplarynda, hususan-da, Kaka, Babadaýhan we Sarahs etraplarynda güýzlük däne ekişini döwrüň talabyna laýyk guramak barada anyk görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen birlikde, welaýatda pagta ýygymyny guramakda hem Kaka, Baharly we Derweze etraplarynda işleriň depginini güýçlendirmek barada tabşyryk berdi.

Milli Liderimiz bu oba hojalyk möwsümleriniň möhüm ähmiýetini belläp, häkimden güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek üçin zerur bolan çäreleri görmegi talap etdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň hiline we olaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi, şeýle hem Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Öňde boljak Ýaşulular maslahatynyň mejlisi barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiz raýatlardan gelýän teklipleri düýpli öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy. Şol teklipler Ýaşulular maslahatynyň gün tertibine giriziler. Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim döwlet Baştutanymyzy “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we günbatar welaýatyň ähli ilatynyň adyndan milli Liderimize türkmen halkynyň gadymdan gelýän atçylyk däplerini dikeltmekde we dowam etmekde taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Häkim Balkan welaýatynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň durmuş-ykdysady düzümini has-da ösdürmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, welaýatda möhüm ähmiýetli medeni-durmuş maksatly gurluşyklarda işleriň depginini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler barada habar berdi.

Güýzlük däne ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň esasy wezipeleriniň biridigini, onuň bereketli hasylyň girewi bolup durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu möhüm oba hojalyk işini guramakda ýüze çykan ýagdaýy seljermegi hem-de güýzlük däne ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak we meýdan işlerini degişli derejede geçirmek boýunça anyk çäreleri görmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň abadan we amatly durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri çözmäge jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häkime welaýatdaky desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamak barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän widioşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Ol welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ägirt uly işleri netijesinde ýurdumyzda gadymdan gözbaş alýan milli atçylyk sungaty we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri öz ösüşinde täze itergä eýe boldy.

Häkim hasabatynyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, şeýle hem sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm waka bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna, şeýle hem şanly baýramçylygymyz bolan Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramak bilen bagly meselelere ünsi çekip, welaýatyň käbir etraplarynda güýzlük däne ekişiniň depginlerini güýçlendirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen “ak altyny” öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak üçin pagta ýygymyna dahylly ähli düzümleriň hemmesiniň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde dowam edýän gurluşyk desgalaryndaky işleriň depginini güýçlendirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görmek, şol sanda maslahatyň gün tertibiniň meseleleri boýunça raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen bagly görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çagyryldy. Ol hasabat bermezden öň hormatly Prezidentimizi “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, welaýatyň ähli ilatynyň adyndan döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde egsilmez gujur-gaýrat we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Welaýatyň häkimi sebitde işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, möwsümleýin oba hojalyk işleri bolan güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan önümçilik, medeni we durmuş maksatly möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işleri we sebitiň ýaşaýyş-durmuş düzümini has-da kämilleşdirmek maksadynda görülýän çäreler barada aýtdy. Şu ýyl Lebap welaýatynda geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmek işleri hasabatyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň käbir etraplarynda, hususan-da, Köýtendag we Galkynyş etraplarynda güýzlük däne ekişiniň depginleriniň pesdigini aýtdy. Munuň şeýle bolmagy bu jogapkärli möwsümi guramakda kemçiliklere ýol berilmegi bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ýagdaýyň sebäplerini seljermek we ony düzetmek üçin zerur bolan çäreleri görmek barada häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz pagta ýygym möwsüminiň welaýatda degişli derejede guralmandygyny we onuň depginleriniň pesdigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz häkime pagta meýdanlaryny “ak altyny” kombaýnlar bilen ýygnamak üçin degişli derejede taýýarlamagy hem-de möwsümiň depginlerini artdyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatda gurulýan möhüm desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny we öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimine Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň, şeýle hem eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly bolan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çykyş edip, sebitiň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan milli Liderimizi “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyzyň milli atçylyk sungatyny ösdürmäge hem-de onuň şan-şöhratly däpleriniň täze taryhy döwürde dowam etmegine goşan goşandynyň ägirt uludygyny aýtdy.

Häkim welaýatda geçirilýän işler barada hasabat bermek bilen, obasenagat pudagynda işleriň ýagdaýy, şol sanda güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy hakynda habar berdi. Welaýatyň senagat düzümini ösdürmek we durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sebitde gurluşygy alnyp barylýan möhüm ähmiýetli desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda amala aşyrylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly meselelere ünsi çekip, Altyn sähra we Mary etraplarynda güýzlük däne ekişiniň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy we emele gelen ýagdaýy düzetmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda “ak altyn” ýygnamagyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak hem-de pagta ýygym möwsümini degişli derejede geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýetişdirilen hasyly kombaýnlar bilen ýygnamak üçin ýerleri degişli derejede taýýarlamagyň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hiline aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna hem-de ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmäge düýpli we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çykyş etdi. Ol ähli aşgabatlylaryň adyndan hormatly Prezidentimizi “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen mähirli gutlady. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde häzirki döwürde türkmen halkynyň gadymdan gelýän bu sungatynyň täze belentlige çykdy. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, at çapmagyň milli sungatyny kämilleşdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini dünýä ýaýmak boýunça maksada gönükdirilen işler geçirilýär.

Şäheriň täze gurulýan desgalarynda işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäher düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat bermek bilen, häkim Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada hem aýtdy.

Paýtagtymyzda amala aşyrylýan işlere örän oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde gurulýan ähli desgalaryň ýokary hilini üpjün etmegiň, şäher gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp düzmeleri giňden ulanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, şäheriň şaýollarynyň we köçeleriniň degişli ulanyş ýagdaýyny, şeýle hem Aşgabat şäheriniň durmuş-üpjünçilik ulgamlarynyň takyk we bökdençsiz işlemegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanjak dabaralar barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz häkime olara taýýarlyk görmek, şeýle hem paýtagtymyzy baýramçylyk lybasyna beslemek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan we bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.