Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Janyş Rustenbekowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň mähirli salamyny gowşurdy. Ol döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ilçi öz ýurduna Türkmenistanda wekilçilik etmegiň uly hormat-sarpadygyny aýtdy. Türkmenistany we Gyrgyz Respublikasyny häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan, däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň adyna mähirli salamyny beýan edip, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we oňa netijeli türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Gyrgyz Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili ähli ugurlarda—söwda-ykdysady ulgamda hem-de medeni-gumanitar ugurda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny döwrüň talabyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin amatly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler. Şunda özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň iki döwletiň milli bähbitlerine, şeýle hem tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna laýyk gelýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň we onuň möhüm usullaryny işläp taýýarlamagyň täsirli guraly hökmünde bilelikdäki hökümetara toparyny döretmek baradaky teklibi beýan etdi. Ulag-aragatnaşyk ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Ýurdumyz bu ulgamda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň başyny başlady. Döwlet Baştutanymyz gumanitar ulgamda aragatnaşyk etmek meselesine degip geçip, beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň ajaýyp filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Gyrgyz Respublikasynda ystanda geçirilen dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Diplomat Gyrgyz Respublikasynyň ýurdumyz bilen giň möçberli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Janyş Rustenbekow abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli häsiýete eýedigini belläp, Gyrgyz Respublikasynyň türkmen Lideriniň öňe sürýän oňyn parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we ilçi iki döwletiň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn berkidiljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.