Ï Türkmenistan-BMG: ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BMG: ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

view-icon 744
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda öz işine başlan BMG-niň ösüşe ýardam etmek boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamany strategik meýilleşdirmek boýunça bilelikdäki maslahatyň gün tertibine edilen işleriň jemlerini seljermek we geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Maslahata gatnaşmak üçin bu ýere BMG-niň Aşgabatdaky iri agentlikleriniň - BMGÖM-niň, ÝNISEF-iň, BÝKM-niň, BSGG-niň we beýlekileriň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem olaryň gös-göni hyzmatdaşlary—ýurdumyzda amala aşyrýan bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň käbir pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri ýygnandylar. Duşuşyga Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, birnäçe halkara guramalaryň we düzümleriň wekilleri hem gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, UNDAF ulgamlaýyn maksatnama bolup, onda ykdysady we durmuş syýasatyny ösdürmek, saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlarda 2016-2020-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugarlary görkezildi. BMG-niň kabul eden Müňýyllygyň Ösüş maksatlaryna ýetmekde döwlete goldaw bermegi ugur edinýän bu resminama şol bir wagtyň özünde döwletleri ösdürmegiň milli maksatnamalary bilen şertlendirilen wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň barşynda 2016-2020-njy ýyllar üçin bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmak babatda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny gurşap alýan meseleler boýunça pikir alşyldy.

Maslahatda çykyş edenler netijeli gatnaşyklaryň has täsirli usulyny işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi barada aýdyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etdi, BMG-niň başlangyçlarynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de parahatçylygy we halkara howpsuzlygyny berkitmäge işjeň ýardam etmäge bolan islegini iş ýüzünde subut etdi diýip bellediler. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň düzümine girýän edaralaryň geljekde hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan öňdengörüjilikli özgertmelerini we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalary işjeň goldamaga taýýardygy beýan edildi.

Maslahata gatnaşyjylar ilatyň durmuş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, habar beriş we kommunikasiýalar tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, adam hukuklaryny goramak, gender deňligi, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň jemleri boýunça hasabatlar berildi. Olar durnuklylygy üpjün etmäge we jemgyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendigi üçin ýokary baha eýe boldular. Maslahata gatnaşyjylar UNDAF maksatnamasyny ähli ugurlary boýunça amala aşyrmagyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, adam ösüşiniň global indeksleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň görkezijileriniň seljermesini geçirdiler.

Maslahatyň barşynda milli ösüşiň şertlerini we aýratynlyklaryny nazara almak bilen Türkmenistanyň we BMG-niň geljekki hyzmatdaşlygynyň usulyny kämilleşdirmek maksadynda anyk maslahatlaryň we teklipleriň birnäçesi işlenip düzüldi. Seminaryň ahyrynda oňa ýygnananlar özara gatnaşyklaryň gazanylan derejesine ýokary baha berdiler hem-de onuň ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildiler.