Şu gün “Mizan” işewürlik merkezinde türkmen-belarus işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek, iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri girizildi . Maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy guradylar.
Düzümine döwlet edaralarynyň, Belarusuň Söwda-senagat edarasynyň sebit wekilhanalarynyň, iri kompaniýalarynyň, şeýle hem nebitgaz, energetika, gurluşyk pudaklary, saglygy goraýyş, bilim, ulag toplumlary, oba hojalygy we azyk senagaty üçin enjamlary çykarýan birnäçe kompaniýalaryň ýolbaşçylary giren belarus wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny has doly açyp görkezýär. Olaryň hatarynda “BelAZ” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Swetopribor” unitar kärhanasy, “Minskiý awtomobilnyý zawod” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Mogilýowskiý wagonostroitelnyý zawod” paýdarlar jemgyýeti, “Krasnyý pişewik” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Belgos pişeprom” konserni, “Mogoteks” paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler bar.
Türkmen tarapyndan ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşan maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty netijesinde türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda täze ösüşlere eýe bolandygy bellenildi.
Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Mogilýow oblastynyň ispolnitel komitetiniň başlygynyň orunbasary Wiktor Nekraşewiç belarus hyzmatdaşlarynyň türkmen döwleti bilen işewür we dostlukly aragatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gyzyklanýandygyny tassyklady.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmeler, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň hemme ugurlaryny öz içine alýan milli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada myhmanlara wideofilm görkezildi. Şeýle hem Belarus Respublikasynyň ykdysady ösüşiniň ugurlary barada gürrüň berýän wideotanyşdyryş geçirildi.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ösüşlere beslenen özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegiň hasabyna türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Häzirki tapgyrda ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, hemme pudaklara iň täze tehnologiýalary we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegine, hususy telekeçiligiň giňden goldalynmagyna esaslanýan ykdysady strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Görülýän anyk çäreleriň netijesinde Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşinde ýokary görkezijilere eýe bolup, dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýar. Bu bolsa abraýly halkara maliýe düzümleriniň bilermenleri tarapyndan ençeme gezek tassyklandy.
Soňky ýyllarda Belarus Respublikasy bilen daşary söwda aragatnaşyklarynyň oňyn tejribesi toplandy. Iki tarapyň senagat kuwwatynyň, şol sanda ugradylýan harytlaryň görnüşleriniň giňeldilmeginiň hasabyna mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen uly geljek açylýar. Şunda türkmen tarapy nebiti gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagatynyň, oba hojalyk, ýeňil senagat, dokma, haly we beýleki önümleri ibermäge taýýardyr.
Maşyn gurluşygy özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iň täze enjamlary, dürli görnüşli ulag serişdelerine ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek, şeýle hem demir ýol pudagynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak üçin buýurmalary ýerine ýetirmek babatda hyzmat etmek hakynda teklip aýdyldy. Ikitaraplaýyn özara hereketleriň esasy ulgamlarynyň hatarynda himiýa senagaty agzaldy. Bulardan başga-da, belarus wekiliýetiniň agzalary ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi nazarda tutulyp, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda ýokary tehnologiýalar ulgamy agzaldy. Şunda kärhanalaryň, ylmy-barlag we okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, pudagara derejesinde peýdaly gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin şertelri döretmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Şu günki duşuşygyň netijelerini jemläp, oňa gatnaşyjylar özara ynam we bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň depginli häsiýetini ýene-de bir gezek bellediler. Şeýle hem iki ýurduň ykdysady kuwwaty we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi barada netijeli pikir alyşmalar, duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirildi.