Ï Aşgabatda halkara energetika forumy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda halkara energetika forumy açyldy

view-icon 801
Şu gün türkmen paýtagtynda uly pudaýlaýyn forum – “Türkmenistanyň energetika senagtynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisi we maslahat öz işine başlady.

Däp boýunça sentýabryň ikinji şenbesinde bellenilýän hünär baýramçylygynyň – energetika senagatynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli Liderimiz tarapyndan uzak möhletleýin energetika strategiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde gazanylýan üstünlikleri beýan edýän her ýyldaky bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň örän uly kuwwatyny, ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini görkezmek hem-de şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde guralan nobatdaky ýöriteleşdirilen forumyň Türkmenistanyň Energetika ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralyp, oňa eksponentleriň 150-ä golaýy gatnaşýar. Foruma gatnaşýanlaryň – dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudaklaýyn döwlet düzümleriniň we hususy telekeçiligiň wekilleriniň sanynyň ýylsaýyn artmagy bu pudagyň ýokary depgin bilen ösdürilýändigine, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň işewür toparlarynyň özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus bolan içgin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Fransiýanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Gurmaniýanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Belarusyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň 80-ne golaý kompaniýalarynyň arasynda türkmen bazary üçin täze hyzmatdaşlaryň 50-ä golaýynyň bardygyny bellemek gerek, bulary ýurdumyzda uly möçberli maýa goýumly we energetika degişli taslamalary amala aşyrmak boýunça oňaýly mümkinçilikler içgin gyzyklandyrýar.

Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmenistan örän köp tebigy serişdelere eýe bolup, “açyk gapylar” syýasatyny işjeň ýagdaýda durmuşa geçirmek arkaly, dünýädäki hojalyk gatnaşyklaryny ynamly giňeldýär hem-de milli ykdysadyýetiň batly depgin bilen ösdürilýändigini görkezýär, elektroenergetika bolsa ileri tutulýan ugur diýlip hasaplanýar. Senagatyň bu möhüm ähmiýetli pudagyny yzygiderli ösdürmek arkaly, ýurdumyzyň senagatyny çalt depginde kämilleşdirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýyny haps-da ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin oňaýly şertler döredilýär.

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgüniň giň zallarynda dürli ugurlara degişli sergi guraldy, bu ýerde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär. Foruma gatnaşyjylary we myhmanlary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Serpaý” folklor-etnografiýa studiýasynyň artistleri aýdym-sazlar we tanslar bilen garşylaýarlar.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň, hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň wekilleri, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny aýratyn üns berip diňlediler. Şonda milli Liderimiz halkara forumyna gatnaşyjylary onuň açylyşy bilen tüýs ýürekden gutlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde energetika senagatynyň ösdürilmegi üçin hem ähli zerur şertleriň döredilendigini hem-de "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" we “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna” laýyklykda geljekde elektrik energiýasynyň öndürilişiniň düýpli artdyryljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz energetika senagatynda halkara ähmiýetli uly möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyna uly üns berilýändigini belläp, halkara sergisinde we maslahatynda Türkmenistanyň energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary we mümkinçilikleri barada maglumatlary almaga, şeýle hem täze, geljegi uly taslamalary hödürlemäge, pudakda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşmaga, ennergiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, energiýanyň täzelenýän çeşmelerini netijeli ulanmagyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga ýurdumyzyň kärhangalaryna we köp sanly daşary ýurt kompaniýalaryna özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilikleriň dörejekdigine ynam bildirdi.

Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda we Awaza milli syýahatçylyk zolagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy bilen, has kämil desgalaryň, ýagny täze gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň we elektrik energiýasyngy paýlaýjy podstansiýalaryň onlarçasynyň ulanmaga berilmegi, gatnaw ýollaryň ugrunda müňlerçe kilometrlik aralykda elektrik geçiriji täze liniýalaryň sekilmegi muňa aýdyň subutnama bolup biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda gurlan we kuwwatlylygy 149,2 megawatta barabar bolan ýene-de bir gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň açylmagy şu ýyldaky möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, bu uly möçberli taslama “Çalyk Holding” (Türkiýe) we “General Electrik” (ABŞ) kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyryldy. Şeýle hem bu kompaniýalara başga-da uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda türkmen paýtagtyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edýän aýlawly ulgamy döretmek ynanyldy.

Häzirki wagtda pudagyň kuwwatynyň birnäçe esse artmagy netijesinde, Türkmenistan öz içerki zerurlyklaryny dolulygyna üpjün etmek bilen çäklenmän, ýanaşyk döwletlere elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrýar. Häzirki wagtda elektrik energiýasy ep-esli möçberlerde Eýrana, Owganystana, şeýle hem Türkiýä ýetirilýär.

Häzirki wagtda amala aşyrylýan uly taslamalar energetiki kuwwatlyklaryň, podstansiýalaryň we transformatorly desgalaryň, paýlaýjy ulgamlaryň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de täze desgalaryň gurulmagyna, elektrik geçiriji liniýalaryň eksport üçin niýetlenen ugurlarynyň giňeldilmegine gönükdirilendir. Milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýa etmekde ýurdumyzyň kuwwatly, bitewi energetika ulgamyny döretmek möhüm ähmiýetli ugur bolup durýar, şunda dünýäde toplanan iň oňat tejribeden peýdalanmak we täze tehnologiýalary ulanmak ileri tutulýar.

Şu gün sergide “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Türkmenenergogurluşyk”, “Türkmenmaşyngurluşyk” konsernleriniň, “Türkmenenergogözegçiligiň”, “Aşgabatenergo”, “Türkmenenergoabatlaýyş” önümçilik birleşikleriniň, “Türkmenenergotaslama” we seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk boýunça ylmy-barlag institutlarynyň, şeýle hem Türkmen döwlet energetika institutynyň, pudaga degişli ministrlikleriň we edaralaryň birnäçesiniň diwarlyklarynda türkmen energetikasy boýunça gazanylan netijeler we geljekki mümkinçilikler bilen tanyşdyrylýar.

Hususy kärhanalaryň 50-den gowragy, şol sanda elektrik stansiýalaryny we podstansiýalaryny gurmak, elektrik geçiriji liniýalary çekmek, transformatorly desgalary goýmak, abatlaýyş we gurnamak we sazlamak – işe girizmek ýaly işlerde özlerini tanadan “Gurluşyk energo”, “Ýaş türkmenler”, “Miras”, “Çeper gurluşyk”, “Yrsgally ýurt”, “Salkyn tomus”, “Türkmenýyldyzy”, “Ülke”, “Kuwwat toplum” ýaly hususy kärhanalar, “Türkmenenergohyzmat”, “Halys”, “Weli ussat”, “Azatlyk”, “Kuwwatly energo hyzmat” hojalyk jemgyýetleri ýurdumyzda döwrebap energetika ulgamynyň döredilmegine önjeýli goşant goşýandyklaryny görkezýär.

Ýurdumyzda dünýäniň önüm öndürijileriniň ýokary hilli elektroenergetika enjamlarynyň we desgalaryň gös-göni getirilmegini, ekologiýa taýdan arassa tehnologik täzelikleriň ornaşdyrylmagyny ýola goýan kompaniýalar we hususy telekeçiler pudagyň döwrebaplaşdyrylan düzüminiň çalt depgin bilen döredilmegine degerli ýardam berýärler. Bularyň hatarynda köp ýyllaryň dowamynda işläp tejribe toplan “Ýaran”, “Ak ýoda” kompanýialaryny, “Aziýa energogurluşyk”, “Başarjaň binagär”, “Arassa tebigat”, “Eneks türkmen” atly hususy kärhanalary görkezmek bolar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň hususy telekeçileri köp sanly önüm öndürijileriň resmi wekilleri bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we şonuň netijesinde, biziň bazarymyzda getirilýän önümleriň we hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyply bolmagyna ýardam berýärler hem-de has oňaýly tehnologiýalary we innowasiýalary ýüze çykarýarlar.

Şeýle hem türkmen telekeçileri taslamalary we bulara degişli resminamalary düzmek, şeýle hem metrologik enjamlaryň we elektroenergetika barlaghanasynyň kömegi arkaly testirlemek ýaly işleri hem üstünlikli özleşdirýärler. Meselem, “Türkmen ýyldyzy” hojalyk jemgyýeti Farap etrabynda podstansiýangyň gurluşygyna, şeýle hem has berk goramak we uzak wagtlap ulanmak üçin, Türkmenistanda ilkinji gezek peýdalanylýan tehnologiýalar esasynda energiýa geçiriji liniýalary çekmek boýunça innowasiýon taslamalaryny hödürledi.

Sergi köşgüniň giň pawilonlarynda dünýäniň öňdebaryjy işläp taýýrlaýjylary we elektroenergetika enjamlaryny öndürijiler gurluşygyň ýokary ekologik standartlary, energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak hem-de bulary binagärlige degişli göwnejaý taslamalar bilen sazlaşykly utgaşdyrmak boýunça özleriniň gazananlaryny, toplumlaýyn çözgütlerini we nou-hauny görkezýärler. Ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän iri işewürlik düzümleri öz işleriniň gerimini has-da giňeltmegi niýet edinip, energetika, şol sanda desgalary gurmak we olary enjamlar bilen dolulygyna üpjün etmek boýunça hyzmatlary hödürleýärler. Bularyň hatarynda “Jeneral electric” (ABŞ), “Schneider electric”, “Alstom”(Fransiýa), “Çalik Enerji”, “Cotam Enterprayzis”, “Lotus”, “Best transformer”, “Ewropower Enerji”, “Metro”, “Hascelik kablo” (Türkiýe), “Sumitomo” (Ýaponiýa) kompaniýalary, Baltikanyň rus energetika kompaniýasynyň hyzmatdaşlarynyň topary, şeýle hem “Neotehnologiýa”, “Uralelektroşit”, “MežPromTeks” (Russiýa), TBEA (Hytaý), Minskiniň elektrotehniki zawody (Belarus) we başga-da köp sanly kärhanalar bar. Goňşy ýurtlaryň –Gazagystanyň we Özbegistanyň gazananlary hem giňişleýin görkezilýär.

Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň mejlisler zalynda Türkmenistanda energetika pudagynyň ösüşine bagyşlanan halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Onuň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, dünýäniň köp ýurtlaryndan bilermenler we seljeriş geçirýänler, menejerler we söwda wekilleri gatnaşdylar.

Tejribe alyşmakdan başga-da, bu maslahata içgin gyzyklanma bildirilmegini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagatynyň çalt depginde döwrebaplaşdyrylmagy, ýurdumyzda maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň döredilmegi bilen düşündirilýär. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň energetika degişli syýasatynda ýakyn onýyllyklarda ýurduň elektroenergetikasyny ösdürmekde ileri tutulýan ugurlarynyň hem-de döwletimiziň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy boýunça anyk ädimleriniň kesgitlenendigini bellediler.

Çykyşlarda häzirki wagtda pudagyň kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden üpjün etmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal görlüp-eşidilmedik işleriň amala aşyrylýandygyna, döwletiň öz çäginde we halkara täze kuwwatly elektrik energiýasyny geçirijileri çekmek, transformatorlary gurmak we durkuny täzelemek boýunça has täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektrik energiýasynyň ulanylýan möçberini awtomatiki usulda hasaba almak boýunça toplumlaýyn çözgütler babatda uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň amala aşyrylýandygyna üns çekildi. Alternatiw energetikany ösdürmek we fundamental ylmyň gazananlary esasynda kämil innowasion energetiki ulgamlary döretmek, has ygtybarly we uzak wagtlap ulanylýan täze, netijeli materiallary, enjamlary we tehnologiýalary döretmek we ornaşdyrmak, enjamlaryň, energetiki desgalaryň, dolandyryş ulgamlarynyň ýagdaýyny çuňňur we hemmetaraplaýyn anyklamak, audit we monitoring geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Şu we beýleki meseleleriň gyzykly ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylmagy gepleşige gatnaşýanlaryň maksadynyň birdigini tassyklap, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny kesgitlemäge hem-de bu hyzmatdaşlygyň täzeçe ösdürilmegine badalga bermäge mümkinçilik döretdi.

Ertir sergi we maslahat öz işini dowam eder.